Jadyly tokaýyň altyn balygy

Jadyly, howply öýleriň we beýleki ýerleriň bardygyny daşary ýurt habarçylary hem aýydýar. Şeýle ýerden ýene biri barada men size aýdyp bereýin. Adamlar bu ýerde geň wakalaryň bolandygyny aýydýarlar. Bu aýdylan ýere men baryp gördüm. 20 gektara golaý ýerde hiç hili yns-jyns ýok. Tokaýlyk, örän owadan ýer eken. Içinden kiçeňräk zeýkeş akyp geçýär. Meniň bilen jady bolup geçmedi emma meni şu tokaýyň içinde ýaşaýan “ýeke öýli adam “ “jady görjek bolsaň gije gel” diýdi. Öňünden aýytmaýyn wakanyň gyzygyny gaçyrmazlyk üçin. Birbada men bu ýeriň jadysy bilen gyzykmadym dürli hili aladalar bilen. Ýöne şol basmarlady durdy  “jadyly tokaýyň” jadysy. Kem-kemden kelläme geldi  “egerde men ol ýere barmaly bolsam bolan jadyny wideokamera düşürmeli” diýen hyýal.

Bir hepde gitdi ahli hili taýynlanmalara.  Ilki bilen güýçli fonarik satyn aldym sebäbi bu ýerde tok ýok. Bu adam bolsa çyra bilen ýaşaýar. Wideokamera bardy öňden. Ýöne suw geçirmeýän aparatura we geýimler bolsa hasda talaba laýyk boljakdy . Şony nazarda tutyp wideokmera suw geçirmeýän örtük satyn aldym. Indi oňa suw degsede köýmeli däldi. Jadyny görmek üçin gije,maşynsyz barmalydy barmalydy. Maňa kömek berjek adamyň telefony ýokdy. Gepleşip hereket etmek zerur bolany üçin men bu adama öz köne telefonlarymyň birini berdim. Tellefon köne bolsada onuň gowy funksiýalary bardy. Ol awtomat bilen özi wideo we surata düşürip bilýän, düşüren zadyny köýdürmeýän telefondy. Şu telefony oňa berip boljak jady barada habarlaşyp başladyk. Şeýdip sabyrsyzlyk meni gurşap aldy. Onsoň ýene gorky. Bu adamyň aýytmagyna görä bu jady örän köp adamy özi bilen äkidipdir. Ol ýere gidenler yzyna gaýdyp gelmändir. Men wagtal-wagtal bu pikirimden el çekesim geldi. Wagt bolsa bir aýa golaý geçip gitdi. Wakanyň güýji meniň üçin gaçan ýaly boldy. Waka bolmajak bolsa telefony yzyna gaýdyp almaly diýip oýlanyp başladym. Emma adam öz islegine köplenç tötänleýin ýetýär. Ine derdim başymdan agdyk wagty gije ýaryma golaýlan wagty maňa “ýeke öýli adam” jaň etdi. Telefony almajak boldum. Emma jaň üznüksiz geldi we men indi alaçsyz telefony alsam ol ýerden howsalaly ses eşidildi. “Ylga. Ol şu ýerde”. Indi maňa nämäniň täsir edenini bilmedim. Bir sekuntda diýen ýaly suw geçirmeýän geýimi geýdim, jemläp goýan aparturalarymy aldymda  maşyna mündim. Haçan maşyn meni tokaýa 500 metr golaý eltendende men maşyndan düşüp,jadyly tokaýa tarap ylgap başladym. Gije garaňky,  gözüm zordan barýan ýolumu saýgarýar. Fonarik ýakmak bolanok. Sebäbi adamlar meniň yzyma düşmegi mümkin. Şeýdip bir ýykylyp bir turyp jadyly tokaýa ýakyn geldim. Haçan men tokaýa ýakyn gelenimde “ýeke öýli adam” meniň öňümden çykdy. Ýükümi göterdi we biz ikimiz jadynyň bojak ýerine baryp ýadawlykdan agyp düşdik. Gije asudalyk. Zeýkeşiň suwyna ýyldyzlar şöhle saçýar.

Garaşyp başladyk. Ses çykarmak bolanok. Minutlar geçip başlady. Ýadawlyk uka meni uka ýykdy. Men şol bada uklan ekenim. Ýoldaşym bolsa uklamandyr. Onuň gözleri çyra ýaly ýanyp durdy. Hatda men ondan hopukdym. Jady diýýän zadyň özi şu adamyň özi bolmasyn diýen pikir hem geldi kelläme. Ýöne jadyny görmek üçin janyňy töwekgele salmalydygy hemmä mälim. Men gorksamda tekdyra ten berip bu adama ynandym.

Ukudan meni bu adam oýatdy. Silkinip turdym. Onýança ol adam maňa nirä seretmelidigimi görkezdi. Seretsem zeýkeşiň suwy bilen biz tarapa ullakan bir ýagty ýüzüp gelýär. Şu ýerde ilki bellemeli zadym bu jadyda gorky ýokdy. Onuň ornuna örän owadanlyk we geň galmak bardy Biz tarapa ýüzüp gelýän suw aşagyndaky ýagtynyň diýip aýdar ýaly däldi onuň owadanlygyny. Men wideokamera ýapyşdym. Kamerany oňa garadyp knopkany basjak wagtym bu adam maňa üm bilen “entek wagt däl” diýdi. “Garaşmaly” diýdi. Onuň ornuna ol meniň ýan haltamy alyp onuň üçin aýdym aýydaýan kolonkaly pleeýeri çykaryp berip  tans oýnalýan aýdylýan ýörgünli aýdymlary goýmagy teklip etdi. Men aýdym saýlap başladym. Biz bu işi edýänçäk suw aşagyndaky ýagty edil biziň gaşymyza gelip durdy we gyssanman bir ajaýyplyk bilen suwdan ýokary ýokary galdy. Haçan ol suwdan doly göwresini çykaran wagty biz ikimiziň  görýän zadymyza agzymyz açylyp galdy. Hakykatdanda bizi jady basdy. Bu ýerde haýsy zady ilki bilen ýazjagymy men bilemak. Suw aşak syrylyp bolan wagty görýän zadymyzyň nämedigi aýyl-saýyl boldy. Bu suwdan saýlanan zat altyn balykdy eger çyksa. Onda balygyň guýrygy bardy. Göbegine çenli bolan aralyk balykdy. Ondan ýokarysy gyzdy. Gyz diýendede nähili gyzdy. Gyz balykdy. Onuň balygyňka meňzeş ullakan agzy we edil şonuň ýalyda dodaklary bardy. Ullakan göm-gök gözleri bardy. Saçy bolsa suwda ýaýylyp ýatyrdy we onuň saçynyň uzynlygy iň bolmanda iki metrdi. Teniniň ähli ýerine gymmatbaha daşlar asylandy.  Ol suwdan saýlanan wagty ýanymdaky adam “aýdym goýber” diýidi. Ýogsa ol bu ýerden gider diýdi. Men pleýeri iň soňky deminde goýyp özümiň halaýan aýdymlarym bolan Amaliýa Gulmyradowanyň diskoteka aýdymlarynyň birini göýberdim. Gije ýarymdan agdyk. Tüm garaňkylyk. Suwda altyn balyk. Biz ikimiziň agzymyz açyk.

Gözümiz patrak. Amaliýanyň aýdymy gijäniň garaňkysyny böwüsdi. Onuň söýýän diýen sözi balyga dlde meniň üçin ýalydy. Bu wagt aýdyma meýilsiz adam bolup bilmez. Suwda duran perizat hem aýdym-saza maýyl bolup ilki assajykdan ýaýkanyp ugrady. Soňa birden bat alyp suwdan asmana galyp özüniň bar gözelligini dünýä saçyp bolup ýene aşak suwa pagşş edip düşdi we suw damjalaryna altyn çaýylyp suw perizadyny öňküdende bezedi. Soňa gyz guýrygynyň ujynda tans oýnady. Men ýene widokamera ýapyşdym. Ýanymdaky adama bolsa telefonyňy oňa garat diýdim. Iki bolup bolýan zatlary kamera düşürip başladyk .Gyz bolsa guýryk tansyny edip bolup suw üstünde pyrlanma tansyna geçdi. Bu wagt ondan suw damjalary daşary atylyp çykyp biziň üstümize guýyldy. Biz apparaty suwdan goramak üçin yza süýşdik. Amaliýa bolsa pleýerde bar güýjüni edip gygyryp ýatyr. Biziň göberen şowşuwymyz dünýäde hiç bir ýerde bolan däldir. Balyk gyz gözlerini okara ýaly edip, balyk sesini çykaryp gülüp jykyrdap mes boldy. Ol indi garnyny asmana tutyp kellesini we saçlaryny yz yana taşlap pyrlandy. Onuň hereketleri biiri-biri bilen hem baglanyşykly hem owadandy. Şu ýerde wakany gysgaldyp ýazmay bolýan. Eger bolan gyzyň özüni alyp baryşyny  doly suratlandyrjak bolsam bir kitap hem azlyk eder. Iki sagada golaý biz bu görýän zadymyzy wideo edip  aldyk. Waka iň ýokary derejesine ýetdi. Gözi okara, teni balyk, göwüsi ýalaňaç bu gyz meniň aňymy aldy ýogsa meniň özüm hem gyz. Şunça owadan bolsamda men bu durşuna altyna ýugurlan gyzyň ýanynda men hiç kim däldim. Indi men ol gyzyň ornuny eýeläp şonuň ýaly altyn balyk bolasym geldi we özümi gyzyň ýanyna suwa okladym. Gyz meni gujagyna alan wagty suwyň ysy meni gaplap aldy. Arssa, ýumşak, salkynjak. Gyzyň köýnegi suwdan ýalydy. Men bu gyzyň gujagynda uklasym geldi edil kiçijik bäbek ýaly. Meniň suwdadygymy gören ýoldaşymyň gorkydan gözleri ýanyp gitdi. Ol hem meniň yzymdan özüni suwa zyňyp ýanyma geldi  we gelip meni öz zeýkeşden gyra tarap çekip ugrady. Men bolsa balyk tarapa. Bu çekeleşikde kamera suwa gaçdy. Ol wass edip köýdi. Bar düşüren zatlarym biderek azap boldy. “ Ýeke öýli adam” meni zor bilen suwdan çykaryp aldy. Balyk bolsa biynjalyk bolup, meni özi bilen alyp gidip bilmeýänine gazaba mündi. Ol suwda iki ýana okdyryldy. Özüni asmana zyňdy, meni ýanyna çagyrdy. Balygyň boluşy meni mazaly gorkuzdy. Ýanymdaky adam pleýýeri öçürdi. Indi balyk tans oýnamasyny goýyp biz tarapa öz jadyly gözleri, teni bilen seredip durdy. Adam meni süýräp äkidip başlady. Biziň altyn balyk bilen aramyz daşlaşdy we depeden aşyp oňa görünmän galdyk. Ýöne balygyň suwdaky hereketi bize eşidilip durdy. Ol suw içinde bar bolan çukalaga özüni göýberende onuň ýer astyna girip gidýänini men saýgardym. Bu wagt daň hem atyp başlady. Ilkinji horazyň sesi eşidildi. Biz gizlenen ýerimizden tyryp altyn balygyň tans oýnan ýerine geldik. Bu ýer suw damjalaryndan palçyk bolup gidipdir. “Ýeke öýli adam” meni şeýkeşe ýakyn eltip fonarigi güçli ýakdy. Ýagty maňa suw aşagyndaky  deşigi mese-mälim görkezdi. Ol ýere asudalyk bilen suw gidip durdy. Üns bilen seretmeseň saýgarmak kyndy suwyň aşak gidip duranyny.  Ýer ýagtyldy. Bu ýerde men indi durmaly däldim. Şonuň üçin men köne telefony bu adamdan alyp oňa bermeli puly berip tizden uly asfalt ýola ugur aldym. Ýarym sagatdan men indi ýolda duran ýolagçydym. Ilkinji gelen taksini togtadyp men ugrymy şähere tarap aldym. Täksa münüp köne telefonyň düşüren zatlaryny gözläp ugradym. Inede meniň gözlän zadym altyn balygyň tansy. Meniň ýüzümde ýylgyryş peýda boldy.

Bu wakadan eýýäm dört-baş ýyl geçip gitdi. Bu wagt aralygynda men altyn balygyň tansyny näme etmeli diýen soragy özüme berip geldim. Her hili pikirler geldi kelläme. Internete ýerlemeli diýdim, satsam bir-iki manat pul bolar diýip gördüm ýöne häzire çenli hiç zat etmedim. Birzatdan içim gysan wagty bu altyn balygň tansyna seredip  gülüp, mes bolup otyrýan.

Ýakynda altyn balyk barada ýazmak barada pikir etdim. Ilkinji ýazgym şu. Ýöne doly däl.  Balygy ýene bir gezek görmeli diýen pikir hem meni ynjalykdan gaçyryp başlady. Ýöne entek ony görmegiň sahnasy düzülmedi. Diňe hyýal. Ol barada ýazmagym mümkin. Ol günlere sag-aman ýetsek.

0 лайков 1 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Edepli Gödek
04 дек 2024, 23:40
🤨hany göreli bizem.

😁 Amalialy ýere gelende gülküm tutdy