Sümer Daş plita ýazgylary (1-njy Plita) /-10 dowamy/
ALALU GÄMISI BILEN ÝERE GAÇYP GELÝÄR
Alalu bu tutluşykda ýeňilen soň; Anu alkyşlanyp patyşa diýlip yglan edilýär. Anu köşge baran wagty; Alalu köşge dolanyp barmady.
Köpçüligiň içinde zym-zyýat bolup ýitdi; Lahma ýaly ölmekden gorkýardy. Hiç kimiň habary bolmazdan, gök (älem) ulaglarynyň durýan ýerine aralaşdy.
Olaryň birine münüp, gapagyny ýapdy. Öň tarapdaky otaga girdi we serkerdäniň oturýan ýerine geçdi. Ýol görkeziji yşygy ýakdy; otaga mawy reňk çaýylan soň ot açyjy daşlary oýnaşdyrdy. Uwwuldysy edil bir saz ýaly jadylaýjydy.
Ulagyň beýik atyjylygyny sazlady; gyrmyzy reňkli parlaklyk ýandy. Entek hiç kimiň habary hem ýokga Alalu gök (älem) gämisiniň içinde Nibirudan gaçdy. Alalu ugruny gar reňkli Ýere öwürdi, başlangyja degişli bir syr sebäpli saýlap alypdy bu ugry...
2-NJI SÜMER PLITA ÝAZGYSY
Alalu ugruny gar reňkli Ýere (buz eýýamyny düşündirjek bolýanlygy ähtimal) öwürdi, başlangyja degişli bir syr sebäpli saýlap alypdy bu ugry. Gadagan edilen, öň hiç kimiň gitmedik ýerlerinden geçdi Alalu. Hiç kimem döwük bilezikden geçmäge gurbaty çatmaýardy. Başlangyçdan galan bir syr sebäpli saýlapdy Alalu ugruny.
Nibirunyň täleýi elindedi, patyşalygyny yzyna gaýdyp alyp boljakdy.
Nibiruda galsa iň soňy ol kowuljakdy; boýun alyk ölümiň tüýs özi boljakdygyna gözi ýetýärdi. Planyna görä ýeke täk çykalga howply ýollara çykmakdy; eger başaryp bilse soňy ýeňiş bilen sylaglanjakdy. Süýnýän bürgüt ýaly parran atan Alalu gökleri geçdi! aşakda Nibiru boşlukda asyl-asyl bolup duran top ýalydy. Şekili jadylaýjydy; ýagtylygy töweregine saçyp duran gökleri tutup durdy.
Ululygy buýsançlydy; ýagtylygy uzaklary aýdyňlatýardy. Ýaşaýyşy goraýan, reňki gyrmyzy bolan örtügi tolkun atýan deňiz ýalydy. Edil ortasynda bolsa gädik, garalan ýara ýaly bildirip dur. Täzeden aşak seretdi; giň ýarym kiçelip gidipdir. Täzeden aşak seretdi; Nibirunyň beýik topy kiçijek miwe ýaly bolupdyr. Täzeden seredende Nibiru edil Tümlük deňzinde gözden ýiten ýaly boldy.
Puşmanlyk Alalunyň kalbyny gorka saldy. Alalu duraýyn diýdi, soňam ýene ugruna tarap ýöneldi. Ulag ýüz lig gitdi, müň lig gitdi, on müň lige gitdi we Alalu integem ýoluna dowam edýärdi.
Özüne çekiji göklerde garaňkylygyň goýusyndady; öran uzaklardaky ýyldyzlar bolsa gözlerini gyrpýardy.
ALALU GÜN SISTEMASYNA GELIP GIRÝÄR
Gaty köp esse lig ýol aşdy Alalu, ýüzüni güldüren bir sahna kaklyşdy gözüne. Gögüň giň boşlugynda, gökleç barlyklaryň ilçisi salamlap garşylaýardy ony. Kiçi Gaga (Pluton) ýoly görkezip Alaluwa salam berýärdi, oňa hoş geldiň diýip ýol açýardy. Egri ýöreýşi bilen gökdäki barlyk Antunyň (Neptunyň) öňünden we yzyndan ýolçulyk etmekdi täleýi.
Gysga wagtdan soň Anti (Uranyň bir wagtlar bar bolandygy aýdylýan ekiz taýy), ady patyşa Anşar (Saturn) tarapyndan berilen barlyk garaňkylygyň çuňlugyndan gitdigiçe ulaldy.
Reňki dury, suwly mawydy. Ol ýokary suwlaryň başlangyjydy. Onuň owadanlygy Alaluny jadylady; onuň uzaklygyndan ýoluna dowam etdi. Daşlykda Antunyň ýan-ýoldaşynyň yşygy göründi. Görnüşi Antunyňka meňzeşdi. Ýoldaşynyň ekiz - taýydy, ýöne Anu (Uran) ýaşyl mawy reňke çalymdaşdy.
Gözüňi gamaşdyran bir goşun onuň daşyny töwerekläp tutup durdy (Uranyň halkasy). Bu iki gök barlygyna güýç-kuwwat aldy Alalu. Gaganyň ýoly integem bildirip durdy. Gadymky hojaýnyna bir wagtlar ýoldaşlyk eden gökdäki barlyga giden ýoly görkezýärdi.
Gökleriň öňde gelen şazadasyna Anşara (Saturna) dogry ugur bilen barýardy Alalu.
Anşaryň duzaga çekýän çekimini Ulagyň tizlenmesinden duýýardy Alalu. Ulagyny gözüňi gamaşdyryp barýan parlak halkalar jadylaýardy.
Alalu derrew ugruny beýle tarapa üýtgetdi; ýoly görkezen gudraty bilen onuň ünsüni sowdy. Şol arada oňa läheňi göründi: Örän uzak göklerde, maşgalanyň parlak ýyldyzy saýlanmalydy. Bu gezek oňa iň gorkunç barlyk göründi. Onuň kysmatynda mähnet janawer aýlanýardy. Günüň üstüne goýulaşan bir kölege düşüren Kişar (Ýupiter) ýaradanjasyny ýuwduberdi. Gorkunç wakady bu! Bu erbet alamat diýip düşündi Alalu. Äpet Kişar, saýýaralaryň başy ýaly özüne çekijidi.
Burgaçlanan tupan-şemallar örtýärdi ýüzüni, aralarynda reňkli nokatlar hereket edýärdi; käbiri gaty hereketli, käbiri ýuwaş hereketli bolan, özem sanýetmez köplük goşun gök taňrysyny gurşap alandy. Ýollary düzüw däldi; eýläk-beýläk gaýýardy. Kişar (Ýupiter) özbaşyna bir efsun ýaýýardy. Ylahy ýyldyrymlar atýardy. Alalu oňa tarap hereket ediberende ugry bozulyberdi birden, ugruny ýitirdi, çykgynsyz ýagdaý boldy. Çuňlukdaky garaňkylyk dargamaga başlady we Kişar (Ýupiter) özbaşyna aýlawyna dowam etdirdi.
ALALU ASTEROID GUŞAKLYGYNA ARALAŞÝAR
Ýuwaş hereket edýärdi, parlaýan Günüň üstünden galdy; hälden bäri çykman, birden çykdy orta. Alalunyň kalbyny dolduran heýjan uzak dowam etmedi. Bäşinji saýýaranyň aňyrsynda iň uly howp duzak gurup garaşýardy; örän gowy bilýärdi muny. Döwülen bilezik (Asteroid guşaklygy) höküm sürýärdi; ýykyp ýok etmek üçin garaşýardy. Gaýalardan we uly daşlardan bir ýere toplanyp döwülen ýalydy. Enesiz ýetimler ýaly bir ýerdediler. Eýläk-beýläk gaýyşyp, geçmişde galan kysmaty yzarlaýardylar.
Edýänleri erbetlikdi; bir usulyýeti bela-beter getirmekdi. Awa çykan ýolbarslar ýaly parçalap ýuwdupdylar Nibirunyň ulaglaryny.
Ýaşamak üçin gerekli bolan altyny çykarmakdan tama üzüpdiler.
Alalunyň ulagy öňüni-yzyny saýgarmazdan döwülen bilezige dogry, wagşy gaýalar bilen ýüzleşmäge gidýärdi mertlerçe.
Alalu ulagyndaky ot açyjy daşlaryny has güýçli ýagdaýda ýerleşdirdi. Ýoly görkezýän bilen, ellerini titretmän ugrukdyrdy. Bolgusyz beýik gaýalar söweşde duşmana garşy çozuş edýän ýaly ulaga tarap süýşeneklediler.
Alalu olara tarap ulagdan öldüriji oky atdy.
Soňra duşmana sarsdyryjy oklardan birini ýene bir sapar, soňra ýene birini atdy.
Goja gaýalar gorkudan ýaňa sandyraýan esgerler ýaly bolup dargadylýar; Alaluwa ýol açdylar. Jadylanan ýaly bolup açyldy döwülen bilezik, edil patyşahy äleme açylan gapy ýaly. Garaňkylygyň çuňlugynda Alalu gökleri aňsatlyk bilen synlady welin bilezigiň (Asteroid) wagşylygy ýeňip bilmändi ony, Alalunyň uçuşy dowam edýärdi.
Uzakda Günüň ýangynly topunyň gyzgynlygy uzaklardan bildirip durdy. Onuň öňünde ugruny
aýlaýan gyzyl-goňur reňkli saýýara Lahmu (Mars) bardy. Hasaba görä ol altynjy gök barlygydy...
Zekeriya SIJIN
Terjime eden: @Jeksparro

5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.