Sümer Plita ýazgylary (2-nji plita) /dowamy/

NIBIRU SAÝÝARASY ORTA ÇYKÝAR

Ogly Taňrylara garşy söweşmegi teklip etdi Kingu daga. Kim garşy çykýar Tiamata (Ýere) diýip soradylar Taňrylar (planetalar) biri-birine. Hiç haýsysy aýlawyndan çykmaga milt edip bilmedi, hiç biri söweşmek üçin ýaraglanmadykdy. Şol wagt hem çuňlugyň merkezinde (uzak sistemada) bir Taňry (planeta) peýda boldy. Hünärli ýaradyjynyň erkinden emele geldi. Öz Gününiň oglydy ol. Bu Taňry Dogan ýerinden gyssanmaç halda uly tizlik bilen maşgalasyndan aýryldy.
Ýanynda janlanmagyň ýaşaýyşyň tohumyny saklaýardy. Ýoluny boşluga aýlady. Täze kysmaty gözleýärdi. Boşlukda gezýän bu gök barlygy ilkinji we hemişe gören Antu (Uranyň gapdalynda ýok bolan, belkäm soňra Nibirunyň hemralarynyň biri boldy) boldy. Özüne çekiji yşygy bardy. Gidişi Taňrylara laýykdy, ugry gaty giňdi. Ol hemme Taňrylaryň arasynda iň ulusydy we aýlaw ýoly hemmesiniňkiden giňdi. Ony birinji bolup gören Antu boldy. Göwüslerini emmändi, hiç hili perzendi (hemrasy) ýokdy: ''Gel oglum bolsaň'' diýip seslendi oňa. Eneň bolaýyn diýdi. Agyny syçratdy oňa hoş geldiň diýip ugruna dowam etdi (Antu Nibirunyň hemrasy bolýar). Onuň bu sözleri täze geleniň kalbyny ynam bilen doldurdy. Ony emmäge taýyndy. Soňra onuňam dört hemrasy boldy. ''Bolýar'' diýip gymyldady dodaklary; arasyndan Taňrylaç oduny gusdy her ýana (Ýer çekiminiň täsiri bilen peýda bolan elektromagnit çekim)
Ugruny Antuwa tarap öwürdi, gysga wagtdan soňra ýüzüni Anuwa (Uran) öwürmelidi. Anu ony gören wagty oglum, oglum diýip hyjuwly gygyrdy.
Seni baştutanlyga saýlajak, bir goşun hyzmatkärleriň bolar. Adyň Nibiru bolsun. Ömürlik geçiş. Hormat bildirdi Nibiruwa, ýüzüni Nibirunyň geçişine öwürdi. Agyny ýaýdy we Nibiru üçin dört hyzmatkär orta çykardy (Nibiru Uranyň dört hemrasyny alýar), ýanynda: günorta şemaly, demirgazyk şemaly, gündogar şemaly, günbatar şemaly. Ýüregi heýjanlanan Anu atasy Anşara (Saturn) (Uran geçmişde belkäm Saturnyň bir hemrasy bolupdyr). Nibirunyň gelýändigini aýdyp berdi. Habary eşiden Anşar (Saturn) ýanyndaky Gagany (Plutonyň) habarçy hökmünde ileri ýollady. Anuwa düşüner ýaly aýdyp bersin, Nibiruny ýerleşdirsin diýip.
Bizi dünýä getiren Tiamat häzir geň galýar, söweşjeň goşun gurdy, gaharyndan ýaňa näme edýänini bilenok.
Taňrylara, perzentlerine garşy duran on bir sany urşujy ýörüşe çykdy (Ýeriň atasy Tiamatyň ol döwürler on bir sany hemrasy bardy). Aralarynda Kinguny beýik derejelere ýetirdi; onuň kükregine bir täleýi berdi sebäpsiz ýere. Onuň awusyna garşy çykjak taňry ýok içimizde, goşuny gorky saldy içimize...


1 лайков 74 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.