"Her gün bäş agza"

Liwerpul agamyň goldawy boýunça ikinji gezek açýan şu mowzugy, indi halasaňyz -halamasaňyz @Nairobi agza aýtmyşlaýyn "Mne poh" burun
Her mowzugymda bäş agzanyň adyny agzaýan, siz şol agzalaryň ýazýan teswirleri , özüni alyp barşy boýunça häsiýetnama ýazýaňyz. Düşünen bolsaňyz ilki bilen , Edebiýatçylardan başlaýyn:
@Belki
@Pegas
@Elif
@Hiayres
@Nirvana
22 лайков 870 просмотров
87комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Liwerpul_fc
10 фев 2022, 11:46
Her günem dowam etdir,halan halar, halamadyk halamaz.

Pikirlerimi obede çikamda ýazaryn (ýaňy azap edip ýazypdymda urya )
Ejegyz.
Автор 10 фев 2022, 11:48
Liwerpul_fc,
Bolýa arbuz


boks
Ogulşirin Bayramowa
10 фев 2022, 11:52
Nädip ýazmaly?
Ejegyz.
Автор 10 фев 2022, 11:58
Ogulşirin_Bayramowa,
Meň ýazan teswirim bar-a ?!
Şoň aşagyndaky "jogap" düwmä basyň.
Soň awtomatiçeski teswir ýazylýan ýere geçýär, ana şondan soň arkaýyn ýazybermeli.
Mechta
10 фев 2022, 12:09
aynekli menem okayyn yazylanlary
myhman
10 фев 2022, 12:33
Like
Ejegyz.
Автор 10 фев 2022, 12:34
myhman,
Ýokardaky agzalar hakynda teswir ýazyň !
myhman
10 фев 2022, 12:49
Ejegyz biri birinden gowy, dünýägaraýyşlary giň, akylly agzalar. Garaz men şu agzalara at dakyp biljek däl öw diýseň ýene biraz öweýin welin.
GuljemilE
10 фев 2022, 12:53
Name yazmaly
Liwerpul_fc
10 фев 2022, 12:54
@Belki
+ Düşünjesi gowy,degişgen,edebiýatdan dagy eýle-beýläni "ters oturtjak"
- Entegä anyklap bolanok
@Pegas
+ Düşünjesi güýçli,dünýägaraýşy giň,öz işiniň spesialisti
- Wirtualda anonimligi saklanok,beter otkrowennyý
@Elif
+ Gowja zatlar paýlaşýa, edebiýatdan "ýüki ýetik" öýdýän.
-temalaryna kommentariýany ýapyp goýýar
@Hiayres
+ Akylly agza meňzeýä,edebiýatdan daşgary beýleki temalardaky pikirlerem gowy
- Doly tanamok, indi biläýmesem. Şu wagta gowy ýaly :)
@Nirwana
+Hemmetaraplaýyn super. Gowy diňleýji we maslahatçy
-Saýta az gelýä
LIDER
10 фев 2022, 12:54
Tanamadyk baamy
Belki
10 фев 2022, 13:18
Pegas - çözülmedik matal.Bir görseñ hemmäni halaýan ýaly,bir görseñ hiç kimi halamaýan ýaly.Elbetde super şahyr.
Elif - açylmadyk materik :)))
Belki,bir gün haýsydyr bir "Hristofor Kolumbyñ" saýasynda bileris kimdigini,gylyklaryny.Gowy okyjy.
Hiayres - çendenaşa ýañsylaýjy,hemme duýgulara-düşünjelere kesgitleme sorap bir çarçuwa sygdyrmak isleýän kişi.Gowy okyjy.Täsin tankytçy.(Hatda,özem bir zatlar ýazyp bukup goýýarmyka diýýän)
Nirvana - (jana-janymy iñ soñuna goýupsyñ) :)) çendenaşa duýguçyl,gussaçyl,romantizme aşyk,oñat okyjy,gowy ýazar.
(şu günler kän habarlaşasym gelýär welin imo bar mgbtyñy iýýär-dä.Ýogsam,"Gep bar"diýip motiwasiýa-da edipdi meni :)))
Hiayres
10 фев 2022, 13:21
*Pegas: Sözüň agramyny bilýän, ýiti sözli, gowy şahyr.
*Belki: Romantik, lirik, dünýäni söýgüniň halas etjegine ynanýan we şol hakda ajaýyp goşgulary düzýän, teswirlerde aljak, degişgen şahyr gyz.
*Nirvana: Sosiolog, hemme sosiologlara mahsus bolşy ýaly döwrüň ünjelli temalary we adam psihologiýasy bilen içgin gyzyklanýan, medenýetli, kömege taýyn, edebiýatsöýer gyz.
*Elif: Bilim gorumyzy artdyrmak üçin oňat mowzuklary paýlaşýar diýäýmeseň, känbir maglumat ýok. :(
*Hiaýres: Iň kyny özüňe häsiýetnama bermek eken. "Daşyndan gowy görünýändirle" diýip goýaýmasam.))
doctor
10 фев 2022, 13:29
Pegas-gowy shahyr emma gamgyn goshgulary kan yazya.
Belki------ ana shuna osz yokwah bulam mana yok diyya aglaya
Elif-seçretni girl shu teswir goymaldal dine goyyanyny okamaly yone gyzykly zat goyya tuweleme
Hiayres- tanamayan shu agzany emma taryhdan super bilyan eken shona bildim men sagbolun
Nirwana- bu uyam we menin ylham çeshmamdir in uly hormatym ilkinji shuna shlyapa
Belki
10 фев 2022, 13:31
Hiayres,"teswirlerde aljak" dagam teswirlerde alýanymy bilýän :))))
(harp ýalñyşydygyna düşündim)
Hiayres
10 фев 2022, 13:37
Цитата: Belki
Hiayres,"teswirlerde aljak" dagam teswirlerde alýanymy bilýän :))))
(harp ýalñyşydygyna düşündim)


Ýaltalygyň etdirýän zady jora...Düşünäýsene ?
GulTac Mugallym
10 фев 2022, 13:46
Men adym tutulmandyr minnetdar Hormatynyza
Ejegyz.
Автор 10 фев 2022, 13:48
Blesk,
hihi Seň hormatyň uludyr Gültäç mugallym !
Mowzugyň ady " Her gün bäş agza "
Indikilerde senem goýaryn
Belki
10 фев 2022, 14:00
Blesk,dogrusy men Gültäç mollum hakda pikrimi aýtmak üçin sabyrsyzlanýaryn.
doctor
10 фев 2022, 14:00
Ejegyz,
jigim alyp.site hacan acylarka ha
doctor
10 фев 2022, 14:02
Цитата: Belki
Blesk,dogrusy men Gültäç mollum hakda pikrimi aýtmak üçin sabyrsyzlanýaryn.

menem sheyle shuwagta Ejegyz acayda yene hergun dal her sagatdan acsana
Ejegyz.
Автор 10 фев 2022, 14:04
doctor,
Abaddon aga kemçiliklerini düzetsem açjak diýdi saýty,
Ýoo indi yza ýol ýok, bir sözüňde durmagy başarmaly "Her gün bäş agza" goshgy
doctor
10 фев 2022, 14:09
Ejegyz,
wah sho soz bermeldalda ana menem indi fewralda birine jorap aljak didim 50 mun cykaryp gidip gorip almalyla huf hihi
Leyli Amanowa
10 фев 2022, 14:12
Ufff yazmaga yaltanyana :(
Telwas
10 фев 2022, 14:13
Pegas- alaýaz. Şemal ýaly öwsüp dur. Aralarda göwnüňi galkyndyrýan, täzeje şatlykly goşgularam ýazyp başlady welin, ýene öňkije heňine dolanyp gelene meňzeýär. Belki-ň aýdyşy ýaly, tapmaça. Jogabyny tapjak bolsaň, meseläni özi çylşyrymlaşdyrýar. Ýazýan goşgylaryny uly höwes bilen okaýan. Tüweleme, gowy ýazýar. Medeniýetli, giň dünýägaraýyşly şahsyýet.
Belki- Akylly, terbiýeli, edepli, açykgöwünli, sadaja, mährem gyz. Sözler içinden gelşi ýaly, çekinmeden, sözlerine bezeg bermeden beýan edýär. Ýazýan teswirlerinden çen tutsak, degişgenje, alçajyk gyz. Hasam men Belki däl-de, belkiň arkasyndaky şahsyýetini söýýän. Onuň galamyndan, ýüreginden çykan setirleri söýýän. Özüni alyp barşy ýerlikli, edepli. Garaz, bir Türkmen gyzy nähili bolmaly bolsa, şu gyz şolar ýaly. ( Türkmenistana baraýyn, jaňlaşarys seň bilen)
Elif- Bu gyz barada kän pikirim, garaýşym ýok. Özüni tanamok. Teswirlerinden çen tutsak, öz-özi bilen gürleşmegi gowy görýän, özboluşly, sada dünýäsi bara meňzeýär. Edebiýaty söýýändigi belli. Näme diýsemem, şu gyza meni halanok. Sebäbinem bilýän öýdýän… :)
Hiayres- Ine, bu ýigidiň düşünjesini gowy görýän. Özüni tertipli alyp barýar. Temalarda göwne degişmän, sylanşykly, medeniýetli diskussiýa edýär. Pikirlerini giňişleýin, açyk beýan edýär. Edebiýat söýüji, kitaphon. Göwnaçyk, akylly oglan.
Leyli Amanowa
10 фев 2022, 14:15
Senem meň sözlerimi sitata edip ulanyp yadamadyňay kiz cilimkesh
Ejegyz.
Автор 10 фев 2022, 14:31
Nirvana,
Näme diýsemem, şu gyza meni halanok. Sebäbinem bilýän öýdýän… :)


hihi Halaman geçsin-le gy :)
Ejegyz.
Автор 10 фев 2022, 14:31
Nairobi,
hihi
Leyli Amanowa
10 фев 2022, 14:34
@Pegas - jorkam :D Pessimist goşguly ajayyp şahyr arasynda şo bir sinonimdeş sözleri goşgusynyň birki bendinde gaytalap bulaşdyryan wagtlary bar diymeseň gowy oglan şy. Iliň hakyny iyjek gumany yok şunsyny halayan. Käwagty adamlaryň duygularyndan peydalanyp manipulatsiya edyär diyen pikir döreyär mende. Öljek bolsa-da gulup yylgyryp biljek mertdir diyip oylayan. Garaz birki yazykdan är ölmez basywer
@ Belkişka - goşgylaryň hemmä duşunikli sada yaly görunse-de ajayyp duygylary döredyär adamda. Degişyäň bu gowy zat. Özuňi söyeňok ya-ha meni aldayaň dogryňy aydan bolsaňam bu gowy zat däl. Bir sapar meni "Dunyägarayşy pes" hasapladyň yöne o wagta çenli sen haysy agzaň nähilidigini bilip yetişen derejä baransyň. Yerliksiz yere gaharyňy menden çykardyň. Şu yerde köp zady seryozny jogaplamayanymy duşunensiňä
@Elif - edebiyata aşyk özdiyenli gyz. Duşunmek kyn bolmajak zada "jan" edyär. Aslynda boldurubam bolya welin onam edenok. Niyeti nämälim. Ozuniň kimligini subut edip bilenok. Aslynda seň kimligiň meni gyzyklandyranok. Niyetiňe yetjek bolsaň özuňi tanat nädip etjekdigiňem aydypdym özuňe
@Hiayres- nigiň dagy näteňet gy? Hemmäni yaňsylap yörensiň özuň hi:l bir adam yaly. Bagyşla welin hemme agza sen yaly genialnyy bolup bilenok. Öz pikirini we duşunjesini aytmaga haky bar welin senem sözuňi owadanlap ustunden gulyäň. Bilimiňe hormat goyyan
@Nirwana- adamlaryň içini rahatlandyryaň
#B.S
10 фев 2022, 14:38
Gysgaça hemmesem gowy agza hihi