ÝEKELIK (hekaýa)
Soňky wagtlar Döwran özüni ýeke
duýýardy. Aslynda onuň isleýäni hem şoldy. Döwran mekdebiň iň ökde okuwçysydy.
Mugallymlarynyň hemmesi ony gowy
görýärdi. Emma dostlary onuň bilen känbir gepleşmeýärdi. Oýnanlarynda-da, olar
Döwrany aralaryna goşmaýardy. Bile bir
ýere gitselerem, ony çagyrmaýardylar.
Ogullarynyň birnäçe gün bäri özüni
ýeke duýýandygyny görüp, ata-enesi hem
onuň okuw ýagdaýyny bilmek isleýärdi.
Esasanam, ejesi Nurnabat gelneje oglunyň
aladasyny edýärdi.
Nurnabat gelneje:
– Saňa näme boldy, Döwran? Näme üçin
keýpiň ýok?
Döwran:
– Hiç zadam bolanok. Diňe ýeke bolasym
gelýär.
Nurnabat gelneje:
– Bolýar, oglum. Ýöne meniň bilen
gürleşesiň gelse, ýanyma geläýgin, bormy?
Döwran:
– Bor, eje.
Nurnabat gelneje gapyny ýuwaşja ýapyp, otagdan çykdy. Aslynda, Döwranam
ýeke bolmak islänokdy. Derdini gürrüň
berer ýaly dost gözleýärdi. Ine, häzir onuň
üçin şeýle pursat döräpdi. Şonuň üçinem, ol
ylgap, ejesiniň ýanyna bardy.
Döwran:
– Eje, men saňa bir zat gürrüň beräý-
jekdim-dä...
Nurnabat gelneje:
– Diňleýän, oglum.
Nurnabat gelneje Döwranyň öňi-soňy
öz ýanyna geljegini bilýärdi. Ol Döwrany
gyssamagyň ýerine, hut özüniň gelip,
derdini gürrüň bermegine garaşýardy.
Döwran:
– Gel, eje, oturaly.
Nurnabat gelneje:
– Bor, oglum.
Döwran:
– Eje, neme diýjekdim... mekdepdäki
dostlarym maňa üns berenoklar.
Nurnabat gelneje:
– O nähili üns berenoklar?!
Döwran:
– Oýun oýnanlarynda, meni aralarynada goşanoklar.
Nurnabat gelneje:
– Düşündim, oglum. Mekdepdäki dost-
laryň sapaklary nähili?
Döwran:
– Aý, gaty gowy-ha däl. Sapak okaýyşlary pesräk.
Nurnabat gelneje:
– Sen sapaklaryňa taýýarlanyp, öý
işleriňi edeniňde, olar näme diýýärler?
Döwran:
– Maňa «Alym boljak bolýaňmy?», «Okap
kösenip näme etjek?!» ýaly ýaramaz sözleri
aýdýarlar.
Nurnabat gelneje:
– A sen olara näme jogap berýäň?7
Döwran:
– Hiç zadam diýemok, eje.
Nurnabat gelneje:
– Berekella, oglum. Şu aýtjak zatlarymy
berk belle.
Döwran:
– Diňleýän, eje.
Nurnabat gelneje:
– Kämahal käbir adamlar bilen dost
bolmazlyk gowudyr. Sen olar bilen ýakyn
dost bolsaň, sapak okaýşyň peseler, peý-
daly zatlary öwrenip bilmersiň. Netijede,
sen zyýan çekersiň.
Döwran:
– Ýöne, eje, olar bile oýnaýarlar,
aýlanmaga gidýärler... hezil edýärler!
Nurnabat gelneje:
– Sen daşyndan seredip, olaryň şu wagt
hezil edip ýörüşlerine aldanma. Ine, hä
diýmän okuwy gutararsyňyz welin, sen-ä
hezil edersiň, olaram kösenerler.
Döwran:
– Indi düşündim, eje.
Nurnabat gelneje:
– Özüňi ýeke duýmagyn, oglum. Ejeň
bilen kakaň seniň iň ýakyn dostuňdyr.
Döwran:
– Bor, eje.
Döwran ejesiniň ýanyndan gaýdanda,
begenjinden ýaňa uçaýjak bolýardy. Indi
özüni ýeke duýanokdy. Iki sany gaty gowy
dostunyň bardygyna göz ýetiripdi. Hawa,ejesi bilen kakasy onuň iň ýakyn dostudy.
duýýardy. Aslynda onuň isleýäni hem şoldy. Döwran mekdebiň iň ökde okuwçysydy.
Mugallymlarynyň hemmesi ony gowy
görýärdi. Emma dostlary onuň bilen känbir gepleşmeýärdi. Oýnanlarynda-da, olar
Döwrany aralaryna goşmaýardy. Bile bir
ýere gitselerem, ony çagyrmaýardylar.
Ogullarynyň birnäçe gün bäri özüni
ýeke duýýandygyny görüp, ata-enesi hem
onuň okuw ýagdaýyny bilmek isleýärdi.
Esasanam, ejesi Nurnabat gelneje oglunyň
aladasyny edýärdi.
Nurnabat gelneje:
– Saňa näme boldy, Döwran? Näme üçin
keýpiň ýok?
Döwran:
– Hiç zadam bolanok. Diňe ýeke bolasym
gelýär.
Nurnabat gelneje:
– Bolýar, oglum. Ýöne meniň bilen
gürleşesiň gelse, ýanyma geläýgin, bormy?
Döwran:
– Bor, eje.
Nurnabat gelneje gapyny ýuwaşja ýapyp, otagdan çykdy. Aslynda, Döwranam
ýeke bolmak islänokdy. Derdini gürrüň
berer ýaly dost gözleýärdi. Ine, häzir onuň
üçin şeýle pursat döräpdi. Şonuň üçinem, ol
ylgap, ejesiniň ýanyna bardy.
Döwran:
– Eje, men saňa bir zat gürrüň beräý-
jekdim-dä...
Nurnabat gelneje:
– Diňleýän, oglum.
Nurnabat gelneje Döwranyň öňi-soňy
öz ýanyna geljegini bilýärdi. Ol Döwrany
gyssamagyň ýerine, hut özüniň gelip,
derdini gürrüň bermegine garaşýardy.
Döwran:
– Gel, eje, oturaly.
Nurnabat gelneje:
– Bor, oglum.
Döwran:
– Eje, neme diýjekdim... mekdepdäki
dostlarym maňa üns berenoklar.
Nurnabat gelneje:
– O nähili üns berenoklar?!
Döwran:
– Oýun oýnanlarynda, meni aralarynada goşanoklar.
Nurnabat gelneje:
– Düşündim, oglum. Mekdepdäki dost-
laryň sapaklary nähili?
Döwran:
– Aý, gaty gowy-ha däl. Sapak okaýyşlary pesräk.
Nurnabat gelneje:
– Sen sapaklaryňa taýýarlanyp, öý
işleriňi edeniňde, olar näme diýýärler?
Döwran:
– Maňa «Alym boljak bolýaňmy?», «Okap
kösenip näme etjek?!» ýaly ýaramaz sözleri
aýdýarlar.
Nurnabat gelneje:
– A sen olara näme jogap berýäň?7
Döwran:
– Hiç zadam diýemok, eje.
Nurnabat gelneje:
– Berekella, oglum. Şu aýtjak zatlarymy
berk belle.
Döwran:
– Diňleýän, eje.
Nurnabat gelneje:
– Kämahal käbir adamlar bilen dost
bolmazlyk gowudyr. Sen olar bilen ýakyn
dost bolsaň, sapak okaýşyň peseler, peý-
daly zatlary öwrenip bilmersiň. Netijede,
sen zyýan çekersiň.
Döwran:
– Ýöne, eje, olar bile oýnaýarlar,
aýlanmaga gidýärler... hezil edýärler!
Nurnabat gelneje:
– Sen daşyndan seredip, olaryň şu wagt
hezil edip ýörüşlerine aldanma. Ine, hä
diýmän okuwy gutararsyňyz welin, sen-ä
hezil edersiň, olaram kösenerler.
Döwran:
– Indi düşündim, eje.
Nurnabat gelneje:
– Özüňi ýeke duýmagyn, oglum. Ejeň
bilen kakaň seniň iň ýakyn dostuňdyr.
Döwran:
– Bor, eje.
Döwran ejesiniň ýanyndan gaýdanda,
begenjinden ýaňa uçaýjak bolýardy. Indi
özüni ýeke duýanokdy. Iki sany gaty gowy
dostunyň bardygyna göz ýetiripdi. Hawa,ejesi bilen kakasy onuň iň ýakyn dostudy.
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.