Sümer Plita ýazgylary (2-nji plita) /-3 dowamy/

NIBIRU SAÝÝARASY TIAMAT SAÝÝARASYNA TARAP, GÜN SISTEMASYNA GOLAÝLAŞÝAR...

Ar almaga taýynlansyn Nibiru. Tiamat ýene ömri halas etsin. Oňa bir kysmat bagla; öňe çykyp gudratly duşmanymyz bilen ýüzleşsin. Gaga Anuwa tarap ýola çykdy; Anunyň sözlerini aýdyp berdi.
Anu hem Nibiruwa atasynyň sözlerini aýdyp berdi. Gaganyň sözlerini oňa aýtdy. Nibiru bu sözleri geň galmak bilen diňledi; perzentlerini iýip ýutmakçy bolan enäniň hekaýasyny üns bilen diňledi. Indi zat diýmek nämä gerek, eýýäm kalbyny bire baglady. Tiamata garşy çykypdy. Agzyny açyp Anuwa we Gaga şeýle diýdi: Tiamat ýeňer görersiňiz, halas boljak bolsaňyz, kysmatymy beýgeltjek bir mejlisde ýygnansyn Taňrylar. Mejlisde belli karara gelsinler. Meni baştutan saýlasynlar we buýrugyma boýun egsinler. Lahmu (Mars) we Lahamu (Wenera) muny eşidip uly ses bilen haýkyrdylar: ''Nähili erbet talap, düşünşip bilenoklar''. Ine şeýle diýdiler. Kysmatlary bellejek Taňrylar biri-birleri bilen maslahat etdiler. Nibiru ar almaly diýen karara geldiler. Ony güýçlendirdiler. Aramyzdaky Taňrylardan saňa garşy çykjagy bolmaz diýdiler. Biziň hiç birimiz seniň çäkleriňe geçmeris. Git Nibiru aryňy al diýdiler. Tiamata tarap gitmek üçin şazadalary ugradýan ýaly ugratdylar. Nibiruwa haýyr dogalar etdiler. Nibiruwa güýçli Sarsdyryjy ýaraglar berdiler. Anşar (Saturn), üç apy-tupan şemalyny berdi, Erbet şemal, deňi-taýy ýok. Kişar (Ýupiter) onuň bedenini alaw bilen doldurdy; Tiamaty ykjam güýçlendirdiler.

KOSMOS SÖWEŞI BAŞLAÝAR

Şeýlelikde söweşe taýynlanan Nibiru ýoluny Tiamata tarap dogrulady. Indi bolsa Älem söweşiniň we Ýeriň peýda boluşynyň we Nibirunyň täleýiniň hekaýasydyr.
Jenap ýola rowana boldy. Gaharly Tiamata nazaryny dikdi, oňa nälet okady. Gorag örtügi bolsun diýip yşyga örtündi. Kellesinde haýbatly täji bardy. Sagynda we çepinde ýok edijileri (emeli hemralar) aldy. Kömekçiler goşunyny we ýedi erbet şemaly öňüne saldy. Gaharly Tiamata dogry uly tizlik bilen gelýärkä söweşmek üçin haýkyrýardy. Taňrylar onuň daş - töweregine üýşdiler we soňam ýolundan çekildiler.
Tiamaty we onuň kömekçilerini barlamak; onuň goşunynyň sekerdesi Kingunyň planyna göz ýetirmek üçin bir özi ýola çykdy. Ýeňiji Kinguny görende gözi bulaşdy; bu läheňleri görende ugry üýtgäp başlady; ugry ýol almady. Tiamatyň bir çeti titreýärdi. Tiamatyň köklerine çenli sarsgyn peýda boldy, gudrat bilen kükredi.

NIBIRU ÝEŇIŞ GAZANÝAR

Nibiruwa nälet okady; ony tilsimleri bilen saram-saram etdi. Tiamat we Nibiru biri-birlerine dogry herekete geçdiler. Jenap (Nibiru) ony tutmak üçin güýjini ýollady. Aklyndan azaşan ýaly haýkyrdy Tiamat. Nibiru erbet şemaly onuň ýüzüne tarap atdy.
Erbet şemaly onuň yzyndan ýollady, sebäbi Tiamat agzyny açyp ony ýuwulmagy mümkindi. Agzy ýapylmaz ýaly ugratdy ony.
Sarsdyryjy apy-tupan şemallary göbegine baryp degdi; bedeni aýryldy, içi uwlap agzy gaty açyldy. Nibiru onuň agzyna bir ok, iň güýçli ýyldyrymy oklady, bu ok Tiamatyň göbegini ýaryp açdy. Içini parçalap ýardy (Tiamat böleklere bölünýär). Şeýdip ýaşaýyş demini kesdi. Nibiru bu jansyz jesedi barlady, Tiamat läş ýalydy. Jansyz ýatan hanymyň töweregindäki on bir kömekçiler gorkudan titreýärdiler.
Nibirunyň yzyna düşdiler. Gapana düşüpdiler (Nibiru Tiamatyň hemralaryny özüne geçirýär)
Tiamatyň bu goşundaky baştutany Kingu (Aý) hem olaryň arasyndady. Jenap (Nibiru) ony urdy-da jansyz hanymyň ýanynda goýdy. Täleý plita ýazgysyny kükreginden çekip aldy, üstüne öz möhrüni basyp kükregine ýerleşdirdi. Tiamatyň hemralaryny ýesir alyp olary öz aýlawyna, duzagyna çekdi. Aýak astyna salyp böleklere böldi.
Hemmesini öz turuna baglady; Soňra söweş meýdanyndan aýryldy Nibiru. Ony şöhratlandyran Taňrylara ýeňşini buşlamak üçin ýola çykdy. Apsu öz daşyndan bir sapar aýlanyp Kişar we Anşara dogry ýola çykdy. Gaga ony garşylamaga çykdy. Anu we Antunyň aňyrsyna çuňlukdaky mesgenine tarap ýola çykdy Nibiru.
Jansyz Tiamatyň we onuň Kingusynyň täleýi hakda pikir etdi. Böleklenen Tiamata tarap ýene ýola düşdi jenap Nibiru. Onuň ýanyna baryp jansyz bedenini synlady. Bu mähnet janaweri ikä bölmeli diýen karara geldi.

0 лайков 99 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.