"Illerä bela ýaly"düşünjesi

Biziň ejelerimiziň çaga terbiýesinde gaýtalamagy gowy görýän bir sözi bar. Ol söz hem “Iliň çagasy bela ýaly”. Käbir ejeler çagalaryny ýaşlykdan “Sen hiç zat başaraňok. Sen eliňden zat gelenok. Sen ýalta, sen iş ýakmaz. Sen hemişe şu bolşuňa galarsyň. Sen hiç wagt düzelmersiň. Hana pylanyň oglyna seret. Eýýäm maşyn münüp, jaý galdyryp ýör. Hana deň duşlaryň eýýäm çagasyny gujaklap ýör” ýaly sözleri gaýtalamagy gowy görýärler.
Şular ýaly sözler bilen ulalan çaganyň özüne ynamy pes bolýar. Özüni bir iş etmäge ukypsyz hasaplaýar, sussupes bolýar. Özüne ynamlylyk gaty gerekli zat. Käwagt özüne ynamy pesligi üçin hasaplanýar, başgalar tarapyndan äsgerilmeýär. Soňabaka bu çaga gorkak, sussupes, özüne ynamy pes, näme iş etse aljyrap çyndanam ynam pesligi sebäpli başarmaýan adama öwrülýär. Käwagt bu çaga özüne ynamsyzlygyny başgalara gödeklik edip, başgalary kemsidip gidirjek bolýan gödek adam bolup ýetişýär.
Daş töweregimizde görýän gödek adamlarymyz , bizi kemsidip gürleşýän adamlar aslynda özüne ynamsyz, ýöne muny başgalary kemsidip gizlejek bolýan adamlar.
Käwagt bolsa çaga-da ýuwaş ýuwaş ejesiniň hemişe öwüp görkezýän iliň çagasy diýlene ýigrenç, görüplik döräp başlaýar. Meselem ejesi “Sen Amança ýok” diýip oglyny kemsidýär, ogly hem her gezek Amany görende ejesiniň aýdan sözleri, özüniň Amança ýoklugy ýadyna düşüp, Amany ýigrenip, oňa gizlinlik bilen görüplik edip başlaýar. Käbir ýagdaýda bolsa ol Aman bilen ýaryşyp , nämede bolsa ondan öňe geçip ejesine Amança bardygyny subut etmäge çalyşýar.
Soňra bolsa adamlar bir biri bilen ýaryşýar, näme üçin ilden kem bolmajak bolýar diýip haýran galýarys. Sebäbi bütin il “Iller bela ýalydyr” öýtýär. Gapdalynda aç otyran goňşusyny görüp, şükür etmän, beýleki gapdalyndaky goňşusynyň kaşaň jaýyny görüp, ýaryşjak bolýar. Öz durmuşyndan lezzet alyp bilenok. Ol goňşusy ýaly kaşaň jaý gursa bu gezek uzakdaky başga bir baý bilen ýaryşyp başlaýar.
Iller bela ýalydyr öýtýän adamlar ile kömek edesi hem gelenok. Sebäbi kömek etse, öňem bela ýaly il bu gezek ondan hasam ozduryp öňe gider öýdüp gorkýar. Adamlar bir biriniň aýagynyň aşagyny gazmaga başlaýar.
Bir mysal, garyndaş gyzym joralaryndan nädip Ýewropa okuwa girmelidigini sorasa, bilselerde aýtman, anyk jogap bermän gürrüňi düşnüksiz gutarypdyrlar.
Soň men oňa nädip Ýewropa gidip boljakdygy hakda derňeşdirip maglumat ibersem, iller hijem aýdasy gelenok sorasaň diýip begenip sagbolsun aýtdy. Dogrusy men düşünýän, näme üçin illeriň aýdasy gelmeýänini. Sebäbi çyndanam uly kiçi hemme bir biri bilen ýaryş içinde. Kimdir biriniň özünden öňe geçmeginden gorkýarlar.
Adamlar öz arasynda gürrüň edenlerinde “Hiç kime ynanmaly däl. Ýokary dyrmaşýan bolsaň, başarsalar aýagyňdan aslyşjaklar, ýokardakylar başarsa depäňden basjak. Hiç kim seniň öňe gitmegini islänok” diýen gürrüňler edýärler.
Köp adamlar başgalaryna garşylyksyz kömek etjek bolup ylgamagy akmaklyk, sadalyk, agzy açyklyk, ejizlik hasaplaýar. Akylly adam bolsa öz bilýänlerini aýdyp ýörmeýän, diňe bilýänini özi ulanýan, başgalar kömek soranda ýa da nädip edilýänini soranda hem gysga, göwünli göwünsiz, ulumsy jogap bermegi akyllylyk hasaplaýar.
Ýöne adamlar bir birine görüplik etse şol halk ösüp bilermi? Adamlar hatda bir birekden bilýan maglumatlaryny hem gizleseler şol halk ösüp bilermi? Maglumat pul ýaly däl, paýlaşsaň gutaranok. Maglumat gaýtam paýlaşdygyňça köpelýär, paýlaşdygyňça ösýär, gülleýär, miwe berýär.
Ýeke ýeke üstünlige ýetmek kyn. Goý goňşymyzyň ogly Aman has ökde bolsun, gelip uly kompaniýa açyp birgiden işsiz adamlary iş bilen üpjin etsin. Goý Türkmenler bilen däl, daşary ýurtlylar bilen ýaryşalyň. Bir birege bolsa goldaw bolalyň
16 лайков 336 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress21
14 апр 2023, 07:38
Berekella, islenende begenip okaýan mowzuklarymyň biri seňki dost.
RelaX
14 апр 2023, 08:04
Maña şu sözi aýdylanda hic kime hic hili goriplik duysgysy bolmanda seabi şeýle bir zat bar Aman men dal Men Aman dal Aman kitap okap dync alyan bolsa men Aydym dinlap dync alyan hokman bir adam şo zatdan okde boldy diyip senem şony etjek bolmady her bir adam aýratyn şahsyýet herkimin ozine gora hobiisi bar her kimin oz onaryan basaryan isleri bar men Amanyn eden isini edip bilmezmigim mumkin Amanam men edyan isimi edip bilmezligi mumkin her bir Ene-Ata cagasyna oz dusunjesine gora adam etjek bolya yone hokman cagan ene-atanky yaly dusunjede dogulmaly diyen yeri yok ol cagan dunya garaysy basgadyr kim bilya ol ot yaly diyen oglandanam basga islerde okdedir bu zat opsim şahsyyet meselesine degisli.
Gerceknazar
14 апр 2023, 08:07
Hakykatdanam gowy düşünýäň bar eken. Gowy mowzuk döredip paýlaşanyňa sag bol . Esasam ejelerimizde bar şular ýaly göýdük düşünjeler. "Aýalda akyl bolmaz" diýilýänem şondan. Menem şu temadan hakyky öz durmuşymda bolan wakany ýazmakçy.
Yusup
14 апр 2023, 08:22
Ganynda goruplik bar bolsa ony hic uytgedip bolmaz. Shonun ucin chagany terbiyelanda planyn chagasy yaly diyip terbiyelap ganyna goruplik guysan ol hasiyet olenden son jan bilen chykyar. Shonun un ilki bn chaganyn ahlagyndan terbiyelap bashlamaly. Ahlagyny gowy guysan adam bn yaryshmazam adamdan bilyanini gaygyrmazam
Yusup
14 апр 2023, 08:26
Gerceknazar,

nakyly yalnysh aytdyn "Jelepde akyl Eshekde shekil bolmaz"
DonMaxx
14 апр 2023, 09:45
berekella Perman sonky wagt tersine men sen fanadyn bolup baryan birhili )))
ssaparay
14 апр 2023, 10:09
Gerceknazar,
Aýalda akyl bolmaz diýiýän zady birinji sapar eşidýän. Akylsyz aýallaryň ogullary bolmak nähili duýgy?
Smile
14 апр 2023, 14:25
1000 gezek bravo!!! ???
Alpengold
14 апр 2023, 20:17
Semirän goşmok➕️
Gerceknazar
14 апр 2023, 21:04
Seksopotolog..........
Gerceknazar,

nakyly yalnysh aytdyn "Jelepde akyl Eshekde shekil bolmaz"

Ýalňyş aýtmadym "Eşekde şekil,aýalda akyl bolmaz" diýlen nakyl bar.
Gerceknazar
14 апр 2023, 21:07
ssaparay
Gerceknazar,
Aýalda akyl bolmaz diýiýän zady birinji sapar eşidýän. Akylsyz aýallaryň ogullary bolmak nähili duýgy?

Sen birinji gezek eştmeýän bolmagyň mümkin ýöne şeýle nakyl bar.