"KÜÝSEG"

“Maňa bulgur beriň!
Şerap äberiň!”
                Sapa Hommadow

Pikirlerim goturlana döndi-le,
Göýäki degen deý oňa heýwere.
Şypa bolar ýaly, rahatlyk bile,
Maňa meý beriň!

Gerek bolsa, alyň elden galamym,
Ýa pikirlem öz erkine goýberiň!
Barybir aýdaryn kalba gelenin,
Maňa meý beriň!

Ýarylmanka arzuwlarmyň bekedi,
Böwet bolmaň, arzuwlarma iberiň!
Içeýin, ganaýyn, agzym kepedi,
Hem goýberen hatalarmy unutjak!
Maňa meý beriň!..

17.06.2023ý
ÝUSUP MEREDOW
6 лайков 108 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Süleýman
14 сен 2023, 10:39
Gowy goşgy üstünlik