Aýal dogan!

(Ýigidiň durmuşa çykan doganyna ýüzlenmesi)

Öýümiz galdy çolaryp,
Gelsene, aýal dogan!
Gussalarmyň göwnüne
Degsene, aýal dogan!

Gelin gülüdir öýnüň,
Solmasyn bahar ömrüň.
Çagalygmyzdan gürrüň
Bersene, aýal dogan!

Gadyr giýew-gaýynda,
Tut sarpasyn gaýymja.
Ömrüň aňzak garynda
Gülsene, aýal dogan!

Ýok bolsa, sözleň dady,
Göwne alma bar zady.
Şat günleriň şaýady
Bolsana, aýal dogan!

Ýylgyr, ýyllar agysyn
taşlap, köňül baýasyn!
Şygrymyň pes manysyn
Orsana, aýal dogan!

2023.01.

Nury SAKÇY
3 лайков 2 561 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
27 янв 2023, 00:29
Giýewe: ,,Sabyr eýle!''
Diýsene, aýal dogan!

Erkek oglanyň aýal doganyna beýle sözleri diýmegi gelşiksiz. Giýew barada-ha has hem. Umuman, goşgy türkmençilige bap gelenok eken.
Ajaŷyp
Ajaŷyp
27 янв 2023, 00:46
Pegas,
Orslaŝandyr bu oglan)
Nury
Автор 27 янв 2023, 21:15
Pegas,
Ajaŷyp,
Boljakmy indi?
Ajaŷyp
Ajaŷyp
27 янв 2023, 23:22
Nury Sakçy,
Haysy bendi name diyip uytgetdin
Nury
Автор 28 янв 2023, 05:01
Ajaŷyp,
Üýtgeden ýerim-ä ýok, bir bendini aýyrdym, başga niresini üýtgetmelikä?
Ajaŷyp
Ajaŷyp
28 янв 2023, 22:42
Nury Sakçy,
Bolly shol