Körleriň obasy

  Dag-derelerde,çöllerde gezmegi halaýan bir gözli adam bardy.Bir gün ol täsin bir obany gördi.Oba geldi.Bu ýeriň ýollary,öýleri hat-da, ol ýerde ýaşaýan adamlar hem gaty geňdi.Munuň sebäbini oba gelensoň bildi.Bu ýer körleriň obasydy.Erkek-aýal we çagalaryň gözleri ýumukdy...Bu adam şu ýerde ýaşamaly diýen karara geldi.
—Iň bolmanda,meniň bir gözüm bar."Körleriň obasynda çaşylar şa bolar",diýýärler.Menem bulara başlyk bolup gezibererin-dä–diýip oýlady.Körleriň gözi bolmasa-da,elleri,gulaklary,burunlary örän duýgurdy.Olar özleriniň oýlap tapan kanunlary esasynda ýaşaýardylar.Bu adam olaryň hereketlerini synlap,haýran galdy.Çünki gürleýişleri,gezişleri bütinleý başgaçady.Bir gün körleriň biri ýoldaşynyň zadyny ogurlady.Muny gören bir gözli adam:"Pylançy,pylançyň zadyny ogurlady" diýip gygyrdy.Muny eşiden körler:
—Nireden bildiň?!Şunça uzakdan eşidip bolonoga-diýdiler.Şonda ol:
— Men eşidemok,görýärin.Men görüp bilýärin-diýdi.Körler bolsa ne gözi,ne görmegi bilýärdiler.Ençe wagt bolupdy bu duýgyny unudup goýberenlerine.
—"Görýän" diýmegiň näme?Nädip görýäň?Ýagny,eşidilmeýän uzaklykdan näme bolýandygyny bilip durýamyň?-diýip soradylar.
—Elbetde.
—Saňa ynanamyzok.Seni synagdan geçireris-diýdiler.Soňra adamy özlerinden daşrak ýere alyp bardylar.Bu uzaklykdan hiç zat eşidip bolmajagyny olar gowy bilýärdi.
—Hany aýt,biz häzir näme edýäris?-diýip soradylar.
—Oturup gürleşýäňiz.Pylançy ýerinden turdy,pylançy  elini gymyldatdy.Ynha, pylançy aýagyny gymyldatdy-diýdi.Şol wagt körler öýüň içine girip gyrdylar.
—Indi nä?...
—Içeri girdiňiz,görüp bilemok...
Körler munyň parhyny bilmeýändigi üçin:
—Içeri girenimizde näme?Bary-ýogy bir ädim tapawut edýär-ä.—Sen bizi aldajak bolýaň.Ýaňy seňki tötänleýin dogry çykdy.Ynha,indi aýdyp bileňok.
—Daşary çykyň,aýdaryn-diýdi adam.
—Şunça uzakdan eşidenden soň,içeri ýa daşary bolanyň näme parhy bar...
—Men eşidemok,men görýärin–diýdi bu adam.
—Bolup bilmez.Sende bir nogsanlyk bar.Bolgusyz zatlary aýdýaň.Seni tebibe äkidip bejertmeli-diýip, adamy oba tebibine ýanyna eltdiler.Tebip hem körlerden eken.Elleri bilen sermeleşdirip,adamy barlamaga başlady.Barmaklaryny onuň ýüzünde aýlady.Ahyrsoňy:
—Tapdym.Ynha, bu ýerde nogsan bar eken-diýip, onuň açyk gözüne yşarat etdi.–Şonuň üçin hem bu bolgusyz zatlary samrapdyr.Galany meniň işim,muny özüm bejererin-diýip işe girişdi.
  Körleriň obasyna häkim bolmagy niýet eden adam,zordan ol ýerden gaçyp gutuldy.

  Körler  görmegiň nämedigini bilmeýär.Şonuň üçin hem olar,bir gözli adamy özlerine meňzetmekçi boldular.

0 лайков 8 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Edepli Gödek
12 дек 2024, 21:32
Eý-ýow, eý-ýow...
Wassap bröo.
Oke-ke-k-kek-eý...
Mc Döwlerdenamansypan Döwsypat disspekkt gojamyrat Erasmusaa (Körler ülkesinde ýeke gözi bar bolan adam şa bolar (с) Erasmus)

Körleriň obasyna häkim bolmagy niýet eden adam,zordan ol ýerden gaçyp gutuldy.
(с) Mc DDöw.spat :D

Ýöňö bu makaleý-i-ýazmaçadakyň aýdýanlary bilen bu Eromawsyň aýdýany başga-başga zat öýdýän.

Meň üçinä başga şola wara
Dowsypat
Автор 12 дек 2024, 22:24
_Bayat,Bu makaladaky waka, mana Lut pygamberiň kyssasyny yatlatdy.
Dowsypat
Автор 12 дек 2024, 22:33
Bir töwrä halk bolýar,olaryň öňünde ýol görkezjisi bolmaýar.Şonuň üçin olar bialaç kör ýaşaýar.Ýol görkziji tapsalar depesine şa Edip göterýäler.
Bir töwrä halk bolýar,olaryň öňünde ýolgörkezjii bolsada, edik haýwan ýaly ýaşamany makul bilýärler.Ýolgörkezjilerinem özlerine meňzetjek bolýarlar.