Sizde-de şeýlemi?!

Türkmen öz kakasynyň kakasyna ata diýer. Kakasyna kaka, däde diýer. Ejesine eje diýer. Türkmen öz çagasyna ogul diýer. Oglunyň çagasyna agtyk diýer. Agtygynyň çagasyna çowluk diýer. Çowlugynyň çagasyna ýuwluk diýer. Ýuwlugynyň çagasyna gowluk diýer. Gowlugynyň çagasyna ýatlyk diýer. Türkmen, kakasynyñ çagasyna dogan diýer. Eger dogany özünden uly bolsa aga diýer. Eger özünden kiçi bolsa ini diýer. Eger dogany zenan mashgala bolup özünden uly bolsa, ejeke diýer. Eger özünden kiçi bolsa bajy ýada uýa diýer. Türkmen, ejesiniň kakasyna baba diýer. Ejesiniň ejesine bolsa mama diýer. Ejesiniň erkek doganyna daýy diýer. Daýysynyň aýalyna daýza diýer. Ejesiniň aýal doganyna hem daýza diýer. Ejesiniň aýal doganynyň çagalaryna çykan diýer. Türkmen, durmusha çykan aýal doganynyň çagalaryna ýegen diýer. Türkmen, öz zenanyň aýal doganynyň ýoldashyna baja diýer. Aýalynyň kakasyna gaýynata diýer, aýalynyň ejesine gaýynene diýer. Türkmen zenany, adamsynyň uly erkek doganyna gaýynaga diýer. Türkmen zenany adamsynyň uly aýal doganyna gaýynekeji diýer. Kiçi erkek doganyna ýüwürji diýer. Adamsynyň kiçi aýal doganyna baldyz diýer. Türkmen, gyzynyň adamsyna köreken, giýew diýer. Türkmen, gelin alan ýerine ýada gyz çykaran ýerine guda diýer. Türkmen, atalary dogan bolsa doganoglan diýer. Atalyrynyňam atalary dogan bolsa dolanan diýer. Eger babalary dogan bolsa babadash ýada arkadash diýer. Türkmen, bularyň hemmesini umumylykda birleshdirip garyndash diýer
8 лайков 383 просмотров
33комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Chelsea
19 апр 2022, 09:06
Pegas,
Yalnysyan sen cimony cykaran bolya. Elindakini alan bolya
Pegas
19 апр 2022, 09:24
Цитата: Chelsea
Pegas,
Yalnysyan sen cimony cykaran bolya. Elindakini alan bolya

Bu temada gürlemäge ýüzüň barmy, binamys?! Bir gyz maňa ýüz berenok diýip, töweregiňdäkileriň hemmesini satyp çykdyň-a! Erkek oglan ýigrenilýänini bilse, namys eder soň şol töwerekde görünmäge. Ýöne seň ýagdaýyňy Wonderfull agza aýdypdam welin, kän üns bermändiris.
My life
19 апр 2022, 10:43
Bizdede shular yaly yuzlenilyar.
Enegul
19 апр 2022, 10:51
Basym aylanyp gitdaaa
GuljemilE
19 апр 2022, 11:58
Цитата: Nirvana
Цитата: payhasly
Siz ene we atanyza biz kaka eje diyyas,a kaka ejemize bolsa nane dade diyyas

Täsin. Balkanmy siz?

Hovvq