Köne tamdaky dabara

Goňşy obadan gelýän bir orta ýaşly adam şeýle wakany başdan geçirýär. Waka wagtyň ýarygijeden agan pursady iki obanyň ortasynda bar bolan köne tamyň içinde bolup geçýär. Bu ýerde duryp gaty gygyrsaň obanyň ikisindede sesiň eşidilmegi mümkin.  Bu adam gije özi bilen özi gümra ýapbyldyga berilip, öý-pikire çümüp, arasynda özi bilen özi sözleşip gelýär we ýol ugrynda bar bolan bu köne tamyň edil üstünden geçip öz öýüne tarap ýol almaly bolýar. Başga ýol bar ýöne bu ýol iň gatnawly ýol, belki ýol ugryna ýene biri sataşar şonuň bilen gepe güýmenip öýe gelerin diýýärde ýoluň ýaryny önderip şu tama golaý gelýär. Entek tama doly gelmän ýakynja baran pursady, hiç haçan bu köne tamda çyra ýanmadyk öýden ýap-ýagtylyk saçylyp durýär. Ilki gözi düşýär soňra haýran galýar kem-kemden we indi hakykatdanda “hiç kim ýaşamaýan bu öýde ýagtylyk kime gerek” diýen pikir bu adamyň kellesine gelýär. Haýran galyp ýakynlaşýar öýe. Indi öňküdende beter geň galdyryjy zat, adam ýaşamaýan bu köne tamdan adam sesleri gelip başlaýar. Haçanda edil öýe gelen pursady meýdanda ojakda palaw bişirilip durýar. Ojagyň ýanynda aşpez hem bar. Bu aşpez kimkä diýip pikir eden wagty bolsa, ýaňky aşpez kellesine gazandan galdyryp oňa gülüp seredip “ Pylanjan gel sowul, biziň bilen palaw iý “ diýýär. Seretse birwagtky ölüp giden oba aşpezi. Birbada ýaramaz pikir gelmeýär bu adamyň kellesine. Şu ýerde bar bolan salmadan elini ýuwýarda jaýa girip gidýär çünki jaýdan bir topar adamyň sesi gelip dur. Jaýa girip seretse bu ýer adamdan doly. Aýalda bar erkekde. Hatda bir-iki sany ýaşlar hem bar. Agzyna ejiz bu adam ilkibada hiç zada üns bermeýär. Onuň üçin bu wagt esasy zat ýagly palawdan doýmak.  Şeýdip hyýal eden pursady bir tabak üwme palaw onuň öňünde goýulýar. Palaw hem buglanyp hem özünden tagam çykaryp meni iý diýýän ýaly özüne çagyrýar. Bu adam ýeňini çermäp  gadymdan gelýän ata-baba sözi bolan bissimila diýen sözi sesi bilen aýdyp elini badýa urýar welin  näme üçindir eli palawa dälde topraga çümýär. Gysymyny dolduryp agzyna saljak zady indi toprak. Bu näme boldugy diýip bu adam öz düşen ýagdaýyny anyklamak üçin töwereginde bar bolan adamlaryň ýüzüne seredýär welin seretse, görse, anyklasa bu ýerde duran adamlaryň hemmesi bir wagtky ölüp giden adamlar. Bu adam tisginip gidýärde iň bolmada dirilerden kim bar bu ýerde diýse hiç kim ýok. “Arwahlar” diýen hyýal bu adamyň kellesine ýaýylyp gidýär we indi näme edeniňde bu arwahlardan zyýan çekmän gidip bolar diýen hyýal yzbasar onuň kellesine gelýär. Birden onuň hyýalyna gelýär omyn-doga we aýatlar arwah-jyny kowýar diýip eşideni. Emma ýaşy ep-esli bolan bolsada birje dogany hem bilmeýär. Diňe aýdyp bilýäni bissimilla ýöne bu söz hem näme meseläni çözer diýip bu sözi hem aýytmaýar.

Şundan soň onuň arwah diýen adamlary ony gujaklap öpüp başlaýar we özleri bilen şagalaň etmäne çagyrýarlar. Adam orta çykýarda arwah diýip at beren adamlarynyň göwünini tapmak üçin ilki bilen bilen aýdymlaryny gygyryp başlaýar soňra bolsa ýer depip tozan turyzyp tans oýnap ugaraýar. Onuň bu boluşy arwahlara ýokýar we olar hem bir jem bolup tozan turyzyp ýer depip hem aýdyma gygyryp hem dürli  gygyrmalary özlerinden çykaryp gijesi bilen ullakan goh turyzýarlar. Olaryň gygyrýan sesleri uzaklara ýaýrap gidýär. Seretse bu ýerde onuň ölüp giden aýaly hem bolýar. Adam öz ölen aýalyny ýenede diri görenine begenip baryp ony gujaklap öpüp onuň bilinden tutyp, pyrlanyp tans oýnaýar. Onyň bilen birlikde bu ýerde bar bolan ölileriň hemmesi tans oýnaýar. Bir salymdan seretse bu arwahlaryň birindede geýim gejim ýok, hemmesi sallam-saçak mazar kepinde, köpüsi köne süýek, köpüsiniň teniniň haýsam bolsa bir bölegi ýok. Emma bu adam indi olaryň arwahdgyna pisint etmän hiç zat bolamdyk ýaly keýpe berilýärde kimdigini hasaba urmazdan dogry geleni gujaklap öpüp olara göwnüni berýär. Arwahlaryň islegide şu bolýar. Uzak wagt bolan ekeni olara söýgi gözi bilen garan bolmandyr. Bu adam bolsa özünde bar bolan ähli söýgüni arwahlara beripdir.

Gijäniň içinde daş çykan serhoş adamlaryň biri köne tamda bir dabaranyň bardygyny görüp çaňap gaýydýar. Men hem keýp edip gaýydaýyn bu şagalaňdan diýip. Gelip görse aýal-bilen erkekler gujaklaşyp hem öpüşip böküp ýatyrlar, hem gülýärler hem ýaýnaýarlar. Bu adam hem serhoş kelle bilen olaryň arwahdygyny hasaba aman öňünden çykan birinji aýaly gujaklap öpüp hem pyrlanyp hem

ýer depip tozan turyzýar. Arasynda bolsa bokurdagyna sygdygyndan söýgi aýdymlaryny aýydýar.

Daň atana çenli dowam edýär bu dabara. Ahyry bir namaz okap aýat Korany bilýan bir adam daş çykýar ertirki namazyny okamak üçin. Diňlese gulagyna bir ýakymsyz ses gelýär. “Megerem, siz şol köne tamyň arwahlary bolsaňyz  gerek” diýýärde “ bu arwahar kimdir birini eýerlep münendirler, gaty batly we şagalaňly gelýär olaryň sesi “ diýip bilen dogalaryny aljyrap ýatdan çykarmazlyk üçin bar güýji bilen okap köne tama ýakynlaşýar. Haçan ol tama gelende bu ýere  ýygnanlaryň sesi kesilýär emma biri-birinden aýrylman gujaklaşyp durýarlar. Iň soňky gelen adam olara “bu ýerden gowyyk bilen gitseňiz gowy bolardy” diýýär. Arwahlar onuň bu sesine eşidip kem-kemden gözden gaýyp boýarlar emma bu iki adam näme üçin biziň ýaranlarymyzy kowdyň diýip ony urmak üçin topulýarlar. Hatda bir-iki ýumruk bilen bir-iki depgi hem iýýär. Emma bu edenleri bilen kanagat etmedik  bu iki adam biz arwahlar bilen gitjek diýýär. Onda bu adam bu ikisine  “olara goşulmak üçin siz ölmeli bolasyňyz” diýýär. Bu söz hem olary badyndan gaýtarmaýar. Onda bu adam “ Men bu ýerden gidenimden soň olar yzyna dolanarlar we siz öz maksadyňyza ýetirerler” diýýärde öýüne namazyna gaýydaýr. Aýdyşy ýaly arwahlar yzyna dolanyp gelýärler bu öz erki bilen ölesi geýän iki adamyň janlayny özleri bilen alyp gidýärler.

Gün çykyp adamlar işe gelýärler. Bu köne tamyň ýanyna işlemäne gelen adamlar iki adamyň ölüp ýatanyny görýärler we olaryň meýdini öz öýlerine tabşyrýarlar.  

Bu wakadan soň adamlar bir jem bolup bu köne tamy ýykyp onuň kesegini hem ýom-ýok edýärler.

 

 

 

 

 

 

 

0 лайков 0 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.