Ahwal

Ähli dertlerimi unudyp bir ýan,
Şatlyk hakda goşgy ýazaýyn diýdim.
Özümden tapmadym agtaryp ony
Özgeden göçürip alaýyn diýdim.

Ähli aladamy goýup bir ýana,
Bagt hakda goşgy ýazaýyn diýdim.
Bagtymy saňa berelim bäri
Ony özgelerde tapyp bilmedim.

Ähli ünsümü jemläp bir ýere
Ýürek hakda goşgy ýazaýyn diýdim.
Ýüregimiň sende gidenin duýup
Onuň nämedigni bilip bilmedim.

Garaz ähli zady ýazmaklyk üçin
Tapmadym men öňki ýerde özümi
Indi bolsa şu soňky setir bilen
Jemläp goýdum sensizlikde sözümi.

Duýdansyz gelip sen girdiň kalbyma,
Indi maňa özgeleri duýma ýok.
Ýöne başgalary söýmeklik üçin
Indi mende ýürek bardyr öýdemok.

Ýalkapowa Oguljeren
20.07.2023ý.
0 лайков 63 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.