Marksizm näme?!

Marksizm—Karl Marksyň jemgyýetçilik,syýasy,ykdysady,pelsepe teoriýasy bolup,oňa görä,bütin adamzadyň ösüşi synpy(jemgyýetçilik synplar bu işçiler,telekeçiler,harbylar,daýhanlar,hünärmentler we ş.m) göreşlerinden ybarat bolupdyr.Marksyň pikirine görä,kapitalistler we buržuaziýa wekilleri başgalary arzan hak ýerine işledýär we aňsat baýlyk toplaýar.Marks kapitalistler we işçileriň arasyndaky häkimiýet gatnaşyklary tebigy taýdan ekspluatatsiýa esaslanýandygyny we şertli ýagdaýda synpy gapma-garşylyklary emele getirjekdigi barada ýazýar.Ol bu göreş ahyrsoňy kommunistik öwrülişik bilen gutarjagy we bütin dünýäde işçiler synpynyň hökümrowanlyk etjekdigine ynanýandygyny aýdýar.Şunlukda,marksizmiň umumy ideologiýasy synpy göreşe,ýagny kapitalistler we işçileriň arasyndaky göreşe gönükdirilendi.

  Karl Marks we Fridrih Engelsiň ideýalary baýlyk we mülk umumy bolan(hususy däl)synpsyz jemgyýeti döretmäge gönükdirilen kommunizm teoriýasyna esas saldy.Marks taryhy teswirläp,gul eýeçiligi,feodal,buržua we komunistik gurluşlarlaryň aýratynlyklaryny açyp görkezdi.Onuň pikiriçe,kommunizm iki tapgyra bölünýär:sotsializm–kommunizmiň başlangyç bölegi,ikinjisi:kommunizm–ähli syýasy institutlar gutarnykly tamamlanan we umumy mülkçilige esaslanýan jemgyýet.

  Marksyň ideýalary tiz ýaýrady,çünki bu döwürde Ýewropa ýaraglanmakda bäsleşige girişipdi,ilat,esasan işçileriň aýlygy örän pesdi.Senagat monopollaryň(Rokfeller,Rotşild,Karnegi,Krupp) elinde bolup,hökümet olary goldaýardy. Monopollar bolsa işçilere az hak töleýärdi.Ine, şeýle ýagdaýda, Marksyň ideýalary müňläp tarapdarlara eýe boldy.Olardan biri Wladimir Lenindi.

  Emma Marks diri wagtynda kapitalistik gurluş heniz örän güýçlidi we şol sebäpden Marks özi arzuwlan rewolýusiýany görüp bilmedi.Karl Marks 1878-nji ýylda aradan çykdy.Onuň meşhurlygy ölüminden 40 ýyl geçip başlandy.

  1917-nji ýylda Russiýadaky oktýabr rewolýusiýasyndan soň Marks ideýalary esasynda täze sotsialistik jemgyýet gurmagy niýetine düwen Wladimir Lenin, ýurtda Karl Marksyň adyny şöhratlandyrmak kompaniýasyny başlady.Ol oktýabr rewolýusiýasyny Marksyň aýdyşy ýaly kommunistik rewolýutsiýadygyny aýtdy.SSSR-iň her bir ilatly punktlarynda Karl Marksyň adyna mekdepler,ýokary okuw jaýlary,kitaphanalar,jaý atlary we köçeler peýda boldy.Mekdep okuw kitaplarynda pelsepeçiniň "Kapital" eseri we Fridrih Engels bilen ýazyşmalary girizildi.

  SSSR Karl Marks we Fridrih Engelsiň hususy mülkçilik bolmaýan jemgyýetini gurmaga girişýär.Emma Lenin Marks ideýalaryndan tapawutly ýagdaýda rewolýusiýa işçilerden daşary daýhan we esgerleri hem goşýar we döwletde "Işçi,daýhan we esger birleşigi" geňeşlerini gurýar.Üsti-üstüne,sowetler Marks ideýalaryna senzura we repressiýa syýasatyny hem goşýarlar.

Karl Marksyň ideýalary reallykdan bütinleý uzakdy.Adamzada taryhdaky ilki durmuş sistemasynyň elementlerini getirmekçi bolan pelsepeçi,hususy mülkçilik ilki durmuş adamlarynyň siwilizasiýasynda möhüm rol oýnandygyny hasaba almady.Adamzadyň hususy mülksiz ýaşamagy mümkin däldi,bu zähmet netijeliliginiň pese düşmegine sebäp bolardy.Marksizm we kommunizm ornaşdyrylan hiç bir döwletde,ne SSSR,ne Hytaý we ne-de Kubada maliýe institutlary we hususy mülkçilik ýok bolup gitmedi.Tersine,bu döwletler hem ahyrsoňy  hususy mülkçilige ýol bermäge mejbur boldular.(meselem,Hytaý)

  Karl Marksyň sistemada öwrülişik,ýagny güýç bilen çalyşmak ideýasy, müňläp adamlaryň ölümine sebäp boldy.Diňe SSSR-iň özünde, marksizm ideýalaryny amala aşyrmak üçin feodal,buržua wekili,kapitalist hökmünde millionlap adamlar öldürildi.Jemgyýetiň iň esasy önüm öndürijisi bolan orta gatlak bütinleý diýen ýaly ýok edildi.Netijede, kommunistik SSSR hiç wagt kapitalistik döwletler bilen ykdysady deň bäsleşige girip bilmedi.Marksyň ykdysady teoriýasy sebäpli ýurduň harby güýji ýokary bolsada,maliýe tarapdan gowşaklygyna galdy.Hytaýda hem Mao Szedun başlyklaýyn kommunistler millionlap adamy ozal harby öwrülişik,soňra "medeni öwrülişik" şygary astynda ýok etdiler.

  Marksyň umumy zähmet ideýasy düýbinden netijesizdi.Meselem,SSSR-däki kolhoz işçileri umumy mülki hormatlamaýardylar we işe jogapkärçilikli çemeleşmeýärdiler.Mysal üçin,kolhoz traktorçysy öz tehnikasyny aýamak barada pikir etmeýärdi ,çünki onuň harajaty hem,peýdasy hem umumy kolhoz  hasabyna gönükdirilýärdi.Mundan daşary,wezipeli kişiler tarapyndan umumy mülkiň talanmagy hem köp duşýan ýagdaýdy.Işe bir adamyň jogapkär däldigi sebäpli, önüm öndürilişinde baş-başdaklyk ýüze çykdy.Netijede, kommunizm ykdysadyýeti ösdürmedi,belkem ony agyr ýagdaýa saldy.

  Karl Marks,Fridrih Engels we Wladimir Leniniň kommunizm baradaky ideýalary reallykdan uzakdygy bir eýýam subudyny tapdy.Kommunizmiň tug göterijisi we onuň bütin dünýä boýunça hemaýatçysy("Bütin dünýä proletarlary,birleşiň!") bolan döwlet-SSSR bir eýýam dargady.Hytaý heniz kommunistik ideýa eýe bolsa-da,ykdysadyýetde doly kapitalistik bazar kanunlaryna geçdi.Marksyň umumy mülke eýe jemgyýet ideýasy bary-ýogy utopik sotsalizmiň bir görnüşidi.

  Şunlukda,K.Marks we F.Engelsiň ideýalary adamzadyň bir asyrlyk göreşine sebäp boldy we soňunda özüniň puç ideýadygyny hemmelere görkezdi.Emma, bu idealogiýa sebäpli millionlap adamlar heläk boldy we köp sanly ýurtlar ykdysady ösüşden yza galdy.




 






 

0 лайков 4 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
12 ноя 2024, 14:25
Sosiologiýa dogry alypbarylanda kollektiwiňem, şahsyňam öz nemesi bolup nemesini etdirip neme bolanda soňy neme bolmazmydy... nordic nemeleri gowy öwrenmeli... Olar baradada nemerwk zat ýok
Dowsypat
Автор 12 ноя 2024, 14:42
Baribir hokumedin hayryna gitjek bolsa "maňa pohhy"diyip geziberyanda.Esasy aylyk yorap dursa boldy.Eger oz hayryna boʻlajak bolsa "Pohhy" edaymersin ony.
Dowsypat
Автор 12 ноя 2024, 14:50
SSSR dowrunde bir degisme:Bir dasary yurtly SSSRe gelipdirdir.Seretse iki sany isci islap yor.Bir cukur gazyp barya,biri sol cukukry gomup baryar diýýär.Yanky dasary yurtly gyzyklanyp,olaryn name isleyandigini sorapdyr.Olar jogap beripdir "Biz bu ýere nahal oturtmalydyk.Bugun nahal oturdyancymyz ise gelmedi"diyip.