Islenende görmek isleýänlerimiz
Köpümizde adatça, bir ynsana ýa-da närsä bolan negatiw garaýşymyzy beýan edip pozitiw garaýşymyzy özümizde galdyrmak gylygymyz bar.Bu gün şol gylygymyzy ýeñmegimizi isleýärin.
Düýn Islenen.ru saýtynda görmek islemeýän mowzuklarymyzy sanapdyk.Geliñ,bu gün bu saýtda görmek isleýän mowzuklarymyzy sanalyñ şeýle hem şol pisintdäki mowzuklary açan agzalaryñ "Berekellasyny" ýetireliñ.
1.Kämil ýazyjy-şahyrlarymyzyñ galamyndan çykan goşgulardyr,oýlanmalar,edebi söhbetler.Beýle mowzuklary esasan Pegas,Nirvana,Elif,Humaýun,Leýli,Miss minnosh,Ogulşirin Bayramowa,Biohimik,Hiayres ýaly agzalar paýlaşýarlar.Ýeri gelende aýtsam,saýtdan giden Elif agzanyñ goýan mowzuklaryny göçürip alyp,özüme baý elektron arhiw döredinipdim.
2.Terbiýeleýji mowzuklar.Bu mowzuklary esasan Şahruh han agzanyñ açmagynda okamaga öwrenişipdiris.Şahruh hanyñ baý durmuş tejribesini bu saýtda okamak bilen ynsanlaryñ dürlüçe wakalarda özlerini neneñsi alyp barýandygyny öwrenýäris.
3.Agzalaryñ özlerini gyzyklandyrýan mesele hakynda sorag-jogap alyşmak maksady bilen açýan mowzuklary.Meselem:Felicita agzanyñ "Görmän söýmek mümkinmi?" mowzugy ýa-da Ötegçi agzanyñ "Durmuş gurmak"atly mowzugy.Şeýle mowzuklaryñ üsti bilen agzalar özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap tapýarlar,pikir alyşýarlar,ikitaraplaýyn hormaty saklap,çekişmä girýärler.
4.Agzalara anketa görnûşindäki soraglar toplumy bilen ýüzlenýän mowzuklar.Meselem:Ejegyz agzanyñ açýan "Güýmenje"mowzuklary.Soñ Musulmanka agzadan hem okapdyk.
Bu mowzuklaryñ üsti bilen öz durmuşymyza ser salýarys,pikirlenýäris,göz öñüne getirýäris,kä ýerde soraga jogap berjek bolup ýatkeşligimize agram salýarys.Garaz,bu mowzugyñ üsti bilen agzalaryñ üns,hyýal,pikirlenme,ýat ýaly psihiki prosesleri oýanýar we ösmek bilen bolýar.
5.Haýsydyr bir agza gönükdirilen tankydy mowzuklar.
Psihologiýa mugallymymyñ meşhur sözüdir:"Gapma-garşylyk bolmasa,ösüş bolmaz".
Saýtda tankytlaýan kişisine medeniýet çarçuwasynda hormatyny saklap edilen tankyt iki tarapyñ hem peýdasynadyr.Tankytlaýan kişi gypynç-çekinçsiz tankytlanýanyñ ýüzüne ýaramaz-gylyk häsiýetlerini aýtmakda görelde görkezer,tankytlanýan bolsa özüne başga bir ynsanyñ nukdaýnazaryndan garap,baha berer.Muña edil şu gün Musulmanka agzanyñ Çiçek agzany tankytlap açan mowzugy mysal bolup biler.
6.Agzalaryñ haýsydyr bir meselede kömek sorap açýan mowzuklary.Meselem şu saýtda Nirvana,Hiayres ýaly agzalaryñ kitap sorap açan mowzuklary.Şeýle mowzuklaryñ üsti bilen agzalaryñ arasynda agzybirlik,dost-doganlyk ýaly asylly gylyk-häsiýetler terbiýelenýär.
Ine,agzalar saýtda meniñ göwnümden turýan mowzuklar şu zeýilli mowzuklar.Şeýle mowzuklary açýan agzalaryñ şu mowzukda agzalan-agzalmadyk ählisine tüýs ýürekden"Berekella"diýýärin.Olardan ýene-de şeýle mowzuklara garaşýarys.
Mundan daşary siziñem görmegi isleýän mowzuklaryñyz bar bolsa aýdyp bilersiñiz.Garşy çykýan ýerleriñizem aýdyñ.Elkyssa,Belki gyz sözüni tamam etdi.:) Söz sizden.
Hormatlamak bilen @Belki.
27 комментариев