Köne şypbyk
Örän köp gezek ýatan bir köne, ýyrtyk we kirli şypbygyň üstünden geldim. Birnäçe aýyň dowamynda. Bu şypbyk meniň özümiň geýen şypbygymdy. Könelişenden soň zyňdym “ sen indi maňa gerek däl “ diýip. Ýöne men bu şypbygy öz ýolumdan aýryp zyňmadym. Şonuň üçin ol maňa köp gezek dürli ýerde dogry geldi.Meniň oňa ýigrenjim ýokdy. Bary-ýogy ol maňa gerek däl ýalydy.Üstesine meniň onuň bilen ezizleşmäne wagtym ýok ýalydy.Emma ol meni ýekeje gezekde sylamady. Ol maňa dogry gelip “sen hem hiç kime gerek däl adam” diýýän ýalydy. Birnäçe aýdan soň ol meniň ýolumdan ýogaldy. Birbada üns bermedim onuň ýogalanyna. Emma birnäçe wagtdan soň men bu köne şypbygy gözläp başladym. Näme üçindigi belli däl. Birdenkä meniň ony ýene göresim geldi. Gözledim. Emma tapmadym. Maňa mälim däl ýol bilen ol ýogaldy. Ol meniň köne şypbygymyň bir taýydy. Beýleki taýy ýokdy. Men ony tapanymdada aýagyma geýip biljek däl. Emma ol maňa eziz bir zady ýatladýan ýaly bolanlygy üçin
bu şypbyk ýogalmasa meniň üçin gowy boljak ýalydy. Kir bolsada ýyrtyk bolsada ýolumda ýatyp maňa duşyp dursa gowy ýalydy. Onsoň ol barada şu ýatlamany ýazyp otyrkam meniň gözüme ýaş aýlandy. Ýöne näme üçindigi belli däl. gözüme inen ýaşy süpürip şu belligi ýazdym. Siz hem ägä boluň. Meniň ýagdaýyma düşmäň. Köne zadyňyzy meýdana taşlap soňra ony ýatlap aglap otyrmaň!

4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.