Sümer Plita ýazgylary (3-nji plita) -4 dowamy
ÄLEM GÄMISI DÖWÜLEN BILEZIGE (ASTEROIDE) ARALAŞÝAR
Onuň çekiş güýji örän güýçlidi. Anzu usullyk bilen ulagyň rotasyny (ugruny) başga tarapa aýlady. Kişar (Ýupiter) bu gök ulagyna gaharyndan ýaňa ylahy ýyldyrymlar atdy. Goşunyny bu çakylyksyz gelene tarap ýollady. Kişar (Ýupiter) ýuwaşlyk bilen aradan aýryldy. Şol barmana ulag ondan soňky duşman bilen pete-pet sataşdy. Bäşinji planetanyň aňyr tarapynda döwülen bilezik (Mars planetasynyň öňündäki Asteroid halkasy) bardy.
Ea özüniň döreden suw atyjysyny taýýarlamagy buýruk berdi. Öz töwereginde tizlik bilen aýlanýan goja gaýalyklardan düzülen goşuna tarap ulag uly tizlik bilen gelýärdi.
Ol gaýalaryň her biri wagşylarça sapandan atyljak daşlara meňzeýärdi. Eanyň buýrugy bilen müň gahrymanyň kuwwatyna barabar suw atyldy.
Ýöne ýok bolan her bir goja gaýanyň ýerine başga biri geçýärdi. Sanlary sanardan kändi. Tiamatyň ikä bölünendigine ary köyen goja gaýalardan ybarat goşun. Ea buýruk üstüne buýruk berdi, wyzzyllaýjy suw atyjysyna.
Gojaman gaýalardan düzülen goşunlara suw goýberildi, ahyry geçer ýaly ýol açyldy. Ulag hiç zyýan çekmezden ýoluna dowam etdirdi.
EANYŇ TOPARY ASTEROID GUŞAKLYGYNY GEÇIP MARSA GONÝAR
Gahrymanlaryň şähdi açyk şadyýan gykylyklary tutuş ulagyň içini gurşap aldy. Günüň perdesi açylanda bolsa keýpleri has hem göterilidi.
Joşgunly gykylygyň arasyny Anzu böldi: ''Döwük bizelikden geçmek üçin gaty köp suw sarp edildi, Ulagyň otly daşlary suwuň kömegi bilen herekete geçiriji syýahatyň dowam etmegine ýetmese gerek. Garaňkylykda 6-njy saýýarany görse bolýardy, Günüň şöhlesi aýdyň görünýärdi.
'' Lahmuda (Marsda) suw bar'' (eseriň dowamynda Marsyň Nibiru saýýarasynyň täsiri astynda zyýana ugrap suwuny ýitirendigini göreris) diýýärdi Ea. Ol ýene-de şeýle diýip sözüni dowam etdirdi: ''Ulagy onuň üstüne gonduryp bilersiňmi'' diýip sorady Anzuwa. Anzu ulagy ussatlyk bilen Lahmu saýýarasyna öwürdi. Bu gök Taňrysyna pessaýladygyça onuň daşyndan bir gezek aýlandy.
Saýýaranyň çekijiligi güýçli däldi, bu çekimi bilen gonmak aňsat bolar diýdi Anzu. Örän reňkleç, haşamatlydy Lahmu. Ak garlary, ortasy gyrmyzy reňkde we edil ortasynda ýyldyrap durdy kölleri we derýalary.
Anzu ökdelik bilen ýuwaşlatdy ulagy; bir kölüň kenaryna asuda gondy. Ea we Anzu bürgüt kaskalaryny kellelerine geýdiler. Gaty topraga aýak basmak üçin aşak düşdiler.
Buýruk bilen gahrymanlar suw çekijini uzatdylar; Ulagyň iç howuz kysymly kölüň suwlaryndan dolduryldy. Ea bilen Anzu bolsa töweregi barlagdan geçirýärdiler. Synaýyjy we barlaýjy bilen meseläni çözdüler.
NIBIRULYLAR ÝERE GONÝARLAR
Suwdan içse boljak ýöne howasy ýeterlik däl. Bu bolan zatlary Ulagyň ýyl ýazgylaryna bellik edildi. Ulag ýoldan çykmaz ýaly ätiýaçlandyryş işlerini gördüler. Işleýiş guratlanan ulag ýokary galyp süýnüp gitdi. Hoşniýetli Lahmu (Mars) bilen hoşlaşdylar.
Kän daş bolmadyk ýerde (Ýer) aýlanýardy. Ýer we onuň ýoldaşy (Aý) ulagy garşyladylar. Serkerde oturgyjynda Anzudan ses çykmaýardy. Ea dymýardy hiç zat diýenokdy.
Gonmaly menzilleri öňlerindedi, onuň altyny Nibirunyň halasgäri bolmaly ýa-da belasy. Ulag pessaýlamasa Ýeriň galyň atmosferasynda ýanyp kül bolar diýip Ea Anzuwa ýaňzytdy.
Ýeriň ýoldaşy Aýyň töwereginde aýlanyp bir az tizligini gowşadalyň diýip Ea sözüniň üstüni ýetirdi. Aýyň daşyndan aýlandylar; Nibirunyň gök söweşinde derbi dagyn bolan Aý boýny egik ýagdaýda ýaraly ýatan ýalydy.
Ulagy şeýle ýagdaýda pessaýladan Anzu ony ýedinji saýýara tarap ugrukdyrdy. Ulag bilen Ýeriň daşyndan bir-iki aýlaw edip ony topraga bakan alyp gitdi.
Sümer ýazgylaryna düşündiriş beren: Zakariýa SIJIN
Terjime eden: @Jeksparro

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.