Nebsiň 7 derejesi
Ynsany synamak üçin ýaradylan nebis musulman bolmadyklarda ammora,musulmanlarda lawomma we mulhima,kämillige ýetende mutmainna,Alladan razy bolanlygynda roziýa,Alla bendeden razy bolanda marziýa we sofiýa derejelerine beýgelýär.
Nebis–ynsana kämillige ýetmek üçin berilen serişde.Eger ynsana nebis berilmände,ynsan perişdeler ýaly bir derejede galardy.Onda beýgelmek ýa-da düşmek hadysasy bolmazdy.Şu sebäpden Allatagala "Zäriýät" süresiniň 56-njy aýatynda:
" Men jynlary we ynsanlary diňe Özüme ybadat etsinler diýip ýaratdym" diýýär.
Bu aýatda perişdeleriň we haýwanlaryň agzalmanlygy,olaryň synag edilmeýändigini aňladýar.
Indi bolsa nebisiň ýedi derejesini görüp çykalyň:
1.Nafsi ammora:Nebsi bu derejede bolan adam Haky inkär edýär,hemişe erbet işleri planlap gezýär.Nafsi ammora-kapyr we mynapyklaryň nebsidir.Ammora derejesi nebisiň garaňkylykdaky derejesidir.Bu nebis ähli ahlaksyzlyklarymyzyň çeşmesidir.Bu derejedäki adamlar Alladan we Jähennemiň odundan başga ähli zatdan gorkýarlar.Iň gorkýan we ýigrenýän zatlary ölümdir.Olaryň bar söýgüsi gara nebsi üçindir.
2.Nafsi lawomma:Puşman bolup wyždan azabyny çekýänleriň nebsi.Ol nur we garaňkylyk ýüzbe-ýüz bolan nebisdir.Nebsi bu ýagdaýda bolan kişileriň az bolsada, ahyrýetde hasap bermek gorkusy bar.Beýle adamlar kä musulmanyň,kä-te münküriň işini edip gezýärler.Nafsi lawomma- musulmanlaryň uly günälere baş goşýanlarynyň nebsidir.Bularda ölüm gorkusy köp bolup,hasap beriş gorkusy juda azdyr.
3.Nafsi mulhima:Nebsi bu derejede bolanlar salyh kişilerdir.Olar ölümden gorkýarlar,hasabyň agyrlygyndan beter gorkýarlar.Bular halala we harama biparh garamaýan kişilerdir.
4.Nafsi mutmainna:Kämillik derejesi bolup,bu derejede ynsan nebsiniň jylawyny eline alyp,ony köşeşdirip bilýär.
5.Nafsi roziýa:Wuslat(gowuşmak)derejesi bolup,nebis bu makamda roziýa adyny alýar.Bu derejede heniz Alla nebisden doly razy bolmaýar,diňe nebis Alladan razy bolýar.
6.Nafsi marziýa:Bu dereje köp sanly bendeleriň ýetip biljek iň uly derejesidir.Bu derejä ýeten adamlar diňe pygamberlik rutbasyna ýetip bilmeýärler.Bu kalpda ylahy nurlaryň bir görnüp,bir ýitirim bolup durýan nebsidir. Bu makamda nebis Alladan razy,Allatagala hem nebisden razy bolýar.
7.Nafsi komila ýa-da sofiýa:Bu nebis pygamberleriň we beýik ulamalaryň(keramatlylaryň)nebsi bolup,nebis bu derejede "sofiýa" adyny alýar.Bu mertebede bolan beýikleriň kalbynda ylahylygyň nury parlap durýar we hiç wagt sönmeýär.