Sizde-de şeýlemi?!

Türkmen öz kakasynyň kakasyna ata diýer. Kakasyna kaka, däde diýer. Ejesine eje diýer. Türkmen öz çagasyna ogul diýer. Oglunyň çagasyna agtyk diýer. Agtygynyň çagasyna çowluk diýer. Çowlugynyň çagasyna ýuwluk diýer. Ýuwlugynyň çagasyna gowluk diýer. Gowlugynyň çagasyna ýatlyk diýer. Türkmen, kakasynyñ çagasyna dogan diýer. Eger dogany özünden uly bolsa aga diýer. Eger özünden kiçi bolsa ini diýer. Eger dogany zenan mashgala bolup özünden uly bolsa, ejeke diýer. Eger özünden kiçi bolsa bajy ýada uýa diýer. Türkmen, ejesiniň kakasyna baba diýer. Ejesiniň ejesine bolsa mama diýer. Ejesiniň erkek doganyna daýy diýer. Daýysynyň aýalyna daýza diýer. Ejesiniň aýal doganyna hem daýza diýer. Ejesiniň aýal doganynyň çagalaryna çykan diýer. Türkmen, durmusha çykan aýal doganynyň çagalaryna ýegen diýer. Türkmen, öz zenanyň aýal doganynyň ýoldashyna baja diýer. Aýalynyň kakasyna gaýynata diýer, aýalynyň ejesine gaýynene diýer. Türkmen zenany, adamsynyň uly erkek doganyna gaýynaga diýer. Türkmen zenany adamsynyň uly aýal doganyna gaýynekeji diýer. Kiçi erkek doganyna ýüwürji diýer. Adamsynyň kiçi aýal doganyna baldyz diýer. Türkmen, gyzynyň adamsyna köreken, giýew diýer. Türkmen, gelin alan ýerine ýada gyz çykaran ýerine guda diýer. Türkmen, atalary dogan bolsa doganoglan diýer. Atalyrynyňam atalary dogan bolsa dolanan diýer. Eger babalary dogan bolsa babadash ýada arkadash diýer. Türkmen, bularyň hemmesini umumylykda birleshdirip garyndash diýer
8 лайков 383 просмотров
33комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Truthylover
18 апр 2022, 22:32
Umuman dogry welin durli siwelerde uýtgeyarda pully
Maksat
18 апр 2022, 22:59
Bizde-de şeýle.
GuljemilE
18 апр 2022, 23:04
Siz ene we atanyza biz kaka eje diyyas,a kaka ejemize bolsa nane dade diyyas
Telwas
Автор 18 апр 2022, 23:19
Цитата: Bumblebee
Umuman dogry welin durli siwelerde uýtgeyarda pully

Hawa şeýle eken.
Telwas
Автор 18 апр 2022, 23:20
Цитата: Rigel
Salam. Gowmysyňyz Nirvana hanym?

Salam. Gowy Hudaýa şükür, özüňiz gowumy?!
Telwas
Автор 18 апр 2022, 23:21
Bayker,
Marlylaryň aglabasynda şeýle bolaýmasa. (Siziň marlydygyňyzy gözöňünde tutup diýdim)
Telwas
Автор 18 апр 2022, 23:22
Цитата: payhasly
Siz ene we atanyza biz kaka eje diyyas,a kaka ejemize bolsa nane dade diyyas

Täsin. Balkanmy siz?
noname
18 апр 2022, 23:26
Elti galypdyr
Tinkerbell
18 апр 2022, 23:27
Hawa :)
Telwas
Автор 18 апр 2022, 23:33
Цитата: danger
Elti galypdyr

Dogry.
Tinkerbell
18 апр 2022, 23:33
Daýysynyň aýalyna daýza däl-de, gelneje diýilýär.
Telwas
Автор 18 апр 2022, 23:33
Tinkerbell,
Bägül sen. Tanadym gerek?! :)
Telwas
Автор 18 апр 2022, 23:34
Цитата: Tinkerbell
Daýysynyň aýalyna daýza däl-de, gelneje diýilýär.

Bizde daýza diýilýär.
Tinkerbell
18 апр 2022, 23:35
Nirvana, o nähili?)
Telwas
Автор 18 апр 2022, 23:35
Tinkerbell,
Şeýtanjyk. Bilşiň ýaly.)
Tinkerbell
18 апр 2022, 23:36
Nirvana, kim Bägül :)
Telwas
Автор 18 апр 2022, 23:37
Ataýewa Bägül sen.
Tinkerbell
18 апр 2022, 23:38
Nirvana, anyk bilýäňmi?)
Telwas
Автор 18 апр 2022, 23:38
70%
Tinkerbell
18 апр 2022, 23:39
Nirvana, anyk däl
Telwas
Автор 18 апр 2022, 23:41
Bor-la gyz kim bolsaň şol bolsana. Näziňi çekdirip alaýdyň. Menden başga seni tanasy gelýänem ýok. Mendenem gizlän bolýaň. :))
Tinkerbell
18 апр 2022, 23:42
Nirvana, sen meni tanaýmaly uýajygym. Ýöne gürleme))
Telwas
Автор 18 апр 2022, 23:44
Tinkerbell,
Aý köpbilmiş, indi tanadym. Senem gürleýän ekeniň-ä. :)
Şeýdip aktiw bol men ýaly. Göreňokmy uýaň näçe gündir şu saýt bilen adaglanan ýaly, gidip bilenok.
Tinkerbell
18 апр 2022, 23:47
Nirvana, dil açyp başladym :)
Özüň maslahat berdiň-ä.
Menem şu ýerden gidemokla ;)
Telwas
Автор 18 апр 2022, 23:50
Tinkerbell,
Molodes! Dillije bol şular ýaly. Beý diýsem men ýaly gereginden artyk gürläýme. Soň gören dälidir öýder :)
Agzalaryň köp blog açyp, köp teswir ýazyp ýürejiklerine düşýänimi bilýän. Azajyk sabyr etsinler. Menem bir gün ýadap goýaryn.
Tinkerbell
18 апр 2022, 23:54
Nirvana, bolýa :) welin, uýajygym soňky pikirleriň bilen ylalaşamok. Gaýta blog açsaň gowy gürrüňler edilýär, özem gowy bloglary açýaň.
S❤
19 апр 2022, 00:30
Dayysynyn ayalyna gelindayza diyyas
S❤
19 апр 2022, 00:35
Nirvana,
Ay yokla, hicem beyle dal. Sizdendagy yadap bormy
Bentner
19 апр 2022, 04:17
Öňki söýgülimiň söýgülisi näme bolýarka?
Pegas
19 апр 2022, 09:02
Цитата: Bendtner
Öňki söýgülimiň söýgülisi näme bolýarka?

Dertdeşiň bolýar)