Adalatly karar.
Bir gün möjek bilen eşek otuň reňki barasynda jedel edipdirler.Eşek otuň reňki sary diýse,möjek ýaşyl diýýän eken.Olar köp çekeleşipdirler.Bir karara gelip bilmänden soňra,meseläni çözmek üçin tokaý patyşasynyň ýanyna barypdyrlar.Sorag-jagap başlanypdyr.Ikisi hem özüniň delilini getiripdir.Höküm çykarylmaly wagt-da,hemme adalatly höküme garaşypdyr.Ýolbars höküme garaşýanlaryň umydyny puja çykaryp,möjegi bir aý tussaglyga höküm edipdir.Eşegi bigünä hasaplapdyr.
Möjek garşy çykypdyr:"Jenap,otuň reňki ýaşyl dälmidi?"
Ýolbars:"Hawa,ýaşyl-dy"diýip jogap beripdir.
Möjek:"Beýle bolsa,näme üçin meni tussaglyga höküm etdiňiz?Men ýalňyş jogap bermedim ahyryn!"diýip,ýolbarsa nägileligini bildiripdir.
Ýolbars:"Dogry,sen otuň reňki babatda ýalňyşmadyň,ýöne beýle meselede eşek bilen jedelleşip ýalňyşdyň.Mundan soňra saňa sapak bolmagy üçin,hem-de düşünmeýän bisowatlar bilen çekeleşmezligiň üçin, seni tussaglyga höküm etdim" diýipdir.