Анонимно

Hemme zady bilip bolanok

-Köpçülik ýerde az bolýan. Sebäbi işimiň ýagdaýy şeýle. Ýöne baran ýerimde hemme zady belläp alýan. Şolardan birde-ýarymyny size aýydaýyn. Tankyt etmek maksady bilen däl ýada biriniň üstünden gülmekçi hem däl. Görenimi aýydýan. Gülmek we tankyt etmek siziň ygtyýaryňyzda. Mysal üçin, bir toýda şeýle ýagdaýy gördüm. Iýilmän galan palaw aşyny şol palaw bişen gazan ýygnap alyp, soňra bu agyzdan galan palawy indi gelenlere paýlap berenlerini gördüm. Agyzdan galan palawy iýmek medisinanyň talaplaryna dogry gelýärmi men muny bilmeýärin. Üstesine medeniýetimiz agyzdan galan palaw barada näme diýýär. Men bu barada hem bilmeýärin.

-Ýene bir toýda şeýle ýagdaýy gördüm.  Toý palawy çendenaşa köp bişirilendenmi ýada toýa gelen adam az bolany üçinmi ep-esli palaw nahary gazanda galdy iýilmän. Toý ahyrynda gazany doly gören toý eýesi hoňňurdanyp ýördi “meniň aşymyň haramy barmy näme üçin adamlar nahary zaýalap iýmediler” diýip. Iýilmedik bu nahary bir çukalaga eltip dökdüler. Bu ýagdaýa näme diýip bolar. Men oýladym belki bu nahary öýme-öý aýlanyp oba paýlamalydyr ýada mekdep okuwçylaryna eltip bermelidir. Mümkin çagalar bagyndaky çagalara bermelidiur. Ýöne hiç kimiň kellesine beýle etmek dogry gelmedi. Etli palaw meýdana döküldi. Adamlar hem soramady galan nahary öýüne alyp gitmäni. Ýöne meniň kelläme gelen zat eger şu galan nahary men özüm üçin sorasam maňa berermidi toý palawynyň eýesi. Eger çyksa ýok. Aslynda onuň palawynyň iýilmän galanynyň sebäbi onuň gysgançlygyndan bolmasyn. Nahary gysganyp bermedik bolmaly. Meniň şeýle oýlanmana hakym barmy? Men muny hem bilemak.

-Onsoň bir sadaka bardym. Sadaka jaýda eýýäm bir topar arkhorlar üýşüp otyr we olar orta naharyň gelerine we şol sanda öý eýesi arak berer diýen tama bilen otyrlar garaşyp.  Bu ýerde otyranyň iň ulusy eýýäm içgilidi. Özüni bilmän ýaňrap otyrdy. Men onuň aragy nirede içendigini bilmeýen sadaka berýän adam berdimi ýada öýünde içip geldimi. Men bu ýerden turyp gitdim. Soňra näme bolanyny bimeýärin.

-Ýene bir şeýle ýagdaý boldy. Sadakada otyrdyk. Onbäşden az bolmadyk adam bardy bir jaýda. Meýdandandan indiki adam biziň otyran jaýymyza gelip girdi. Ýaşy otyz bäş töweregi. Gara sakgally. Häli ýaş ýigit. Bu ýerde otyranlaryň esasy bölegi ondan uly ýaşlydy. Emma bu adamy görenleriň hemmesi ýerinden turyp bu adamy sylap “Pirde, pir” boluşdylar. Men bu adamyň pirmi ýada işanmy bilmeýärin. Megerem bu adamy birinji gezek görüşim. Adamlaryň ony näme üçin sylap ýerinden turyp kellesini aşak edip özlerini müýnli ýaly alyp baranlaryny men bilmeýerin. Emma men ýerimden turmadym hemmeler tursada. Otyran ýerimde bir elim berip salamlaşdym çünki onuň özi gelip maňa elini uzatdy.

Meniň oňa salam bermedigimiň sebäbi men onyň pirdigini bilmeýärin, ikinjiden pirler diýip kime aýdylaýr muny hem bilmeýärin. Gije bir wagt boldy. Ýadadym.

 

1 лайков 7 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Dowsypat
15 дек 2024, 21:29
Eger medisinan her bir aydan gepi dogry cykmaly bolsa,dunya ilatynyn den yary gyrylyp,yok bolup gitmeli.Dunyanin aglaba boleginin ilatynyn yasayys sertleri umuman medisinanyn talaplaryna dogry gelmeyar.Shonda-da adamlar yasap yor,ölenok.