Bu dünýä

BU DÜNÝÄ

Ýaşaýyş — eşret-aýyşmyň?
Ajal — bakylyga yşmyň?
Men eýýamyň öweý ogly
Haýsyň aldyň buz deý yşgym?

Ömür — kätip, ölüm — kämil
Kaýan ýüzüp barýaň gämim?
Geçmiş — gije, geljek — gije
Bolanda nä! Haýsyň nänim?

Men geýmedim hüýpüpik täç,
Gallaç ýatdym güýlünip kän.
Menem bu dünýäň ýüzüne
Tüýkürilen tüýkülik däl!

Ömre baha goýlan — nepdir,
Ynsan derdi gepden depdir.
Ömür diýlen — ölmek üçin
Bize bir berlen müddetdir.

Akyl paýhas nämä zerur
Tapmasaň sen gidere ugur
Sen nä!
seniň pelegiň hem
Ugur tapman aýlanyp dur...

Ýaşaýyş — wagtyň ýadydyr,
Adamzat — Ýeriň adydyr.
Bu dünýäde ezraýyl ýok
Her kimse öz jelladydyr.

Adam, seniň pikriň nädir?!
Yz goýsam diýp netiň badyr.
Dünýäň özi mawy ummanda
Ýitip giden bir dünýädir.

Gören zadym ýok gelibem,
Görmen gara ýer bolubam.
Nobatguly, bu dünýäden
Sypyp bilmersiň ölübem.

Nobatguly REJEPOW
4 лайков 85 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Anna
19 апр 2023, 15:01
Sen olendenson seni hossarlaryn yatlar,olaram olendenson seni hickim yatlamaz,shunlukda sen bolmadyk yaly bolarsyn