Käbir gürrüňler

Arasynda şu saýda girip "bäh, bu saýdam bar eken-ä" diýýärin. Kelleagyryk nikli agza bir makala açypdyr. Makala-da soňky döwürdäki bir üýtgeşme agzalypdyr. Şu mesele barada we ýene saýtda gozgalan 1-2 tema barada agzap geçmek isleýärin. 

Ilki başda saýdy ýapmak barada belläp geçeýin. Şuny başdan aýdaýyn: saýdyň açylanyna ýyllar geçen bolsa, içinde birtopar mowzuklar açylan bolsa, jedelli gürrüňler edilen bolsa, bu saýtda köp kişi dostlaşyp bir geçmişi bar bolsa, iň esasysam, saýdy täzeden ösdürmek, galkyndyrmak mümkinçiligi bar wagty ýapmaga synanyşmak, biderek karardan başga zat bolmaz. Saýtda jedelli, çekeleşikli, gyzykly mowzuklaryň açylmagy zerur we içindäki agzalaram biraz azap edip, beýleki ähli saýtlardaky kişilere şu saýdy maslahat bermeli. Bir ugrugaýsa ösüp gider. 

Ikinji agzap geçjek zadym, "aýal bolmak gowumy ýa-da erkek bolmak" atly sorag barada. 

Bu soragyň özi manysyzdyr sebäbi bir jyns bolan bolsa (bu mümkin zadam däl) adamzat nesli dowam etmezdi we döwrebap dünýämiz bar bolmazdy. Şeýle-de her iki jynsyýetde bar bolan pozitiw ýa-da negatiw aýratynlyklar, umuman ähli zatlar nesliň sazlaşykly dowam etmegi üçin tebigat tarapyndan kesgitlenen zatlardyr. Şol sebäpli iki jynsyýetde-de gowy we gowy däl zatlar bar bolmak bilen, haýsy jynsyň gowudygy ähmiýetsizdir. Aýal bolup doglan üçin aýal bolmak, erkek bolup doglan üçin erkek bolmak, jemläp aýtsak ynsan bolmak gowudyr. 

Üçünji gürrüňimiz bolsa, başda aýdyp geçen makalam barada. Dogrudanam soňky döwürde erkekleriň käbiri bärde toý edip, ýene täzeden daşary ýurda işlemäge (ýa-da okamaga) gidýär. Gitmesine gidýär welin, täze gelnini ýanyna alman gidýär. Käbiri bir aýlyk aýalynam bu ýerde goýup arkaýyn gidiberýär. Bu dogry. Soňra täze gelinem üns isleýär, biraz tolgunşyk isleýär, söýgi we mähir isleýär. Heniz toý edilenine kän wagt geçenok, "är" diýip ýören öküzimiz bolsa daşary ýurtda. Bu ýerde "ol işlemäge gitdi" diýmänkäňiz işem bolsa, ajalam bolsa täze alan gelniňi taşlap, üstesine 3-4 ýyllap gelmezligiň gelnini söýmeýändigini görkezýändigini bir pikirlen. Söýen adam görmek islär. Üç ýyllap gelmedik bolsa, arasynda telefonda 2-3 gezek jaňlaşan bolsa nikaň barada alada edip oturma, söýýändigiňem aýdyp oturma. Soňra gelinem ärini göresi geler, onuň bilen wagt geçirmek islär. Ýöne soň ýuwaş-ýuwaş söýgi azalyp başlar, ýagny söýgüleri ölmäge başlar. Erkine eýe çykyp bilmeýän käbir gelinlerem başga erkeklere gyzyklanma duýup başlamagy mümkin. Kelleagyryk agza-da "aýal organizmi tebigat kanuna boýun egmeli bolýar. Ol köpelmeli. Nesil öndermeli" diýip belläpdir. Bulam dogry. Ýöne bu onuň ikilik etmeginiň dogrudygyny aňladmaýar. Eger nikaly bolup, başga kişiler bilen birlikde bolsa (aýal erkek tapawudy ýok) bu ol kişiniň dünýäniň iň haramzada ynsanydygyny görkezýär. Söýgi dynan bolsa aýrylyş, onsaň näme etseň et. 

Umuman täze gelnini taşlap daşary ýurda gidýänlerem, daşary ýurda gideni üçin özüniň söýgi mätäçligini başga kişilerde gözleýänlerem akmak adamlardyr. 

3 лайков 112 просмотров
12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Massimus
22 ноя 2024, 18:12
Gowy pikirleriň bar, ýöne meniň pikirimçe diýip goşmagy ýatdan çykarypsyň. Sebäbi bu seniň şahsy garaýşyň. Her kimiň dünýägaraýşy, sosial ýagdaýy, maşgala bolan garaýşy dürlüçe. Şoň üçin bu ýerde akmak adamlar diýen jümläň artykmajrak görünýär

Onsoňam bärde är taşlap gidipdir diýip, diňe erkegi garalamagam nädogry. Giden bolsa aýalyndan maslahatly gidendir. Käbir aýallaryň özleri ärini gitmäge mejburlaýarlar (gödegräk gorseňiz yrýarlar diýip düşüniň).
Görýär, alty aý öň giden goňşusy ýa obadaşy jaýyny pylantüýsli edipdir. Onsoň bularam maslahat edýär. Atabaý ýa sen git ýa men gideýin. Onsoň ärmämmet alaçsyz aýalyny türklere ugradyp özi bärde gezip ýör nalajaedeýin diýdirmejek bolup özi gitmeli bolýar. Elbetde hemmesi beýle däldir, ýöne 100-de 100 är aýal maslahatly edilýär bu işler

Eger äri özi aýak diräp gitmekçi bolsa, aýalam narmalnyja gezip biljegine ynamy bolmasa, onda ärine dogry düşündirip alyp galyp bilýär diýip düşünýän menä

Kelleagyryň şo mowzugy ärini daşary ýurda ugradyp özi bärde namysyny saklap bilmedik aýallary aklamak üçin açylan mowzuga meňzeýär.
Bu pikirleriň baryny şo mowzuga däl-de şu mowzuga ýazanym üçin bagyşla, kelleagyra ýazanyň peýdasy ýok.
Bellik: Bularyň hemmesem şahsy pikirim.
Maksat
22 ноя 2024, 18:30
Durmushda sheyle bir cykgynsyz yagdaylar bolyan eken oz mashgalany cagalaryny terk edip bashka yurtda gazanc etmeli bolyan
Seneca
Автор 22 ноя 2024, 20:42
Massimus, Meniň ýazýan zadym meniň pikirimdir. Şeýle-de, heniz bir aý geçmänkä gelnini taşlap 3-4 ýyllyk daşary ýurda gidýänlerem akmak adamlardyr. "Dünýägaraýşy tapawutly" argumentini mysal alsak, netijede ganhorlaryňam özboluşly dünýägaraýşy bar.
Massimus
23 ноя 2024, 01:50
Edil özümä şu gazanç üçin ýyly ojagyny taşlap gidilmeginde hiç hili erbetlik göremok. Her kimiňem özüniň arzuwlary, maksatlary bolýar. Hemmede baý maşgalada dogulmadyk ýada işi ugrugan biznesmen däl.Hiç kimem mesligine çydaman gidýän däldir, ýene-de şu hojalyk, gün güzeran üçindir.
Yzynda galan gelinleriň hemmesem menem janly organizm bahanasy bilen bular ýaly işlere baş goşanok. Ola 3 ýyl eken 7 ýyllap ärini görmedikler bar, gepi, sözi çykaýanok.
Senejaň pikirine goşulýan, çydamasalar aýrylşaýmaly.
Edil öýlenip ýaňy 1 ýylam bolmanka gidýänlere özümem haýran gelensoň öýlenäýmeli, garaz biriniň kararyny garalamak üçin ilki şoň durmuşynda ýaşap görmeli diýýärä...
Dowsypat
23 ноя 2024, 19:56
Täze gelnini taşlap kimiň gidesi gelýändir öýdýäň daşary ýurda.Toýuň bergisinden çykmak üçin gidýän bolsa nä bilýäň?!
Seneca
Автор 23 ноя 2024, 20:16
Dowsypat., Gidesi gelmän gitmäge synanyşmak ýerine, gelnini alyp gitmäge ýa-da bu ýerde bir iş tapmaga synanyşsa gowy bolar.
Dowsypat
23 ноя 2024, 22:05
Aýal ucin iki yol bar:
1.Äri hemişe ýanynda bolýar.Ýöne, ýeter-ýetmezçilige,ýokçulyga razy bolýar.Äri tapsada,tapmasada, baryna-ýoguna kanagat edip ýaşaýar.
2.Ärini ugradýar.Äri ýanynda bolmaýar.Ýöne,äriniň ugradýar pullarynyň hasabyna il hatary ýaly ýaşamaga mümkinçiligi bolýar.
Äri bilen gelniň bile gitmegi,bu indi eli ýukarak maşgalalar üçin biraz kyn mesele.
Гость
24 ноя 2024, 11:51
"gelninini alyp gitmeli eken" - diýipsiň. Seret, indi bir zada düşünjek bolalyň şu ýerde. Daşary ýurtlular näme üçin migrantlary işledýä?- sebäbi arzan işçi. Daşary ýurdyň migrantlara töleýän aýlygy bilen ol ýerde bir maşgala bolup ýaşap, gün görmek şu ýerdäkidenem kyn gaýtam. Tapanyňy iýip geçirjek bolsaň gitmäniňde nätýä? O ýere gidilýäniniň sebäbi beýlesine bir-iki manat pul zyňmak, çagalarynyň, özleriniň gelejegi üçin serişde toplamak. Gidýänleň pikiri :-" ik-üç ýyl kösenenim gowy bütin ömür ýetdim-ýykyldymda ýaşanymdan". Şu pikiri menä doly goldaýan. Onsoňam ýene bir bellemeli zat, menemä il içinde ýaşaýan, görýän eşidýän. Ýöne, öýlenenine azyndan bir ýyl bolmanka gidip galan maşgala gabat gelmedim, eştmedim.
Garaz, maşgalaňy ýanyň bilen alyp gitmek pikiri düýbünden ýalňyş pikir. Şonuň ýalňyş pikirdigi üçinem alyp gidenoklar. Migrantlan şol ýerde gazanýan puly bilen ýerli halkyň gazanýan pulunyň tapawudy 6-8 esse. Kwartira tölegi bilen iýip-içjegin üçin işläýmeseň ýanyna aýalyňam alyp gitseň. Diňe şolar üçin işlemeli boljak bolsaňam gitmäňdr nädýä?

Şu ýerde tapýan puluňa (garamaýak halkyň tapýany boýunça) ortaça jaý salmak üçin azyndan 10 ýyl gerek. Şonça wagtda-da diňe ortaça jaý salyp bilýäň. Şoňa-da 10ýyl ömrüň gidýä. Adam ömri beter uzagam däl. Diňe jaý salanyň bilenem bolanok durmuşda. Oňa çenli çagalaryň ýetişýä, olaryňam ugruna çykmaly. Ine şu problemalary dadary ýurda çykyp 2-3ýyl işläp gelip çözüp bolýa. Hälem şu hallyň bagtyna türke, orsa geçmek aňsadyrak. Olaram ýewropa, Amerika ýaly geçmesi kyn bolsa dagy gedaý torbaly köçe-köçe aýlanyp ýören adamdan dolardy (Alla görkezmesin)
Seneca
Автор 24 ноя 2024, 12:17
Гость, Gaty bärden pikir ýöredýäň. Eger ýigit "men 4-5 ýyl işläp, ilki bir zatlar gazanaýyn" diýýän bolsa, muny öýlenmän edip, soň öýlense has rasional karar bolar. Hem durmuşa bir dereje öňde başlarlar, hem-de biderek wagt ýitirmezler.

Ýewropanyň immigrantlara talap bildirmeginiň esasy sebäbi, ýerli halkdan az paýa işleýändikleri üçin däl, Ýewropada işçi ýetmeýändigi üçin alýarlar. Sebäbi Ýewropada köp ugurda işçi ýetenok, bularyňam biri gurluşyk. Mysal üçin daşary ýurtlardan baran immigrantlar sürüji bolup 3500€ alýarka, lukmanlary 5000-6000€ alýar. Şol sebäpli geçen aýda lukmanlary närazylyk bildirdi "biz şunça wagt biderek okadykmy?" diýip. Hol günjek habarda görkezip durdy, Germaniýa ýene-de 2 milliona golaý işçi almak üçin, immigrantlaryň ýurda gelmegini aňsatlaşdyrmak isleýär.

Şol sebäpli diňe aýalyň däl, tutuş maşgalaň bilen gideňde-de gaty gowy we rahat ýaşap bolýar. Galyberse-de aýal maşgalalar üçinem iş tapmak beýle bir kyn mesele däl. Daşary ýurda geçildimi iş tapylar. Eger bularyň hemmesini bir gyra goýsagam, äri çynyny etse 2-3 aýlygy bilen aňsatjak aýalynyň gelmegini sazlap bilýär. Hatda muny edenlerem bar. Muňa garamazdan 3-4 ýyllap täze gelnini görmäge gelmeýän bolsa, aýyplaşma ol "äriniň" meselesi.
Maksat
24 ноя 2024, 13:23
Hic yerdede ansat ish yok pul agacda osenok , amerikada ishleyan her gun 12 sagat kawagt ne gorun baride git oyune diydiryar
Dowsypat
24 ноя 2024, 18:12
Hemmesinede yokary bilimli,professional immigrantlar gerek.Diňe orta bilimi barlara isleg pes.
Dowsypat
26 ноя 2024, 11:22
Aýal-gyzlaryň bu gidip baryşy bilen, 5-10 ýyldan bizde-de "ahlak polisiýasyny" döretmeli boljak öýdän.