Möwlananyň iň manyly sözleri

"Şem bolmak aňsat däldir, ýagtylyk saçmak üçin ilki ýanmak gerek.

Edepli edebinden dymar, edepsiz men dymdyrdym öýder.

Gar ýaly ýagyp ýer ýüzüzi gaplasaňam, günüň barlygy bilen ýok bolup gidersiň.

Bolmaz diýen nämäň bar bolsa bolar, düşmerin diýersiň düşersiň, ýalňyşmaryn diýersiň ýalňyşarsyň, öldim diýip durar, ýene-de ýaşarsyň.

Akyl bir guzy, nebis bir gurt, iman bolsa çopandyr. Iman güýçli bolmasa, nebis akyly iýer.

Kemçilik tapmak üçin seretme birine, tapmak üçin seretseň taparsyň, kemçiligi örtmegi kär edin özüňe. Ine şonda kemçiliksiz bolarsyň.

Bulutlar aglamasa gökler nädip güler?

Güli gülene ber, kalbyňy söýene ber, söýmek gowy zatdyr, gadyr bilene ber.

Adalat nämedir? Agaçlara suw bermek. Zulum nämedir? Tikenlere suw bermek.

Hemme zat wagtyna garaşar, ne gül wagtyndan öň açar, ne-de gün wagtyndan ir dogar. Garaş, seňki bolan saňa geljekdir.

Açgözlülik, gözüňe dakylan aýna ýalydyr. Ol gözler nirä seretse seretsin, özünden başgasyny görmez.

Edepli bolmak-edepsiziň edepsizligine kaýyl bolmakdyr"
4 лайков 175 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Sapar aga
07 май 2023, 00:27
Yene seyle beyleki alymlan sozleri bar bolsa yazyp paylasyp dur
noname
07 май 2023, 11:30
Yetirenine sag bol