Meni diňe öz halym bilen goýmaweri...
Maňa näme bolýar? Men näme edýärin?
Allahym,meni şeýle uly söýgi bilen ýaradypsyň, käte göterip gezmek agyr düşýär, kösenýärin... Bu maňa jezamydyr, hiç kimi erbet görüp bilemok, bu maňa serpaýmydyr, «duşmanym» diýen söz ýok sözlügimde!
Anyk bilýärin, bedenimden hem agyr howa men! Agyrdan agyr söýgi men! Bu tenden daşary çykmadym... Çyksam, hanasyndan daşyp giden deňze öwrülerin. Atsyz-sorsuz ýitip gitmerin, çünki meni ýaradan Sensiň!
Ýaratmak bilen, nähili bolmagymy isländigiň maňa mälim däl. Emma gowy bolmagymy, Saňa we Seniň ýaradan hemme zadyňa mähir-mylakatly bolmagymy islänligiň, elbetde,anyk. Allahym, käte Saňa garanyňda, ýaradan zatlaryňa bolan mähir-muhabbetimiň has artyp barýanlygyny duýup galýaryn...
Şeýle wagtlarda meni ýazgarmaweri,
Ýa Rebbim! Ýöne ýalbaryp soraýaryn, meni diňe öz halym bilen goýmaweri!

9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.