Edebiýat
INDI EJEM MANA DEREK SAÝLAYAR
17-04-2023, 19:50
Авторизуйтесь или зарегистрируйтесь, чтобы оценивать материалы, создавать записи и писать комментарии.
АвторизоватьсяMaňa bir ýerlerde ejem garaşýar
Çagalyk köwüşlerimi zyňmana dözmän
Men bolsa ýat ýerlerde sergezdan
Tapjak bolup ýörn göwnüni özgäň
Maňa bir ýerlerde ejem garaşýar
Ýatlap şol gün gulluga diýip gaýdanym
A men bolsa unutdym onuň sesinem
Diňläp şamy dünýäň aýdym aýdyşyn
Indi ýüzüm ýokdyr yza gaýdara
Gaýdansoň ýollar çolaşýan eken
Nirde bolsa-da niçik bolsa-da
Ejem maňa garaşýan eken
Dynman geçdi ömrümiň ýagmyry ýeli
Ýene öňde näçe güneş daňlar bar
Emma maňa bir zat berýär teselli
Maňa bir ýerlerde ejem garaşýar
17.10.2024ý
17-04-2023, 19:50
7-08-2021, 10:34
10-03-2023, 15:47
14-09-2022, 18:44
29-04-2022, 00:15
Комментариев нет