Iller näme diýse şony diýsinler

Kim biler ne dertler bardyr başymda,
Aýdyp durman her öň ýeten duşanda,
Özleriçe syn eýleýip daşymdan,
Iller näme diýse şony diýsinler.

Dogry saýlap seçgin köňül syrdaşy,
Ýogsa müň bir derde goýar birbaşy,
Olar üçin ýaşamok men durmuşy,
Iller näme diýse şony diýsinler.

Ýalňyşdan gorkmaýan öwrenmek üçin,
Tobalarym bilen päkleýän içim,
Ynsanda ýazyksyz bolmaýar hiç kim,
Iller näme diýse şony diýsinler.

Olar gybat edip günämi alýar,
Öz dilleri bilen köp bela galýar,
Ýokarky synlap dur maňa şol bolýar,
Iller näme diýse şony diýsinler.

Hyýallary mydam herýan at çapar,
Ajy dili bilen ýetirer zeper ,
Her näme etseňde aýbyňy tapar,
Iller näme diýse şony diýsinler.

Özgeleň ykbaly gyzykdyr belkem,
Kalbyndakyn şygra geçirmek meňkem,
Olara ýaranyp bolmaýan eken,
Iller näme diýse şony diýsinler.

Ýykylsam az azdyr elimden tutjak,
Şolarada şükür ýok bolmasa nätjek,
Ýüregmiň buýranja ýolundan gitjek,
Iller näme diýse şony diýsinler.
2 лайков 123 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.