Aýralyk...
Gyşyňam sowugy ýeterlik weli,
Has kyn eken kalba düşse sowuklyk.
Ikimiz hem boýun bolup baryna,
Ykbal beren bije bilen oňupdyk.
Hem doňupdy, dilimizde kän sözler
aýdylmady, nazarlarmyz düşnüşdi.
Men-ä öz ýoluma rowana boldum,
Dymdyň... garaz, onda seňkem düşnükli..
* * *
Ýok, ýeke goýmaýar ýekeje pursat,
Ýüregiňde bir bölejik ynamyň.
Göwnüňizi dag deý tutuň belentde,
Wysal bolar arzuwlara ynanyň!
Gussa salmaň, almaň göwne kinäni,
Bagtdan ýaňa ýaş aýlansyn, ýylgyryň!
Geçer, sabyr ediň, göreşip ýaşaň,
Hem garaşyň sylagyna ýyllaryň.
Gözel UMAROWA.
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.