Edebi ýaňsylama.
Goşjan diýdi: "Tagta bizi
Garşy aldy batga bilen".
Menem diýdim: "Zeleli ýok,
Aýrarsyñda çotga bilen".
Ýöne Tagtaň batgasyna,
"Ýigrenç bilen garamaň siz..."
"Ondan gaçyp ýöremäň siz".
S. Öräýew.
Heý-de ýigrenç bilen garap bolarmy?
Tagtaň batgasyny ýürekden söýýäs!
Ýüzümize, gözümize sürtýäris,
Dulumyzda ony haltalap goýýas
Tagtaň batgasyndan gaçyp "ýörýänler",
Adam däldir haýwandyr ýa akmakdyr.
Tagtaň batgasyndan gaçyp ýöremek,
Sapar Öräň mertebesini ýykmakdyr.
Şoň üçin batgadan sowlup geçene:
"Akmak bolma, adam bolawer!" diýýäs.
Aýagyndan tutup, zyňýas palçyga,
Penjeläp agzyna şor palçyk guýýas.
Şabadyň suwundan müň paý gowy diýp,
Günde iki gezek batga bulanýas.
Arman, tomus batgasy ýok Tagtanyň,
Tomus düşse, günümiz kyn, elenýäs.
"Çotgalasaň bizi kemsitmek bor diýp,
Eli çotgalynyň alýas çotgasyn".
Goşjanyňam asla görmers ýüzüni,
Eger çotgalaýsa Tagtaň batgasyn.
Tagtaň batgasyna erbet garýanlar,
Ozal-ahyr hökman gözünden tapar.
Goşjana-da ýaryn berersiň diýip,
Ýollan batgamyzy kabul et, Sapar!
(Tagtalylaryň Sapar Öräýewe ýazan hatyndan)
Garşy aldy batga bilen".
Menem diýdim: "Zeleli ýok,
Aýrarsyñda çotga bilen".
Ýöne Tagtaň batgasyna,
"Ýigrenç bilen garamaň siz..."
"Ondan gaçyp ýöremäň siz".
S. Öräýew.
Heý-de ýigrenç bilen garap bolarmy?
Tagtaň batgasyny ýürekden söýýäs!
Ýüzümize, gözümize sürtýäris,
Dulumyzda ony haltalap goýýas
Tagtaň batgasyndan gaçyp "ýörýänler",
Adam däldir haýwandyr ýa akmakdyr.
Tagtaň batgasyndan gaçyp ýöremek,
Sapar Öräň mertebesini ýykmakdyr.
Şoň üçin batgadan sowlup geçene:
"Akmak bolma, adam bolawer!" diýýäs.
Aýagyndan tutup, zyňýas palçyga,
Penjeläp agzyna şor palçyk guýýas.
Şabadyň suwundan müň paý gowy diýp,
Günde iki gezek batga bulanýas.
Arman, tomus batgasy ýok Tagtanyň,
Tomus düşse, günümiz kyn, elenýäs.
"Çotgalasaň bizi kemsitmek bor diýp,
Eli çotgalynyň alýas çotgasyn".
Goşjanyňam asla görmers ýüzüni,
Eger çotgalaýsa Tagtaň batgasyn.
Tagtaň batgasyna erbet garýanlar,
Ozal-ahyr hökman gözünden tapar.
Goşjana-da ýaryn berersiň diýip,
Ýollan batgamyzy kabul et, Sapar!
(Tagtalylaryň Sapar Öräýewe ýazan hatyndan)
10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.