Sümer Plita ýazgylary (3-nji plita) -3 dowamy/

ÄLEM GÄMISI ÝERE TARAP UÇÝAR

Indi bolsa ýedinji planeta tarap ediljek syýahatyň we suwlardan gelen balyk Taňrysynyň efsanasynyň nädip dörändiginiň hekaýaty.
Ea gamgyn halda girdi ulaga, uçmak üçin buýruk berdi. Serkerdäniň oturgyjynda Ea däl-de Anzu oturdy. Adynyň manysy gökleri bilýän diýmekligi aňladýar. Şonuň üçinem ol ýörite saýlanyp alynypdy. Şazadalaryň biridi. Ene tarapy patyşa şejeresine baryp ýetýär.
Gök ulagyna erk etmek üçin saýlandy. Nibirudan kuwwat alyp beýige uçurdy-da ugruny uzakdaky Güne tarap öwürdi. On lig (Nibirunyň uzaklyk ölçegi), ýüz lig boýunça uçdy ulag; müň lige gadam basdy. Kiçi Gaga (Pluton) olara salam bermek üçin çykdy. Gahrymanlara hoş geldiňiz diýip habar ýollady. Mawy reňkli Antu (Uranyň ekiz taýy), owadan jadylaýjy zenan ýoly görkezdi. Anzu onuň owadanlygyna özüne çekijiliginden gözüni aýryp bilmedi. Onuň suwlaryny barlap göreliň diýdi Anzu.
Ea durman ýöremelidigini tabşyrdy. Onuň gitse gelmez ýolly saýýaradyr diýdi. Saýýaralar sanalanda üçünjisi bolan Anu (Uran) tarap dowam etdi ulag.
Älem saýýarasy Anu gytaklaýyn hereket edýän goşunlary (häzir onuň 27 hemrasynyň bardygy belli) tizlik bilen hereket edýärdi.
Synaýjy abzallar bu ýerde suwuň bardygyny görkezýärdi. Gerek bolsa gonmak üçin amatly saýýaradygyna yşarat edýärdi... Ea ýola dowam edeliň diýýärdi Anşara. Köp wagt geçezden Anşaryň (Saturnyň) öz duzagyna çekýän güýjiniň çekimi bildirip başlady. Onuň reňkli halkalaryndan gorkup haýran galdylar.
Anzu ulagy ussatlyk bilen ýola saldy. Çakyşma howpundan saklady.
Indiki gezek gabatlaşmaly saýýara mähnet Kişardy( Ýupiter)...

(dowamy bar)

1 лайков 55 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.