SEKIZ ZAT

Akyldarlaryň birinden: «Wajyp we has wajyp, täsin we has täsin,
agyr we has agyr, ýakyn we has ýakyn zatlar näme?» diýip sorapdyrlar. Akyldar olara şeýle jogap beripdir: «Ýazygyňa dessine ökünmek we toba etmek wajyp, emma ýaramaz işlerden, oňlanylmaýan
hereketlerden gaça durmak, çetleşmek has wajyp. Wagtyň juda çalt
geçýändigi täsin, ýöne ynsanyň muňa asla ähmiýet bermeýändigi,
gapyl galýandygy has täsin. Kynçylykly günlerde sabyr etmek agyr,
emma ondan gazanjak sogabyňy zeýrenç arkaly ýele gidermek,
ýitirmek has agyr. Umyt edýän her bir zadyň ýakyn, emma, duýup
bilýän adam üçin, olara eltýän ynam olardan-da has ýakyn».
2 лайков 111 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gozel
25 ноя 2021, 23:12
? gaty manyly. Yetireniñe minnetdar.