Giñ bolsana yüregim

Näme beyle howsalaly urýarsyñ
Giñ bolsana, giñ bolsana yüregim
Sähel zada kine gözläp durýarsyñ
Giñ bolsana,giñ bolsana yüregim.

Hamala öñ kyny görmedik ýaly
Külterli ýollardan yörmedik ýaly
Entekler öçmänka ömrümiñ saly
Giñ bolsana,giñ bolsana yüregim

Süýji günleriñi örtse-de ajy
Gussasyn ýeñeniñ artykdyr pajy
Geler a:hyr garaşdyran gelnaljy
Giñ bolsana,giñ bolsana yüregim

Synlap ir säherde günüñ dogşuny
Tebigatyñ gülden çemen bogşuny
Kadasyndan üýtgetme-de urşuñy
Giñ bolsana,giñ bolsana yüregim.

Şu wagt howsalanyñ derkary näme?
Durmuş agyr düşer gussasy käne.
Sebäp ýetik şatlanmana,gülmäne
Giñ bolsana,giñ bolsana yüregim.
Awtor:Nurekowa Gülnäz
4 лайков 175 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Гость
18 апр 2023, 00:19
Giç gelen bagt gowy bolýamyş )
Gulnaz Nurekowa
Автор 18 апр 2023, 00:32
Гость,
?
Baýram
18 апр 2023, 01:26
Bu goşgy-da hem meñzeş setirler bar men-ä näme diýjegimi bilemok indi saña, milisä beräýmesem indi seni)))
Gulnaz Nurekowa
Автор 18 апр 2023, 01:28
Tamiz,
Nameee?
Baýram
18 апр 2023, 01:59
G.Nurekowa,
Baýram men
Baýram
18 апр 2023, 02:20
Ýalñyş ýazypdyryn bagyşlañ!!!
Massimus
18 апр 2023, 05:56
Bize giň bol, sabyrly bol diýdiler,
Giňäp, giňäp halys waragmyz çykdy.

Ş.Nurmyradow.

Ylhamyňyza berekella, döredijiligiňize üstünlik, pikirlenişiňizi haladym, ýüregiňem kän zastawit etme, goşgyňyzyň plýus tarapy ýat tutmaga aňsat eken.
Gulnaz Nurekowa
Автор 18 апр 2023, 08:09
Massimus,
Minnetdar sag boluñ