INDI EJEM MANA DEREK SAÝLAYAR

Indi ejem maña derek saýlaýar
(Degişme goşgy)

Plan daýzañ gyzy gowa meñzeýär,
Alaý şony diýip bir gan aglaýar.
Wah, gowydyr ýöne ýüzin bezeýär,
Bolýar şol diýp maña derek saýlaýar.

Goñşyñ gyzy nurly melekler hüýri,
Dogry, biraz uzyn, kellesi süýri,
Zat diýmesem guda gitjegiñ biri,
Indi ejem, maña derek saýlaýar.

Kursdaşyñ bar dür dökülýär elinden,
Hawa ejem köp tutdylar elinden,
Daş edsin diý olar ýaly gelinden,
Geljegimi maña derek saýlaýar.

Işdeşim gyzy bar şirin sözlerde,
Gorap saklaýarlar özge gözlerden,
Ol-a ejem gepçi Google gözlegde,
Neçün beýle maña derek saýlaýañ?!

Bilýän agtyk süýji, çäksiz bagtdyr,
Nesip bolsa geljek nesil daragtdyr,
Ejemjan gyssanma maña wagt ber,
Diýsem-de ol maña derek saýlaýar.

Jemşit Hajymämmedow
1 лайков 152 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
С.А.Б.
17 апр 2023, 20:47
Gowy goşgy eken ?
Belki
17 апр 2023, 21:57
Işdeşim gyzy bar şirin sözlerde,
Gorap saklaýarlar özge gözlerden,
Ol-a ejem gepçi Google gözlegde,
Neçün beýle maña derek saýlaýañ?!

Gepçi gyzlaram birine durmuşa çykmalydyr-a ))
Massimus
17 апр 2023, 23:46
Mümkin,
Gepçi gyzlaram birine durmuşa çykmalydyr-a ))

Goşgudan-a şu bäş sözem manylyrak ýaly)