"Ýaşaýyş — wagtyň ýadydyr..."
BU DÜNÝÄ
Ýaşaýyş — eşret-aýyşmyň?
Ajal — bakylyga yşmyň?
Men eýýamyň öweý ogly
Haýsyň aldyň buz deý yşgym?
Ömür — kätip, ölüm — kämil
Kaýan ýüzüp barýaň gämim?
Geçmiş — gije, geljek — gije
Bolanda nä! Haýsyň nänim?
Men geýmedim hüýpüpik täç,
Gallaç ýatdym güýlünip kän.
Menem bu dünýäň ýüzüne
Tüýkürilen tüýkülik däl!
Ömre baha goýlan — nepdir,
Ynsan derdi gepden depdir.
Ömür diýlen — ölmek üçin
Bize bir berlen müddetdir.
Akyl paýhas nämä zerur
Tapmasaň sen gidere ugur
Sen nä!
seniň pelegiň hem
Ugur tapman aýlanyp dur...
Ýaşaýyş — wagtyň ýadydyr,
Adamzat — Ýeriň adydyr.
Bu dünýäde ezraýyl ýok
Her kimse öz jelladydyr.
Adam, seniň pikriň nädir?!
Yz goýsam diýp netiň badyr.
Dünýäň özi mawy ummanda
Ýitip giden bir dünýädir.
Gören zadym ýok gelibem,
Görmen gara ýer bolubam.
Nobatguly, bu dünýäden
Sypyp bilmersiň ölübem.
LEGZEBAN
(Dostum Saýlaw Myradowa)
Sen haýsy asyrda galdyň legzeban*
Nirde galdy seniň garyp guburyň?
Sen haçan hesretden gandyň, legzeban,
Durmuş seni haýsy öwrümde taşlady?
Aýt, legzeban, adam haçandan bäri
Diňe öz agysyn aglap başlady?
Men munda derdimi egisebilmän
Agy bolup durun,
Ses bolup durun.
Ah, legzeban, saçlaryňy ýaýyp gel,
Gel, ýanyp gel, ýüze ur-da penjäňi.
Ses etseň bes,
dyňzap gider böwedim
Orlaşaly,
Kakaly biz legzäni.
Meniň ýakynym kän,
Dosty-ýarym kän,
Meger, gözýaş damsa gerek meýdime.
Sen agymy aglap ber men dirikäm,
A men bolsa möňňüreýin keýpine.
Enem bolup,
sen agymy aglap ber,
Agam bolup,
atam bolup çek ýasy.
(Adamzadyň agy-da bir aýdymy!).
Begense, dirileň artar bir ýaşy,
Gynansaň, ölüleň artar arzysy.
Aglaly,
gel,
orlaly biz legzeban,
Gadymýetdan hany bäri bir eset.
Hol dirkildäp barýan ýaşajyk melek -
ýaşajyk jeset!
Hol gülüşip barýan mähellä eset,
Men olara belet! - Jeset!
Hol, jelep - jeset!
Menem,
olam,
bulam - jeset!
Barysy - jeset!
Ýaşan ýaşy - jeset,
manysy - jeset!
Ýaşap ýörüs birçak ölenmiz bilmän,
Ekýäris bolsady,
çekýäris aýyş.
Ýa düýbünden meniň aýlanýar kellem,
Ýa ornun çalşypdyr
ölüm - ýaşaýyş.
Saçyň ýaýyp aglasana, legzeban,
Senden gaýry adam ogly ses etmez.
... Han-ha, ýene-de bir diri ýigidi
Gabrystana alyp barýar jesetler!
*ýörite aglaýjy
Nobatguly REJEBOW
Ýaşaýyş — eşret-aýyşmyň?
Ajal — bakylyga yşmyň?
Men eýýamyň öweý ogly
Haýsyň aldyň buz deý yşgym?
Ömür — kätip, ölüm — kämil
Kaýan ýüzüp barýaň gämim?
Geçmiş — gije, geljek — gije
Bolanda nä! Haýsyň nänim?
Men geýmedim hüýpüpik täç,
Gallaç ýatdym güýlünip kän.
Menem bu dünýäň ýüzüne
Tüýkürilen tüýkülik däl!
Ömre baha goýlan — nepdir,
Ynsan derdi gepden depdir.
Ömür diýlen — ölmek üçin
Bize bir berlen müddetdir.
Akyl paýhas nämä zerur
Tapmasaň sen gidere ugur
Sen nä!
seniň pelegiň hem
Ugur tapman aýlanyp dur...
Ýaşaýyş — wagtyň ýadydyr,
Adamzat — Ýeriň adydyr.
Bu dünýäde ezraýyl ýok
Her kimse öz jelladydyr.
Adam, seniň pikriň nädir?!
Yz goýsam diýp netiň badyr.
Dünýäň özi mawy ummanda
Ýitip giden bir dünýädir.
Gören zadym ýok gelibem,
Görmen gara ýer bolubam.
Nobatguly, bu dünýäden
Sypyp bilmersiň ölübem.
LEGZEBAN
(Dostum Saýlaw Myradowa)
Sen haýsy asyrda galdyň legzeban*
Nirde galdy seniň garyp guburyň?
Sen haçan hesretden gandyň, legzeban,
Durmuş seni haýsy öwrümde taşlady?
Aýt, legzeban, adam haçandan bäri
Diňe öz agysyn aglap başlady?
Men munda derdimi egisebilmän
Agy bolup durun,
Ses bolup durun.
Ah, legzeban, saçlaryňy ýaýyp gel,
Gel, ýanyp gel, ýüze ur-da penjäňi.
Ses etseň bes,
dyňzap gider böwedim
Orlaşaly,
Kakaly biz legzäni.
Meniň ýakynym kän,
Dosty-ýarym kän,
Meger, gözýaş damsa gerek meýdime.
Sen agymy aglap ber men dirikäm,
A men bolsa möňňüreýin keýpine.
Enem bolup,
sen agymy aglap ber,
Agam bolup,
atam bolup çek ýasy.
(Adamzadyň agy-da bir aýdymy!).
Begense, dirileň artar bir ýaşy,
Gynansaň, ölüleň artar arzysy.
Aglaly,
gel,
orlaly biz legzeban,
Gadymýetdan hany bäri bir eset.
Hol dirkildäp barýan ýaşajyk melek -
ýaşajyk jeset!
Hol gülüşip barýan mähellä eset,
Men olara belet! - Jeset!
Hol, jelep - jeset!
Menem,
olam,
bulam - jeset!
Barysy - jeset!
Ýaşan ýaşy - jeset,
manysy - jeset!
Ýaşap ýörüs birçak ölenmiz bilmän,
Ekýäris bolsady,
çekýäris aýyş.
Ýa düýbünden meniň aýlanýar kellem,
Ýa ornun çalşypdyr
ölüm - ýaşaýyş.
Saçyň ýaýyp aglasana, legzeban,
Senden gaýry adam ogly ses etmez.
... Han-ha, ýene-de bir diri ýigidi
Gabrystana alyp barýar jesetler!
*ýörite aglaýjy
Nobatguly REJEBOW
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.