Toýda okalmadyk goşgy

TOÝDA OKALMADYK GOŞGY

Ýaşlygyň çygryndan çykypsyň, dostum,
Hyýal däl, gazaply hakykat bary.
Indi saňa degjek gümany ýokdur
Gyş pasly gyzlaryň atyşýan gary.

Gözel gyzlardan uýalyp
Üýtgemez gadamyň,
Ýüregiň urşy.
Indi seni humaý gözler ugradyp,
Jadyly nazarlar alaýmaz garşy.

Indi öz-özüňden gülüp ýörmersiň,
Dökmersiň gijeler didäniň ýaşyn.
Aýa bakyp ýar jemalyn görmersiň,
Ýere bakyp eştmersiň ýar sedasyn.

Işden çykyp ýumlugarsyň öýüňe,
Külbäňe çekersiň tapan zadyňy.
Dünýä bir jadyly gyza öwrüle,
Dik boýnuňa geýdirendir hamydy.

Nobatguly REJEPOW
12 лайков 242 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Soho
17 апр 2023, 20:43
gaty gowy eken:ay, sagja bol yetirenine
Harmony
18 апр 2023, 00:51
Soňundan ökünjek işiňi barlajagam bolmaly däl, wurreýlik bardyr öýdüp. Raz už başyňy goşduňmam, mert bolmaly. Zeýrenmek zenanlara ýaraşýar. Ýa-da başyňy alyp ötä gitmeli. Gideňokmy, diýmek, bir zat saklaýandyr. Esasyň, plýusyň bardyr saklanmaga.
Garraňsoň ýigitsiräsiň gelmek.. eeh..
Ýöne ony diýseň ýaşy esli bolup ýaş gyz ýaly bezenip ýören uly aýallaram bar.
Jeksparro
18 апр 2023, 07:43
Gowy goşgy...
Margarita
18 апр 2023, 13:51
Işden çykyp ýumlugarsyň öýüňe,
Külbäňe çekersiň tapan zadyňy.

Şundan beter bagt nirede bar?! :)