Sümer Plita ýazgylary (2-nji plita) /-5 dowamy/

ALALU ALTYN GÖZLEMÄGE BAŞLAÝAR

Gün şöhlesiniň parlaklygy azalyp ugrady; ulaga baranynda howa garaňkydy. Günüň gysgalygyny düşündi Alalu; Günüň gysgalygy ony geň galdyrdy.
Gamyşlygyň aňyrsyndan bir ýagty top ýokarlygyna galdy (Aý dogýar). Görse öňki aýdylan hekaýatyň (Nibirunyň Tiamaty heläkleýiş hekaýasy) dogrydygyna düşünip galdy.
Saýýaralar we olaryň aýlawlary; döwülen bilezik , Ýer Ki, onuň hemrasy Kingu, hemmesi bir gezekde ýaradylandygyna, altynyň hem tutuş Nibiruny halas etjekdigi hakyndaky dogry çeşmelere göz ýetirdi.
Alalu titreýän elleri bilen synaýjyny Ulagyň bir tarapyndan çykardy. Titreýän elleri bilen balyga çalymdaş geýmini geýdi. Çaltlyk bilen dogjak Güne höwes bilen garaşdy. Daň şapagy atyberende ulagdan çykdy, gamyşlygyň içine girdi. Çuň suwa girip synaýjyny suwa çümdürdi.
Höwes bilen synaýja seretdi. Synaýjy suwuň içini görkezýärdi, tapyndyny symbollar hem-de sanlaryň üsti bilen duýdurýardy.
Bu duýduryş suwda altynyň bardygyny görkezýärdi. Alalu heýjana geldi, ýürek urşy duran ýaly boldy. Begenjinden ýaňa titreýän aýaklary öňe ädim ädýärdi, synaýjynyň tutan ýeri altyndy.

ALALU ALTYNY TAPANDYGYNY NIBIRU PLANETASYNA ÄŞGÄR EDÝÄR

Alalunyň begenjiniň çägi ýokdy, bogazyndan atylyp çykan gykylygyny hiç hili ses bilen deňär ýaly däldi. Indi hakykatdanam Nibirunyň täleý-kysmaty elleriňdedi.
Ulaga dolanyp baryp balyga çalymdaş geýmini çykardy we serkerde oturgyjyna geçip ornaşdy. Nibirunyň ugruny tapmak üçin takdyr plita tabelini janlandyrdy.
Her hili sözleri barlaşdyryp gördi, sözler Nibiruwa barmalydy. Soňra Nibiru planetasyna şu sözleri ugratdy: Beýik Alalunyň sözleri, Nibirudaky Ana seslenýär. Başga saýýara geldim, halas etjek altyny tapdym, Nibirunyň geljegi meniň ellerimde, şertlerimi gulak asyp diňle...



(2-nji plita ýazgysynyň soňy)

Sümer ýazgylaryny özleşdirip terjime eden: Zekeriýa SIJIN

Terjime eden: @Jeksparro

(dowamy bar)
3 лайков 107 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
14 апр 2023, 23:58
3njin sony diypsin, 2njin dalmina
Jeksparro
Автор 15 апр 2023, 00:09
Howwo şo diýjegimedä köpeý ogul düzediberdä ataň käýýäp durmaý näme? ??
Jeksparro
Автор 15 апр 2023, 00:10
Khanture
3njin sony diypsin, 2njin dalmina


2-nji diýip dura köpeý ogul, näme gygyrtýaň meni! ???
#B.S
15 апр 2023, 00:36
????