Iller maňa näme diýer?
Iller maňa näme diýer?
Şu sözleri diýip görsem,
Iller maňa näme diýer?
Şol eşigi geýip görsem,
Iller maňa näme diýer?
Arzuw edýärin bir zady,
Ýöne il saklaýar bady.
Eger edäýsem şol zady,
Iller maňa näme diýer?
Şol gözeli söýüp görsem,
Oňa "Söýýän" diýip görsem,
Oňa baky göwün bersem,
Iller maňa näme diýer?
Il ýaly bolaýyn men hem.
Illerimden bolmaýyn kem.
Ony ýa muny almasam,
Iller maňa näme diýer?
Otyryn tapamok pişe
(Indi ilim girýär düýşe)
Giräýsemmikäm şol işe,
Iller maňa näme diýer?
Özüňi atmagyn ünjä,
Hemmeden ýokdyr netije.
Örän biderek düşünje,
"Iller maňa näme diýer?"
(15.03.2023)
Gerçeknazar Amannazarow
Şu sözleri diýip görsem,
Iller maňa näme diýer?
Şol eşigi geýip görsem,
Iller maňa näme diýer?
Arzuw edýärin bir zady,
Ýöne il saklaýar bady.
Eger edäýsem şol zady,
Iller maňa näme diýer?
Şol gözeli söýüp görsem,
Oňa "Söýýän" diýip görsem,
Oňa baky göwün bersem,
Iller maňa näme diýer?
Il ýaly bolaýyn men hem.
Illerimden bolmaýyn kem.
Ony ýa muny almasam,
Iller maňa näme diýer?
Otyryn tapamok pişe
(Indi ilim girýär düýşe)
Giräýsemmikäm şol işe,
Iller maňa näme diýer?
Özüňi atmagyn ünjä,
Hemmeden ýokdyr netije.
Örän biderek düşünje,
"Iller maňa näme diýer?"
(15.03.2023)
Gerçeknazar Amannazarow
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.