SERROZ

Bagyr serrozynyň iň möhüm sebäpleri, hroniki wirusly gepatit ýa­da toksik
gepatit, alkogol garaşlylygy ýa­da hroniki ýürek ýa­da böwrek ýetmezçiligidir.
Ýöne käbir serroz wakalarynda, hassanyň hekaýasynda bulardan hiç birine duş
gelinmeýär. Şu wakalarda sebäp, sintetiki iýmitler we nahardan soňra miwe ýa-
da süýji zat iýip dörän hroniki siňdirmezlik bolup durýar. («Biri­birine ters
gelýän iýmitler», «Garym­gatym nahar» we «Goşundy maddalary»
bölümlerine serediň!)
Bagyr serrozy haýsy sebäbe bagly bolsa bolsun, ösüş möhleti üýtgemeýär.
Bagyr öýjüklerine zyýan beren islendik bir täsir sebäpli öýjükleriň ýerini
birleşdiriji dokumalar alar. Birleşdiriji dokumalaryň emele gelmegi gan
aýlanyşygynyň bozulmasyna, gan aýlanyşygynyň bozulmasy dowamly
zäherlenmä we iriňlemäge, dowamly zäherlenme we iriňleme bolsa, immunitet
ulgamynyň peselmegine ýol açar. Aşa köpelen görnüşdäki birleşdiriji
dokumanyň, daş töwerekdäki öýjükleri we damarlary gysmagy esasynda
bagyrda gan aýlanşygy we kislorod ýetmezçiligi artar. Keseliň ösmegine
baglylykda soňky tapgyrda bagyr ulalyp ýa­da kiçelip biler.
Serrozyň gowulaşmagy örän kyn bolmagy bilen bilelikde, netijesi, hassanyň
ýaşyna we keseliň tapgyryna bagly bolup durýar.
Maslahatlar:
•40 günüň dowamynda Dawut aleýhis selamyň orazasy tutular:
Bir gün 3-6 sagat aç galynar, ertesi irden 250 gr greýpfurt suwy (ýa­da 3
limon suwy+200 gr suw) + 50 gr zenjebil suwy (ýa­da 1 çaý çemçesi poroşok
görnüşindäki zenjebil) + 1 orta çemçe bal garyndysy, yzyndan 1 kofe çemçesi
çörek otunyň ýagy içiler. Ajyganda miwe we gök­önüm suwunyň
garyndylaryndan islendik mukdarda owurtlap içiler, öýle­-ikindi arasy miwe,
aýratyn hem injir, üzüm ýa­da Trabzon hurmasy, ikindi­-agşam arasy zenjebil
ýa­da guş burun çaýy içiler we işdä-açar iýiler. Işdä-açar ysmanak, semzek,
hindiba, petruşka, gury sogan, gök otlar, kädi, käşir, gyzyl şugundyr, seldereý,
sarymsak garyp ediler, 1 çorba çemçesi sarymsakly zeýtun ýagy we bol limon
suwy goşular. Ýatmazdan ozal 30 gr sarymsakly zeýtun ýagy + 30 gr limon
suwy garyndysy içiler. Başga hiç hili zat iýilmeli däl we ertesi gün gaýtadan aç
galynar.
Miwe we gök­önüm suwlary:
•Almanyň suwy + suw garyndysy;
•Greýfurt suwy + suw garyndysy;
•Limon suwy + suw garyndysy;
•Käşir suwy + gyzyl şugundyr suwy + suw garyndysy;
•Şugundyr suwy + semzek suwy + suw garyndysy;
•Gyzyl şugundyr suwy + ysmanak suwy + suw garyndysy;
•Käşir suwy + alma suwy + suw garyndysy;
Alma, greýpfurt we limon suwuna 1 orta çemçe bal goşmak bolar.
Agyz beklemäge parallel görnüşde gan aldyrylar. («Gan aldyrmak» bölümine
serediň!)
40 gün soňra 3 günlük açlyk we yzyndan bagyry arassalamak işi amala
aşyrylar. («Bagyry arassalamak» 3­gün bölümine serediň!)
Bagyr arassalanandan soňra:
•Duşenbe we penşenbe günleri, 3-6 sagatlyk agyz beklemäge dowam ediler.
•Hepdede 2 gezek ýeňil nahar iýmek bolar. Ýag hökmünde naharlara we
işdäaçara sarymsakly zeýtun ýagy ulanylar.
Agyz bekleme arasynda nusgalyk iýmitlenme programmasy:
• Sagat 07:00: 250 gr greýpfurt suwy (ýa­da 3 limon suwy + 200 gr suw) + 50 gr
zenjebil suwy (ýa­da 1 çaý çemçesi poroşok zenjebil) + 1 orta çemçesi bal
garyndysy, yzyndan 1 kofe çemçe çörek oty ýagy ýuwaş­ýuwaş owurtlap içiler.
•Sagat 09:00: 250 gr guşburun siroby içiler.
•Sagat 11:00: 100 gr käşir suwy + 100 gr alma suwy + 30­-50 gr täze zenjebil
suwy + 50 gr suw owurtlap, ýuwdum­ýuwdum içiler.
•Sagat 13:00: 150 gr käşiriň suwy + 50 gr gyzyl şugundyr suwy + 50 gr suw
içiler.
•Sagat 15:00: 1 orta çemçe bal +1 çaý çemçesi mum ýuwudylar, suw ýa­da
zenjebil çaýy içiler.
•Sagat 15:30: zeýtun ýagy we çörek otuna batyrylyp, injir ýa­da hurma,
narpyz bilen iýiler.
•Sagat 18:00: käşir, gyzyl şugundyr, sarymsak, sogan, semzek, ysmanak, gök
ot we limon suwy bilen işdäaçar ediler. Onuň üstüne 1 çorba çemçesi
sarymsakly zeýtun ýagy guýular. Çöregiň ýerine bir gysym badam bilen 3
sany ajy badam iýiler. Hepdede 2 gezek işdäaçar bilen birlikde, gök önümli
nahar, et ýa­da balyk iýmek bolar. («Et» bölümine serediň!)
Işdä açylýança nämedir bir zat iýmek we içmek saglyga zyýan ýetirýändir.
Iýmek üçin işdäniň açylmagyna garaşmaklyk zerurdyr.
Bir wagtyna iýilen nahar ýa­da suwuklyk mukdary 250 gramdan köp bolmaly
däldir. Şu örän möhüm bir kada bolup, ony ömürboýy ýerine ýetirmek
zerurdyr.
1 aý soňra bagyry arassalamak işi gaýtalanar. Bagryň arassalanmagyndan
bir hepde soňra duzy arassalamak, ondan soňky hepdede bolsa, böwregi
arassalamak, olardan soňky hepde bolsa, gany arassalamak işi amala aşyrylar.
4 лайков 291 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.