ÄDIKÇI
ÄDIKÇI
(Tymsal)
Bir mahal ädikçi surata garap,
Görkezipdir köwşündäki ýalňyşyn.
Bu söz hudožnigiň göwnüne ýarap,
Düzedende, ýene göterip başyn,
Diýipdir: «Ýüzi-de gyşygrak bir ýan...
Çakdanaşa açyk dälmi göwsi, dost?»...
Saklapdyr Apelles halys çydaman:
«Ädikden ýokaryk geçme gowsy, dost!»
Biri bar dostlarmyň içinde meniň,
Bilmedim, nä gelýär elinden onuň.
Öz sözüne jür bolsa-da, her zaman
Kän zat hakda gürlär, çeniň däl-çeniň:
Ädikden ýokaryk geçer bigüman!
A.S.Puşkin
(Tymsal)
Bir mahal ädikçi surata garap,
Görkezipdir köwşündäki ýalňyşyn.
Bu söz hudožnigiň göwnüne ýarap,
Düzedende, ýene göterip başyn,
Diýipdir: «Ýüzi-de gyşygrak bir ýan...
Çakdanaşa açyk dälmi göwsi, dost?»...
Saklapdyr Apelles halys çydaman:
«Ädikden ýokaryk geçme gowsy, dost!»
Biri bar dostlarmyň içinde meniň,
Bilmedim, nä gelýär elinden onuň.
Öz sözüne jür bolsa-da, her zaman
Kän zat hakda gürlär, çeniň däl-çeniň:
Ädikden ýokaryk geçer bigüman!
A.S.Puşkin
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.