Owadanja gyzdan arwah çykarmy?

Çagalyk döwrüň özüne mynasyp gürrüňleri bolýar. Şolardan eşidenlerimi size aýdyp bereýin. Köplenç jadygöýli gürrüňler edilerdi we bu hili gürrüňler elbetde çagalar üçin gyzykly.

Bir oglan agşam çagy eşekli, gadymdan galan ullakan güjüm agajyň teýinden geçmeli bolýar. Güjüme golaýlaşdygy saýyn onuň sussy basylyp ugraýar. Güjüm garaňkyda örän gorkunç ýaly. Hyýalyna yza dolanyp başga ýerden sowulyp geçmek gelýär emma eşegi aýdanyny etmän güjüme ýakyn gelip onuň teýinde bar bolan ýodadan ädimläp başlaýar. Indi oglan gorkup başlady. Howa yssy bolsada onuň teninde tikenekleme peýda bolýar. Göwnüne her hili hyýal gelýär. Şolardan biri güjümiň depesinden bir ýeňilje zat aşaga sallanýan ýaly. Edil ullakan guş ýaly aşak peýläp gelýän ýaly. Oglan ýokary seredesi gelýär. Göwnüne gelen zat hakykatmy ýada ýalan. Emma eşek oňa bu pikirinden daşlaşdyrýar ýagny eşek bir zatdan dowul alýan ýaly tizligini artdyryp bu ýerden tiz gitmekçi ýaly. Haçanda oglan eşegi bilen güjümiň teýinde dop-dogry bolup duran pursaty onuň yzyna,  eşegiň ýagyrnysyna bir zat gelip gonýar. Indi bu zadyň demi oňa urýan ýaly. Indi bu zat oňa siňňin seredýän ýaly. Oglan aljyrap ýagdaýy elden berip ugraýar. Özüni nähili tutjagyny bilmeýär. Gygyryp kömek sorasy gelýär. Ýöne wagt şeýle tiz geçip oglan etsem-petseminiň birinide amala aşyryp bilman indi takdyra ten berýär. Yzynda otyran zat bolsa birden, tüm garaňkynyň içinden çirkin gygyran ýaly, belki mylaýym ýüzlenýän ýaly, sesi uzaklardan ýaňlanyp gelýän ýaly “heý oglan adyň kim” diýýär. Indi oglany gyzgyn der basýar. Näme diýjegini bilmän galýar. Bir zat diýmelimi ýada diýmeli dälmi diýen sorag sekuntda ýüz gezek gelip gidýän ýaly. Emma görmedik zadyňa nähili jogap berip bolar. Oglan özüme geplän zada seredeýin, ony göreýin onsoň jogap berýin diýip yzynda otyrana öwrülip seretjek bolýar we haçanda ol ters tarapa garap özüniň yzynda otyran zadyň owadan bir gyzdygyny garaňkyda aýyl-saýyl edip oňa ýylgyrasy gelýän pursatda ýüklenip gidip barýan eşegi ony ýere pylçap urýarda, dört aýagyny bir jemläp böküp gaçyp gidýär.

Torpaga garylan oglan öz ýanyndan utanyp ýerinden turýarda näme etjegini bilmän galýar. Eşegiň yzyndan kowan bolup özüne gepleýän gyzdan gaçyp gitmelimi ýada mert duryp gyz bilen gepleşmelimi?  Alasarmyk ýagdaýdan oglany gyz alyp gaçýar. Indi gyz onuň edil maňlaýynda dur we oňa ýylgyryp seredýär.  Gyzyň ýylgyrmagy ogalany biraz köşeşdirýär we özüne “bu ýerde gorkar ýaly hiç zat ýok” diýýärde gyz tarapa iki ädim ädip onuň maňlaýynda duraýr. Gyzyň mylaýymlygy oňa hoş ýakýar we gyza maýyl bolup “iki elim bilen oňa elimi degirmeli, belki gyzy gujaklamaly diýen hyýal bilen oňa ellerini uzadýar. Gyz bolsa bu wagt ondan gaçman dur edil meni gujakla diýýän ýaly. Wagt bolsa örän tiz geçip dur. Indi “ýagdaý meniň elimde” diýen oglan, ine gyzy gujakladym diýen pursady eli ýumşajyk gyza dälde gataňsy bir näbelli zada degýär. Oglan “ bu nähili boldygy” diýip siňňin sereden pursasy indi onuň gujaklap duran zady gyz dälde “ arwah” bolup çykýar. Bu gujaklan zadynyň gözi ýanyp içinden geçip barýar, üstesine ondan mazaryň yzy gelip dur, teni bolsa şakyrdama süýekden ybarat, dişleri ýeke-täk, saçy bolsa gotyr açan malyň tüýi ýaly. Oglanyň göwnüne indi bu zat dünýäde iň gorkunç we erbetligi daşyna çykyp duran zat. Oglan wagirip göberýärde gaçmak bilen bolýar. Gataňsy arwah bolsa onuň yzyndan kowýar. Süýeklerini şakyrdadyp. Hem yzyndan gygyrýar. Onuň gadymky ölüp giden ejesine öwrülip. “Oglujygym gaçma. Bu men. Seniň eneň”! Emma oglanda sabyrda ýok takatda.Öz ýanyndan “ bu arwah” diýýärde yzyna seretmän garaňkyda bir ýykylyp bir turyp gaçýar. Şakyrdaýan süýek bolsa onuň yznda. Şol gelişine suwly salma gelip gapgarylýar. Bu wagt arwah hem ýetip gelýär. Ýerinden turmakçy wagtynda ony basyp ýatan gataňsy aýal göwsüni çykarýar welin oglanyň demi gelmän galýar. Göwüs diýýäni nämedigi belli däl. Haltamy ýada ganar. Garaňky onuň göwsüni eýmenji bir zada öwürip görkezýär. Içinde bolsa nämedigi belli däl süýtmi ýada gatyk. Şokurdap dur. Gataňsy aýal, belki ol hakykatdanda arwahdyr . Ol oglana “oguljygym eneňi emseň gowy bolardy, eýýäm on bäş ýyl boldy, meniň ölüp gidenime şol emmedik süýdüňi häli göterip ýörün seni emdiereýin “diýýärde göwsüni oglanyň agzyna dykyp başlaýar. Oglan bolsa emmejek bolup agzyny iki eli bilen tutyp gaçyp  başlaýar. Arwah bolsa oňa “ Oguljygym dur” diýip gygyrýar. Şeýdip oglan ullakan güjümden ep-esli arany açýar. Arwah bolsa ondan yza galýar. Şeýlede bolsa tä ullakan obanyň içine girip adamlary görüp başlaýança oglan gaçyp gelýär. Teni bolsa sandyr-sandyr edýär. Nähilide bolsa oglan özümi dürsemeli diýen pikire gelýär. Ol öz düşen ýagdaýyny ilden gizlemekçi bolýar we  köp wagtlap gizleýär. Şundan soň ol bu ullakan güjüme köp wagtlap ýakyn gelmeýär we haçanda ol ulalyp ullakan adam bolup özüniň başyna düşen ýagdaýyny ogujygyna aýdyp berýär. Ol ogluna “ Oguljygym bü güjüme hiç haçan gije ýakyn barma! Ol ýerde gorkunç bir zat bar. Men ony gördüm” diýýär. Oguljygy bolsa atasyndan eşiden bu gürrüňini bize gelip aýydýar. Ol wagty men çagadym. Güjüm biziň öýümizden daş däldi. Men bu güjüme hiç haçan gije ýakyn barmadym .Emma gündiz onuň aşagyndan geçdim. Bir gezek bolsa gaty yssyda onuň aşagynda duryp salkynlajak boldum. Ýöne biraz durup göwnüm howsala tapyp başlady. Güjümm özünden hass diýýän ýaly sesi çykardy we men bu sesi eşidip assajykdan gaçyp gaýytdym emma gören zadym bolmady. Şondada bu güjümiň aşagynda bir zat bar ýaly duýyldy

 Harp ýalňyşy bolmagy mümkin. Barlamana wagt bolmady.

 

 

 

0 лайков 11 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Dowsypat
04 дек 2024, 11:23
Užas kinolary agşam köp görmeli däl.