Appendisit.
(ýa-da köriçege)
Köriçegäniň gurçuk şekilli ösüntgisi bolan appendiksiň çişmesi ýa-da iriňlemesi. Appendisit agyr ýa-da hroniki görnüşde bolýar. Agyr appendisitiň tutgaýy duýdansyz başlanýar. Munuň ilkinji alamaty agyry bolup, ol ilki göbegiň töwereginde ýa-da tutuş garynda başlap, soňra sag böwre tarap syrygýar. Keselliniň pulsy çaltlaşýar, diliniň üsti gurak bolýar, ýüregi bulanýar, käte gusýar, sag bykyny dartylýar, el degirseň agyrýar. Agyr appendisitiň diagnozy anyklanandan soň, syrkaw gyssagly operasiýa edilýär. Agyr appendisitiň beterleşmeginiň netijesinde güýçli möwjeýän peritonit, infiltrat keselleri, garyn boşlugynyň dürli ýerlerinde döreýän iriňleme, wena gan damarlarynda tromb
we ş. m. döräp biler. Hroniki appendisitde syrkawyň gasygynyň sag gapdaly, göbeginiň töweregi agyrýar we sanjylaýar, köplenç içi gataýar. Şeýle ýagdaýda lukmana ýüz tutup, keseliň sebäbini anyklamak gerek.
Makalany ýazan: Ç.Baýryýew
Çeşme: Türkmen Sowet Ensiklopediýasy, Tom 1, sah.176

7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.