AWARANYŇ AHWALY

Maňa bulgur beriň!
Şerap äberiň!
Püre-pürläp “ot bereýin” içime.
Serhoş bolup guduzlaýyn,
Ha:tamça
Bar-ýogumy eçileýin geçene.

Eçileýin gözümi,
Eçileýin sözümi,
Eçileýin ýaşalmadyk ýaşymdan,
Ýüregimiň abat galan ýerlerin...
Barjasyny dumly-duşa paýlaýyn,
Soň açylyp, erkeklerçe “ses edip”,
Umytlarmy jaýlaýyn...

A soň gideýin-de, aldawaç dünýäň
A:ly hakda hat ýazaýyn atama.
Üşeden panydan gaçyp, dowzahda
Hezil edip çoýunaýyn hatama...

11.04.2023ý.



✏Sapa HOMMADOW
15 лайков 339 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aksary
11 апр 2023, 21:00
Seniñ bn bir gün doñmana barjak.
Aksary
11 апр 2023, 21:00
Diýýädi ozalam biri
Pegas
Автор 11 апр 2023, 22:17
Hemedany
Içim ýanýa buz ýaljak suw içsem sowaýmazmyka :)

Sowamagy mümkin, içip gör. Ýöne başga mowzukda içseň bolmazmy ony?
Pegas
Автор 11 апр 2023, 22:32
Hemedany
Pegas,
Goşguda içgini agzapsyň! Şu ýerini laýyk gördüm içmek üçin.

Goşgudaky içgi seň diýýän buz ýaljak içgiň däl.
Öwreniji
12 апр 2023, 00:23
Ýüregimiñ abat galan ýerlerin... ???
Karkara
12 апр 2023, 10:50
Aýylganç)
Гость
12 апр 2023, 11:50
Gowy☺️
Garlawa¢
12 апр 2023, 12:35
Umytlarmy jaýlaýyn ?