Sümer Plita ýazgylary (3-nji plita) -5 dowamy/
Planetanyň üçden iki bölegi gar reňkindedi (akdy); ortasy bolsa goýy reňkdedi. Ummanlary görünýärdi, sert topraklary hem görünýärdi. Alalunyň yşaratlaýan yşygyny gözleýärdiler. Bir ummanyň gury topraga süsňän ýerinde, dört derýanyň gamyşlyk bilen örtülen ýerinde Alalunyň yşaraty ýol görkezdi.
''Ulag gamyşlyga gonmaga uly we agyr geler-'' diýýärdi Anzu.
''Dünýäniň gury toprakdaky çekim güýji bilen ol ýere gonup bilmeris'' diýip Anzu ýene-de sözüniň üstüni ýetirdi. Ea, Anzuwa'' Suwa gon, ummanyň suwlaryna gon diýip gygyrdy''
GÄMI UMMANA GONÝAR
Anzu planetanyň töwereginde bir öwrüm aýlawyny edip ulaga ünsüni jemläp okeanlaryň kenaryna tarap aşaklady. Ulagyň uly kükregi howa bilen doldy; suwlaryň üstüne çümmezden ýöne gondy.
Ses berijiden ses geldi: ''Ýere hoş geldiňiz'' diýýärdi Alalu. Onuň sesi eşidileninde nirededigi bilindi.
Anzu ulagy şo ýana öwürdi, häzirlikçe ulag edil suwdaky gämi ýaly ýüzýärdi.
Bir az soňra giň okeanlyk daralmaga başlady; iki tarapda-da sakçylar ýaly görünmäge başlady gury toprak. Çep tarapda goňur reňkli depeler beýikdi. Sag tarapda bolsa başyny göge direýän daglar. Alalunyň mekanyna tarap ýüzüp barýardy ulag, suwuň ýüzünde.
Ilerde suwuň astynda galan gury topraklar göründi, okeanlaryň ýerini gamyşlyk büräpdir. Anzu gahrymanlara buýruk berdi; balyk geýmiňizi geýiň. Ulagyň bir gapagy açyldy we gahrymanlar batgalyga aýak basdylar. Ulaga güýçli ýükleri baglap ulagy çekdiler.
NIBIRU PLANETASYNDAKYLAR MESOPOTAMIÝA AÝAK BASÝARLAR
Alalunyň yşarat üçin ugradan sesi barha güýçlenýärdi: ''Howlugyň, howlugyň!'' diýýärdi gamyşlygyň kenarýakasynda. Seretseler Gün ýagtysyna ýaldyraýardy Nibirudan bir ulag; Alalunyň gök ulagydy ol! Gahrymanlaryň gadamlary barha artýardy.
Alalunyň ulagyna tarap ýöneldiler. Sabyrsyz Ea öz balyk geýimlerini guşandy. Ýüregi kükregine deprek kimiň urýardy.
Gamyşlyga girdi, kenaryna tarap tiz ädimleri bilen ýöredi. Gamyşlygy örtüp duran suw çuňdy.
Ýöremegi goý bolsun edip ýüzdi; Gury topraga golaý geleninde ýaşyl çaýyrlary gördi. Soňra aýagy gaty ýere degdi. Soň ýene pyýadalady.
Ileride Alaluny gördi; ellerini galdyryp bulaýlady. Suwdan çykan Ea Kenara geldi. Goýy reňkli Ýeriň üstüne çykypdy. Alalu ylgap baryp giýewsini garşy aldy, soňra ony gujaklady: ''Hoş geldiň başga planeta'' diýdi...
MESEPOTAMIÝADA GÖZLEGLER BAŞLAÝAR
Indi bolsa Eridunyň (Nibiru halkynyň Ýerde guran ilkinji şäheri) Ýerde nähili gurlandygynyň, ýedi gün hasabynyň nähili başlandygynyň hekaýasydyr (Töwratda aýdylýan ýedinji gün dynç güni diýilýän ritualynyň Sümer asyllydygyny häzir göreris!)
Alalu hiç zat diýmän uzak wagtlap ony gujaklap durdy. Gözleri begenç göz ýaşlaryna boguldy. Ea hormat bilen egildi onuň öňünde, gaýynatasyna sylag-hormatyny görkezdi. Gahrymanlar gamyşlyga tarap ilerledi. Käbiri balyk geýmine bürenip gury topraga barmak üçin howlukýardylar.
Araba suwuň ýüzünde dursun diýip buýrýardy Anzu. Suwlara baglap (demirläň) ýakyndaky kenar palçygyna golaý eltmäň! Gahrymanlar kenara çykdylar. Alalunyň huzurynda hormat bilen egildiler.
Anzu kenara bardy, ol iň soňunda ulagdan düşdi. Alalunyň huzurynda baş egdi. Alalu bilen gujaklaşdylar. Gelenleri gowy sözler bilen garşylady Alalu.
Soňra Ea şeýle diýdi: ''Bu ýerde biz serkerdelik ederis. Ölümden halas bolmak üçin geldik, Nibirunyň täleýi biziň elimizde...''
Soňra ol daş-töweregine garanjaklady, çadyr gurmak üçin ýer gözledi, soňra ol: Toprak üýşürip şu ýerden bir depe galdyryň'' diýdi. Soňra çadyr dikdiler.
ÝERIŇ GYSGA GÜNLERI NIBIRULYLARY GORKA SALÝAR
Görkezilen ýerde Alalu gamyşdan külbe çadyr gurdy. Soňra Anzuwa seslendi: ''Nibiruwa sesimizi ugrat, patyşa kakam Anuwa sag-aman gelip gonandygymyzy duýdur.
Köp wagt geçmänkä asmanyň reňki üýtgedi. Ikindin çagydy. Nibirulylaryň gözleriniň öňünde her hili hadysa bolup geçdi. Ýagny Gün gyzyl top ýaly bolup batyp gitdi. Gahrymanlar gorkdular ''Elhenç apat gelýär'' diýip ýürekleri agyzlaryna geldi.
Alalu olaryň bolşuna güldi-de şeýle diýdi: ''Bu Günüň aýlanyp baryşy, Ýerde bir günüň tamamlanýandygyny yşarat edýär. Gysga wagtlyk ýatyp dynjyňyzy alyň. Ýerde gije ynanar derejede däl. Gaty gysga. Soň ýene Gün çykýar, daň atýar, gündiz bolýar. Garaňkylyk aralaşdy. Dünýäni gökden aýyrdy. Garaňkylygy dilip geçýärdi ýyldyzlar. Ýyldyrym çakyp ýagyş ýagşy. Şemala garyldy ýagyş damjalary. Keseki bir Taňrynyň apy-tupanydy bular. Ulagyň içinde joňkarylyşyp otyrdy gahrymanlar. Olar biri-birlerine gysylyşdylar.
Dynç alyp ýatar ýaly däldi, örän birahatdylar. Günüň dogaryna garaşyp ýatdylar.
Günüň doganyna begendiler, şähdiaçyk halda biri-birleriniň arkasyna el bilen kakan boldylar. Agşam boldy, daň atdy we Ýerde ilkinji gün boldy. Gün agaranda Ea etmeli işlere ýolbaşçylyk edip başlady; bar ünsüni suwlary, suwlardan aýyrmak boldy.
Engury süýji suw çykarmak üçin wezipe berdi. Alalu ýylan kölüne tarap gitdi. Onuň süýji suwlary bardy. Kölde erbet ýylanlar bar'' diýip Engur serkerde Ea aýdyp berdi.
(dowamy bar)
SÜMER PLITA ÝAZGYLARY
Terjime eden: Zakariýa SIJIN
Terjime eden: @Jeksparo

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.