ÖLÜMIÑ ÖÑ ÝANYNDA AÝDYLAN SÖZLER
ÖLÜMIÑ ÖÑ ÝANYNDA AÝDYLAN SÖZLER
Ahmet Bekmyrada
"Barsañ döwran ötdi diýgil daglara..."
(Halk aýdymyndan)
Bilmedim men: bizden döwran ötdümi -
Ne arwahdan,
Ne ajaldan gorkaram,
Geçirdim bu ömri köne güpbüli
Hem ýetirdim süýreý-süýreý kyrkyma.
Köñül aýdymlarym sabadymyka?! -
Ne owaz bar,
Ne sowal bar.
Dymyşlyk.
Şu pursat iñ soñky sagadymmyka?! -
Didaryn küýseýän köne tanyşlañ.
Buýsançly baglaryñ başlary egik,
Buýsançly gyzlaryñ yşky solupdyr.
Ýetişdim, gör, kimleñ göwnüne degip,
Yşkymdan, gör, kimleñ göwni galkdy.
Ýylgyryp gezdim men başardygymdan,
Ýygrylyp gezdim men - tebigatymdan.
Nadyl bolmasam-da ýaşan günümden,
Mensiz günler üçin tebil tapyndym.
Döwründe asmanyñ Aýyn diledim,
(Oña ýeten barmy?!)
Galdym söýüb-ä,
Kä ýognaldy,
kä inçeldi bilegim -
Özüm götermedim ilden beýige.
Ýürekdeş tapyndym - ýitirip gördüm -
(Ençe söwer dostum ötdi aýatdan).
Egnimde il derdin göterip gördüm,
Öñde-de däl,
galmadymam aýakda.
Bilmedim men: bizden döwran ötdümi,
Ýa ýene-de Tañryñ gözi düşermi?
Geçirdim ömrümi köne güpbüli,
Hem ýazynyp sary gaçan düşegmi...
13.08.1990 ý.
Döwlet GARKYN.
Kitapçy_ru
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.