Eje jan, sen hakda yazasym geldi....♥♥♥

Dermanam, doktaram gerek däl maňa.
Sözüňizem ýuwan, megerem ýalan.
Siziň-ä öýňüzde eziziňiz bar –
Gürleşiň, gülüşiň eneňiz bilen.


Siz maňa göwünlik berjek bolýaňyz.
Emma maňa peýdasy ýok, ynanyň.
Gussaň nämedigin bilmezdim menem
Gapdalymda duran çagy enemiň.


Gözüňize ýaş aýlanam bolýaňyz.
Ýöne tüýs ýürekden däldigi aýan.
Gowsy entek öýde eneňiz barka
Şony gözden salmaň,
Horlamaň,
Aýaň!


Soň bir gün giç bolar, ynanyň maňa,
Maňlaýňyza urup, ökünersiňiz.
Onsoň “Käbäm, meni bagşyla” diýip
Mazaryna baryp ýykylarsyňyz.


Bu eziz enemi elden gidirip
Meniň öz başymdan geçiren zadym.
Gündiz mahal-mahal irkilýän welin –
Enäň dili bilen tutulýar adym.


Ene jan!
Eje jan!
Ýoklugyňda-da
Meniň diriligim,
Namysym, haýam!
Diriler! Men size maslahat berýän
Demi gelip durka –
Enäni aýaň!
2 лайков 103 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.