Täze ýyl palawy (Ýumoreska)
Biz geçip barýan ýylyň iň soňky gününem doly,alty sagat okadyk.Okuwdan çykyp umumyýaşaýyş jaýyna gelip,Täze ýyly nähili garşylajakdygymyz barada maslahatlaşdyk.Otagdaş gyzlaryň ählisi-de, agşamlygy sagat 6-lara iýip,şondan soň şäheriň merkezi meýdançasyndaky baş Arçanyň ýanynda boljak sungat ussatlarynyň konsertine tomaşa etmeli diýen netijä geldiler.Ýöne agşamlyga nähili nahar taýýarlamalydygymyz barada hiç kim dillenmedi.Iş paýlaşykda nahar bişirýänçi özüm bolanym üçin:
-Täze ýyl Arçasyna gitmegiň işi aňsat,ýöne Täze ýyl agşamy üçin nähili nahar bişirmeli- diýen soragyma otagdaşlarymyň iň horjasy we iýermenjesi Aýsoltan:
-Dogrudanam,biz esasy meseläni ýatdan çykarypdyrys-ow!Biziň herimiz bir welaýatyň wekili.Herimiz obamyzdaky iň ýörgünli nahary bişiräýsek nädýär?- diýip sözüni soňlamanka men:
-Bä,Aýsoltanyň işdäsi bu gün hemişekilerindenem açyk.Onuň ýaly bolsa menem enemden öwrenen usulym bilen bir üýtgeşik palaw bişireýin,galanlarynam özüňiz görüberiň - diýdim.
Gyzlaryň hiç biriniň nahar bişiresi gelmeýän bolarly.Hersi bir bahana tapdy. Daşoguzly Sapargülüň bahanasy has esasly boldy:
- Men saňa düşündim,Aýsoltan.Seniň barmaklaryň arasyndan akdyryp,häk, gaýmaga süzülen ýumurtgaly börek iýesiň gelýändir.Ýöne onuň üçin Marynyň goýuja gaýmagy bilen Akdepäniň öý towugynyň ketekden ýaňy alnan,ýylysy sowamadyk ýumurtgasy gerek ahyry.Olaram-a bizde ýok.Bazardan aljak ýumurtgamyzy tagamyna geler ýaly saryýag gatypçyk çalsam,börek bişirip hem siziň öňüňizde goýsam,Oguljennetem ondan ýagyny ýalapjyk iýse...
- Waý,goý,gyz,bişirip öňüme goýmankaň ýüregim bulanýar.Bilip dursuňyz-a meniň ýagdaýymy - diýip,ýaňy aş saýlap başlan otagdaşymyz akja elleri bilen agzyny bek tutup,atylyp otagdan çykdy.
Aýsoltanyň herimize bir tagam bişirtjeg-ä çynydy.
- Onda ýumurtgaly böregi iýip bolan bolsak,Gülälek ol günki Tejenden iberilen göläň etinden manty bişiriläýende-de iýilmän durulmaz - diýip sözüni soňlamanka Gülälek:
- Waý,bulary,men manty bişirilýän gazany gelnejeme geçen dynç güni eltip berdim-ä! - diýdi.Aýsoltanyň manty iýjegi çyny bolansoň:
- A gyz,Gülälek,biz taba mantam bolsa iýeris - diýip agzyny ýygmanka,ol:
- Wah,men taba manty bişirsem,olam öte ýagly bolsa,onam Oguljennet barmagynyň arasyndan ýagyny akdyryp iýse-de... Soňam...
Öňem ýüzüni ak tam edip,ýaňy otaga girip,krowata gyşaran Oguljennet eline baş ujunda duran el süpürgijini alyp,otagdan ylgap çykyp gitdi.
Gördüm-bakdym-a,otagdakylaryň içinde menden başga nahar bişirjegi ýok.Soň men haýdan-haý palaw bişirmegiň ugruna çykdym.Öňlügimi dakyp,gerekli zatlarymy alyp,ikinji gatdaky aşhana düşdüm-de,Täze ýyl palawynyň ugruna çykdym.Oňa oba baranymda,enemiň berip göýberen palawa atylýan gowy huruşlaryndan hemem mellegimize atamyň eken kiçijik,ýöne örän ajy hytaý burçunyň birjigini atyp,tüwiniňem suwuny aldyryp,palawy buguna goýdum. Şondan soň otagymyza gaýdyp geldim-de, çaý demläp,saçak ýazdym.Giňden ýazylan saçagymyzyň üstüne bar bolan işdäaçarlarymyzy bezäp goýdum-da, gyzlara:
- Boluň-eý,gyzlar,indi kitabyňyzy goýuň-da,dişiňizi çarhlaberiň,nahary getirjek, sagadam bäş boldy,soň owadanlanmalydyrysam-a - diýip,gazany getirmäge gitdim.Aşhana barsam,gazan ýok."Aý,gyzlaryň biri oýun edýändir,ine getirer" diýip,ep-esli garaşdym.Ýöne gazan getiren bolmady.Soň otaga baryp,gyzlara bolan ýagdaýy aýtsam,gyzlaryň birem ynanmady.Muňa hemmeden beter Aýsoltan gynandy.
-Wah,kim alanam bolsa palawy,pirini kädä gabaryn - diýip,eli kepgirli,açyk otaglara birin-birin aýlandy.
- Duruň bakaly,meniň ys alşym Pökgi Waladanam beterdir - diýip paňkarsa-da, palawdan uç tapmady.
Men bu ýagdaýa güljegimide, gynanjagymy-da bilmedim.Şeýdip, palawymyzdan ät galyp,çaýymyzy içip,merkezi meýdança tarap gitdik.Ol ýerde Täze ýyly getiren Aýazbabany garşylap,aýdym-saz,şadyýanlyk bilen wagtyň nähili geçeninem bilmän,giçagşam umumyýaşaýyş jaýyna dolandyk.
Gelsek,gapynyň agzynda synpdaş oglanlaryň ikisi dur.
- Biz Amanlaryň otagynda Täze ýyly garşylamagy dowam etdirýäs,ýörüň sizem - diýip,bizi alyp gitdiler.Aman dagy iki oglan bolup ýaşaýardylar.Otag aňrybaş arassady.Ortanyň saçagy uludan ýazylypdyr.Onda Türkmenistanda ýetişdirilýän naz-nygmatlaryň ählisi bardy. Biziň Oguljennetimiz-ä,sen-men ýok,ortada kesilip goýlan gawuna ýapyşdy.Saçagyň üstünde üýşürilip goýlan işdäaçarlardan biraz iýlensoň Aman iki mejimäni dolduryp, burk urýan palawy getirip orta goýdy-da:
Alyň,gyzlar,biziň Täze ýyl palawymyzdanam iýiň - diýdi.
-Aman,palaw siziňkem bolsa,gyzylja burçy-ha atamyň melleginden - diýdim.Birbada her kim bir-biriniň ýüzüne baksa-da,soňra gürrüňiň näme hakda barýanyna hemmeler düşündi.Muny her kim tüýs ýerine düşen Täze ýyl degişmesi hökmünde kabul edip,keýpiçaglyk bilen ýylgyrdy.
Akbibi Ýusubowa.

8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.