Bir mahal ädikçi surata garap, Görkezipdir köwşündäki ýalňyşyn. Bu söz suratkeşiň göwnüne ýarap, Düzedende, ýene göterip başyn, Diýipdir: "Ýüzi-de gyşygrak bir ýan... Çakdanaşa açyk dälmi göwsi, dost?"... Saklapdyr Apelles halys çydaman: "Ädikden ýokaryk geçme gowsy dost!"
Biri bar dostlarymyň içinde meniň, Bilmedim, nä gelýär elinden onuň. Öz sözüne jür bolsa-da her zaman, Kän zat hakda gürlär, çenini bilmän: Ädikden ýokary geçer biguman!
3 комментария