Kapitalizmiň nogsanlygy
Kapitalistik jemgyýetde şahsy mülk–mukaddes we eldegrilmesizdir.Onda her kim öz zähmeti arkaly eýe bolan ýa-da ata-babalaryndan miras galan mülke doly eýeçilik edýär.Islese ondan netijeli peýdalanýar,islemese–ýakyp goýberýär.
Şahsy mülkden netijeli peýdalanmagy saýlanlar,öz mülkleri esasynda goşmaça girdeýji gazanýarlar-bu goşmaça mülke, ýene köpräk mülk satyn alyp bolýar.Emma goşmaça mülk hemişe bar bolan baýlyklary netijeli ulanmak arkaly eýelenmeýär:kä-te, goşmaça mülk zorluk,mekirlik,kezzaplyk ýa-da korrupsiýa arkaly ele salynýar.
Beýle şertlerde hemişe mülkdar synpy emele gelýär:jemgyýetiň umumy zähmeti netijesinde döredilen goşmaça baýlyklaryň uly bölegi, şu mülk eýeleriniň jübüsine baryp düşýär.Mülkdarlar synpy öz mülkinden peýdalanyp,ykdysadyýet arkaly emele gelen baýlylaryň uly paýyny özlerine alýarlar,bu olaryň mülkini(soňunda olaryň ykdysady we syýasy häkimýetini)ýene-de berkidýär.
Kapitalizmdäki iň möhüm şert hökmünde görülýän bäsdeşlik hem bu pelsepe garşydaşlary tarapyndan berk tankyt edilýär.Ideal kapitalistik jemgyýetde, hemme biri-biri bilen açyk we halal bäsleşik edýär:kiçi biznes hem,uly korporatsiýa hem kanun öňünde deň derejede durýar.
Emma hakykatda beýle däldigi hemmä mälim zat.Uly mülkdar öz güýjinden (syýasy we ykdysady) peýdalanyp,öz ýoluna päsgelçilik döredýän islendik görnüşli kiçi biznesi ýok edýär.Kapitalistik jemgyýetiň jöwheri hökmünde görülýän açyk we sagdyn bäsleşik real durmuşda öz netijeliligini bermeýär
Emma kapitalizme garşy bildirilen iň berk tankyt—beýle jemgyýetde azçylyk, köpçüligiň hasabyna baý ýaşaýar.Beýle jemgyýetde hiç hili mülke eýe bolmaýan ýa-da kiçi mülk eýesi bolan adamlar uly mülk eýeleriniň elinde işçi hökmünde işlemäge mejbur.Mülkdarlar synpy köpräk mülke eýe boldugyça,işçiler synpy köpelip,garyplaşyp baryberýärler.Muňa ABŞ jemgyýeti aýdyň mysal:ýurt ilatynyň 1%-ni düzýän iň baý mülkdarlaryň elinde jemlenen baýlyk,ilatyň iň garyp 50%-niň eýelik edýän mülkinden köpdir.
Girdeýjileriň beýle derejede deň paýlanmazlygy uzak möhletleýin elhenç netijelere alyp barýar.Millionlap adamlar, ýagdaýy ýeterlik bolmaýanlygy sebäpli bilim almak,sagdyn ýaşamak we öz potensialyny doly açmak mümkinçiliklerinden mahrum bolýarlar.
Bulardan başga-da,kapitalizm çökgünlikler,täze bazar ýa-da resurslaryň üstünde uruşlar alyp barmak,planetanyň resurslaryny ýok etmegi ýaly nogsanlyklara eýe.Emma içgin pikir edilse,bularyň ählisi kapitalistik pelsepäniň içki gapma-garşylygynyň netijesi däl.Belki,kapitalistik jemgyýetleriň ezýet çekýän köp meseleleri, adamzadyň nebsi we açgözlüginiň sebäbiden hem, kapitalizmiň tutuş jemgyýete getirip biljek ep-esli peýdalary ýok edilýär.