Iliň çagasy bela ýaly (bolan waka)
Iliň çagasy bela ýaly (bolan waka)
- Tüweleme iliň çagasy bela ýaly . Hana Salyha seret okuwdan çykyp gowaça ýygmana gidip pul gazanýar.Senem şonuň ýaly oglan. Hatda Salyh senden kiçi dälmi?
- Howwa iki ýaş kiçi.
- Ana gördüňmi özüňden kiçem bolsa bela ýaly .
Men ejemden şu sözleri eşidip şol günüň özünde öýlänlik bela ýaly Salyhyň ýanyna bardym. Salyh ýokarda belläp geçişimiz ýaly menden iki ýaş kiçi (1998-nji ýyl) etli ganly oglan. Olar biziň iki jaý ýokarymyzda ýaşaýar. Barsam Salyh şol wagt gowaçadan geläýen wagty eken.
- Salyh näýlow,gowmy taplar?
- Ýagşy Gerçek gowmy özüň?
- Gowylaý armada
- Bar bol
- Gowaçadan gelýäňmi?
- Howwalaý
- Bizem gidip bilmerismi dost?
- Neme -diýip Salyh az owlak sägindi ,soňra bolsa :
- Bolar dost ertir günortan okuwdan soň geläý. Ýöne elligiňi , ädigiňi ,gowja palto zat geýip gelgin.
- Bolýar
- Wi ýanyňa oragam al
- Bolýar.Gowaça ýygmana nirä gidýäňiz?
- Obanyň o başyna-diýip Salyh eli bilen gündogar tarapy görkezdi.
- Hä dogry -diýip men Salyh bilen başga temalardan gürrüňimi dowam etdirdim...
Iliň çagasy bela ýaly (bolan wakanyň dowamy )
Ertesi gün günortan okuwdan gelip iýip-içip ,gowja geýinip oragymy alyp ýola çykdym.Ilerime seretsem Salyham oragyny alyp gelýän eken. Ýol ugruna bize Salyhyň klasdaşy Ezizem goşuldy.Biz üç bolup obanyň gündogarsyna baryp,pagtasy goly ýygylan gowaça çöpüni ýygmana başladyk. Elbetde ol wagt ekiniň eýesinden soraşylgydy.Gyş pasly bolan soň howa birneme sowukdy.Ýöne "Hereket etseň gyzýaň"diýip gyzgynymyza işläp ýördik .Ine şeýdip men bela ýaly Salyhyň ýanyna goşulyp gowaça gatnap başladym.Bir hepde gatnanymdan soň men bir zada düşündim. Aslynda Salyh bilen Eziziň gowaça gatnaýanynyň sebäbi çilim,nas puly edinmek üçin eken. Ýogsa gowaça ýygyp kän zadam gazanmaýan ekenler. "Çilim puly bolsa bolýar"diýip günde şeýdip gowaça gatnaýardylar. A men bolsa çilimem çekemok , nasam atamok. Iliň çagasy ýaly bela bolmagam gerek däl eken.
Gerçeknazar Amannazarow.

9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.