Türkmene ýaran ogul / Atabaýew diýenini etdirýär

K.M. 1921-nji ýylda Türküstan Respublikasynyň düzümindäki Zakaspiý oblasty Türkmen oblastyna öwrülýär, özem Atabaýewiň Türküstan Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy wagtynda döreýär. Şu ideýany öňe sürenem, ony amala aşyranam Atabaýew.
1921-nji ýylyň ýanwarynda Horezm Halk Respublikasynda, Porsy şäherçesinde, häzirki Boldumsaz etrabynyň merkezi, Horezm türkmenleriniň birinji gurultaýy çagyrylýar. Gurultaýa 33 adam delegat saýlanylýar. Şol otuz üçüň içinde iň garybynyňam on-on bäş hyzmatkäri bardy. Şujagaz ýerini aýdyp, taryhçylarymyz iş edinip, bu nähili halkyň gurultaýy bolýarmyş, bu baýlaryň, hanlaryň gurultaýy boldy diýip ýazyp ýörenler kän boldy. Olarsyz ýygnak çagyrmak şol mahal mümkin däl-ä! Tire serdarlary, saýlama adamlar bolmalydy. Şol gurultaýda on iki adamdan ybarat ýerine ýetiriji býuro döredildi. Oblast ýerine ýetiriji komitetine başlyk edilip Mollaoraz Hojamämmedow, onuň orunbasary diýlip Nurmuhammet Babaýew saýlanyldy. 1921-nji ýylyň maý aýynyň ýigrimisinde Horezm Halk Respublikasynyň ikinji gurultaýy boldy, şonda-da birinji türkmen bölümi döredildi. Ýene Atabaýewiň gatnaşmagy bilen. Bölümi döretdi, oblast möçberinde hukukly etdi, gaýdyp Atabaýew ol ýere barmady, Daşkende gitdi, sebäbi Atabaýew başga respublikanyň hökümetiniň başlygy ahyry. Türküstan Respublikasynyň Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy.
Bölümiň düzgünnamasam işlenip düzüldi welin, huku¬gy çäkli boldy. Başlygy Mollaoraz Hojamämmedow soňky gurultaýda hem-ä Türkmen ýerine ýetiriji býurosynyň başlyklygynda galdy, hemem Horezm Respublikasynyň Daşary işler ministri edilip bellendi.
Emma ol bir hepde işläp-işlemänkä, Leniniň adyndan iberilen Iosif Byk diýlen adam ilçi bolup gelýär. Ol özbek milletçileriniň täsirine düşýär. Goçmämmediň başyna düşen ahwalatyň öz başyndan inmeginden howatyr eden Mollaoraz Bykyň ýanyna barýar, dalda isleýär. Maňa hossarlyk etmeseň bular meni alyp ýatarlar diýýär. Nurmuhammet Ba¬baýew ýagdaýyň erbetdigini bada-bat aňýar, mundan mydar bolmaz diýip, eňýär Jüneýidiň ýanyna! Şol dokumentem tapylýar. Şonuň esasynda-da Gaýyp Nepesow dagy Nurmuhammet Babaýewi ömürlik garaladylar. Babaýew 1920-nji ýylda Leniniň ýanyna giden delegasiýanyň agzasy bolsa-da, Lenini ilkinji gören türkmenleriň biri bolsa-da, onuň gaýdyp ady tu¬tulmady, hiç bir taryhçy golaýyna barmady. Indi Mollaorazyň bolşy bar. Geň zat bolýar. Taryh paradokslardan ybarat.
Biraz wagt geçenden soň Mollaoraz gije ata atlanýar-da, niredesiň Gubadag diýýär-de gidiberýär. Gubadagda-da Nurjan ahunyň ýanyna barýar. Onuň öýünde bir gije bolan-dan soň, ahunyň maslahaty bilen Jüneýdiň ýanyna ugraýar. Jüneýit hanyň huzuryna ýykylýar, men şu güne çenli saňa garşy göreşip geldim, etmiş etdim, ýalňyşdym, bagyşlasaňam, näme etseňem, men seniň eliňde diýýär. Jüneýit han ony kabul edýär.
Mollaoraz ”meni gizleseň, meniň adymy bermeseň” diýýär. Bu ýerde bir mekirligem edilýär. Jüneýit onuň gelenini ýaşyryn saklaýar. Soňunda, wakany biraz öňe süýşürip aýtsam, 1924-nji ýylda, ýanwarda, Horezmde uly waka bolýar. Özbekler gozgalaň edýär, başda duranlar özbekler, täze häkimiýete garşy baş göterýärler. Özbekleriň arasynda türk¬menlerem bar. Agajan işan, Abdyrahman magsym dagylaram Dörtgülden gelip goşulýarlar. Emma bulara baş gerek, Jüneýit han gerek. Jüneýdiň ýanyna çagyryş bilen adam iberýärler. Şonda Jüneýit han bütin Horezmiň halkyna ýüzlenip hat ýazýar, şol hatyň awtory Mollaoraz. Bilimli adam. Indi Mollaorazly gürrüňi goýaly, onuň taryhy şahsdygyny inkär edip bolmaz.
Bir fakty nygtamaly boljak. Atabaýewiň tagallasy bilen döredilen Oblast ýerine ýetiriji býurosy işlemedi, ýatyp galdy.
Atabaýewi duşmanlarynyň eline bermediler, halas et¬diler, Moskwa çagyrdylar diýdik. Şol mahal Narkomnas bardy, ýagny, Milletler boýunça Halk Komissarlygy bolýar, başlygam Stalindi. Şol komissarlykda Gündogarda agitasiýa alyp barmak üçin ýörite bölüm açýarlar. Men bilmedim, Ata¬baýew üçin açdylarmy, garaz, şol bölüme Atabaýewi başlyk edýärler. Şonda biraz işledi. Uzak wagt geçmänkä-de, 1923-nji ýylyň tomsunda, iýun-iýul aýlarynda Atabaýewi Buhara Respublikasyna iberýärler.
Buharada milletçilik ösýär, milli mesele gaty bulaşýar. Faýzylla Hojaýew atly adam Buhara Halk Komissarlar Sowetiniň başlygydy. Buhara ýerine ýetiriji komitetiniň başlygam Abdykadyr Muhiddinow. Bularyň arasyn¬da çaknyşyk başlanýar. Biri täjikleriň, biri-de özbekleriň tarapynda. Täjik bilen özbegiň arasyndaky çaknyşyk çensiz uly. “Iki at depişer, arasynda eşek öler” diýen ýaly, olar çaknyşanda, arada türkmenler gaty heläk bolýarlar. Türkmen diýemde, territoriýa taýdan alsak, häzirki Dänewden, Gabaklydan başlap, Gyzylaýaga çenli bolan aralyk Buhara degişlidi. Partiýa tarapdanam, hökümet tarapdanam alanyňda, türkmenlerden Buharanyň hökümetinde wekil ýokdy. Atabaýew hem-ä türkmenlerden wekil bolsun, hemem milli gapma-garşylykda belentlik görkezip, adamlary ýola salsyn diýen maksat bilen uly ynam edilip, Buhara iberildi. Dogrusy, Atabaýewi Buhara meselesini çözsün diýip iberdiler. Bu 1923-nji ýylyň tomsunyň gürrüňi.
Atabaýew gelşine uly mesele goýýar. Atabaýewiň belen¬tligi şunda görünýär. Türkmene belentlik eden ýeri şundan başlanýar. Buhara Halk Respublikasynyň düzüminde Türk-men oblastyny döretmeli diýýär. Onam ýöne bir Türkmen oblasty diýip goýanok, Türkmen Awtonom oblasty etmeli diýýär. Onuň ustawyny (düzgünnamasyny) ýazýar, aýratyn döwlet edýär goýaýýar. Buhara Respublikasynyň içinde respublika diýen ýaly bir subýekti döretmegi Atabaýew başarýar. Atabaýewiň ilkinji türkmen döwletini döreden ýeri Türkmenistan däl, Buharada. Buhara Respublikasynyň düzü¬minde döredip bildi! Döretdi-de, onuň düzgünlerinem özi ýazdy, öz eli bilen ýazdy. Ol konstitusiýa diýen ýaly bir zat.
T.J. Üç ýerde türkmen oblastyny döredip, özbaşdak respublika bolmaga taýýar edip goýaýan ekeni…
K.M. Edil özi! Zakaspiň adyny üýtgetdi. Horezmde Türkmen oblastyny döretdi. Buhara gelibem Türkmen Aw¬tonom oblastyny döretdi. Entek Türkmenistan Respublikasy döremänkä türkmen döwletleri döreýär! Biri Türküstan Sowet Sosialistik Respublikasynyň, beýlekisi Horezm Halk Sowet Respublikasynyň, üçünjisi Buhara Halk Sowet Respub¬likasynyň düzüminde döredi. Şulary döretmegiň ýa başynda, ýa-da gapdalynda Gaýgysyz Atabaýew dur.
T.J. Başynda diýseň, has jaý boljak.
K.M. Başynda! Atabaýewsiz bular döremezdi. Täjigiňki, gazagyňky, özbegiňki, gyrgyzyňky döränok. Üçüsinde-de türkmeniňki döreýär! Üçüsinde-de Gaýgysyz Serdarowiç Atabaýew bar. Biz şu ýerde ägirt uly meseläniň üstünden bardyk, 70 ýylyň dowamynda sowet ideologiýasynyň agalyk süren döwründe agzap bolmadyk meseläniň üstünden bardyk.
Mälim bolşy ýaly, Orta Aziýada milli bölünişigiň amala aşmagynda, milli respublikalaryň döremeginde esasy inisiatiwa Lenine degişli diýlip gelindi. Onuňam diýilýäniniň sebäplerini giňeldip oturman, bir mysal bilen aýtjak bolaýyn. 1920-nji ýylda Türküstany etnos taýdan özbeklere, gazaklara, türkmenlere, gyrgyzlara bölmeli diýip, Leniniň görkezmesi bar. Emma şu görkezmäni çişirip, muny milli bölünişige dahylly edilip gelindi. Hakykatda Leniniň göz öňünde tutany Türküstan Awtonom Respublikasy. Bu meselede Leniniň Buhara bilenem, Horezm bilenem işi ýok. 1920-nji ýylda Sowetleriň 8-nji gurultaýynda Lenin ýaňyja dörän Buhara Halk Respublikasyny Azerbaýjan Respublikasy, Ermenistan Respublikasy bilen deň goýýar, hatda Buharany birinji edip alýar. Diýmek, Buharany goldaýar, aýratyn respublika, aýratyn döwlet hökmünde goldaýar. Şondan bir-iki aý ozal, sentýabryň on üçünde, Leniniň görkezmesi bilen Horezm Respublikasy bilen RSFSR-iň arasynda soýuzdaşlyk şertnamasy baglaşylýar, deňhukuklylyk, birek-biregi goldamak, başga-da şertler göz öňünde tutulan. Diýmek, Lenin resmi taýdan Horezmem yglan edýär, Buhara-da dowam edip dur. Üstesine, 1921-nji ýylyň aprelinde Lenin öz goly bilen Horezm Respublikasyna Iosif Byk diýen adamy resmi derejede ilçi edip iberýär. Ol ýerde-de Horezm Respublikasynyň özbaşdaklygynyň ykrar edilýändigini nygtamak bilen, soýuzdaşlyk aragatnaşygynyň goýulýandygyny nygtaýar. Diýmek, Lenin üçin Horezm aýratyn dur, Buhara-da aýratyn dur, iki sany aýratyn döwlet dur. Lenin özüçe örän akylly hereket edýär, gaty ägä bolup hereket edýär, sebäbi Gündogar döwletleriniň arasynda Lenin öňki döwletleri ýykdy diýen at almaly däl, ol döwletleri saklady diýen at almaly. Şol halatda-da Horezmem, Buhara-da partiýa ýolbaşçylygynyň ugurlary boýunça Moskwa garaşly. Lenine geregem şol. Indi Türküstany nätmeli? Horezm bilen Buharany goşaňda-da, şondan uly Türküstan dur, özem Awtonom Respublika. Muny nätmeli? Şu sowaly göz öňünde tutubam, Lenin ýokarda aýdylan görkezmäni berýär.
Muny bolsa taryhçylar, syýasatçylar, hemmämiz biri¬gip, başgarak düşündirip geldik. Şu düşündirişe men ömür ynanmadym, ýöne ynanmasamam, men ol mahallar ynanamok diýip aýdyp biljek däldim, ynanmaýanymy ynandyry¬bam biljek däldim, meni goldajagam ýokdy. Näme-de bolsa, saklanmalydym. Meniň şu ýerde aýtjak bolýan zadym, ýene Atabaýewe gelmeli. Lenin bir tarapda, Atabaýew ikinji tarapda. Lenin Orta Aziýany az-kem özgerdibräk öz bolşunda saklajak, Atabaýewe bolsa, Türkmenistan gerek! Atabaýewe türkmeniň döwletini döretmek gerek! Atabaýewiň biynjalyk bolýan ýeri şü! Atabaýewiň jany-teni bilen çözmeli meselesi bar, bu hakda öňden pikir edip gelýär: türkmeni türkmen et¬meli, türkmene döwlet bermeli, ony tabynlykdan dyndarmaly. Belent şahs hökmünde, belent türkmen hökmünde, türkmeniň ägirt wekili hökmünde oňa ynjalyk bermeýän mesele şundan ybaratdy. Indi ol Leniniň syýasatyndan, umuman, Oktýabr rewolýusiýasynyň netijesinden peýdalanmakçy. Oktýabr rewolýusiýasy bolmadyk bolsa, Buhara emirinem, Hywa hanynam ýykyp boljak däldi. Şol iki respublika döredilmedik bolsa, olaryň düzüminde türkmen oblastlaryny döredip boljak däldi. Ine, şu amatly pursatlardan peýdalanyp, indi baş niýetini amal etmekçi bolýar. Atabaýewiň men Lenine garşy diýip çykyş etjek gümany ýok, beýtse ony goldajagam ýok. Nähili hereket etmeli? Leniniň syýasatyndan daş düşmän, Sta¬line, Trotskidir beýlekilere daýanyp, hemmesi bilen dil tapyp, Ordžonikidze, Rudzutak, Broýda dagynyň hem ynamyndan peýdalanyp, Türkmenistany özbaşdak döwlet etmeli! Ine, şu meselede-de Atabaýewiň oýlap tapan bir göçümi bar, haýran galmaly zat! Diňe Atabaýew ýaly belentleriň başarjak göçümi!
1923-nji ýylyň tomsunda Buhara Halk Respublikasynyň bäşinji sessiýasynda karar etdirýär: Orta Aziýada milli bölünişigi amal etmeli! Ilki bu karary goldamaýanlaram tapylýar, emma yz ýanyndan milli bölünişigiň territoriýa taýdan komissiýasyny düzdürýär. Şol komissiýany döretmäge Atabaýew diýseň tagalla edýär, özem oňa agza bolup girýär, belli bir wagtda onuň başlygam bolýar. Buharada gezip ýören Atabaýew Çärjewiň üsti bilen Daşkende çykyp, şu meseleleri çözdürýär-de, ýene Orta Aziýa möçberindäki wajyp ýolbaşça öwrülýär duruberýär. Territoriýa meselesi boýunça komissiýanyň agzasy hökmünde Daşkende işe geçýär. Yz ýanyndanam Orta Aziýa býurosynyň agzasy bolýar. Tanyş-bilşi kän, dostlary kän, dilewar, edenli, diýenini etdirip bilýän, taýýarlykly adam.
1924-nji ýylyň başynda Horezm Respublikasynda gozgalaň turýar, söwet häkimetinine garşy gozgalaň. Gozgalaň ýatyrylandan soň, Horezmde sowetleriň häkimligini berkitmek işleri bilen bagly ýörite topar iberilýär, şol toparyň içinde Atabaýewem bar. Fewral aýy Atabaýew Horezmde, Hywada, Ürgençde, Daşhowuzda ýygnaklar geçirýär. Atabaýew her gün diýen ýaly çykyş edýär.
Mart aýynyň 13-inde Horezm kompartiýasynyň ýerine ýetiriji býurosy geçýär, giňişleýin maslahat edilýär. On meselä garalýar. On meseläniň üçüsi boýunça Atabaýew gepleýär. Üç mesele boýunça doklad edenem, kararyny ýazanam Atabaýew. Atabaýew aprel aýynyň on ikisinde türkmenleriň ikinji gurultaýyny çagyrýar. Ýöne dokumentde muňa-da birinji gurultaý diýilýär, hakykatda, birinji gurultaý öň bolupdy, ol hakda aýdypdym. Bu gurultaýam Porsuda geçýär. Türkmen oblasty döredilende onuň merkezi Porsy galasy diýlipdi, emma munuň bolmajak ýerini Atabaýew hemmeden öňürti aňypdy. Şu ýerde bir meseläni orta atdy, muny orta atmak üçinem Atabaýew bolmalydy. Türkmen oblastynyň merkezi Daşhowuz bolmaly, başga şäher bolup bilmez diýip, diýseň kesgin aýtdy. Oňa garşy çykanlar: o nähili Daşhowuz bolmalymyşyn, Daşhowuzda ýeke türkmen ýok, durşuna özbekler diýdiler. Indi Atabaýewiň jogap berşine seret! Bir zada üns beriň diýýär, şäherleriň degişliligi olarda ýaşaýanlaryň kimligi bilen däl-de, ykdysady, syýasy, medeni tarapdan kimiň merkezidigi bilen kesgitlenilýär diýýär. Daşhowuz şäherinde aglaba özbekleriň ýaşaýandygyny menem bilýän, hakyky zat, ýöne Daşhowzy hemme zat bilen üpjün edýän türkmenler, raýonlary, türkmen raýonlaryny derwaýys harytlar bilen üpjün edýänem Daşhowuz şäheri diýýär. Jedeliň dowam edendigine garamazdan, Türkmenistan Respublikasynyň döredilmeginiň öň ýanynda, sentýabr aýynda Daşhowuz şäheri Türkmen oblastynyň merkezi bolmaly diýlip, Atabaýew tarapyndan öňe sürlen teklip kabul edildi. Şeýlelik bilen Atabaýew türkmen oblastyny Daşhowuz oblasty diýip atlandyrýar. Şuny etmek üçin, şuňa akyl ýetirmek üçin, meseläni teoriýa hem durmuşylyk taýdan çözmek üçin Atabaýew bolmaly, şonuň ýaly belent bolmaly.
Şu ýerde biraz yza gaýdaly. 12-nji aprelde türkmenleriň gurultaýy boldy, şonda-da türkmen oblasty döredilýär diýip yglan edilipdi, ol Horezm oblastynyň düzüminde döredilipdi diýdik. 1923-nji ýylda Bütinhorezm gurultaýynda Horezm Respublikasyna SSSR-iň düzümine girmäge-de mümkin¬çilik döräpdi, ýöne Staliniň başga maksady bar, entek ony goşanok. Ine, şu ýerde Atabaýewiň tapýan oýnuna seret! Biz Horezm Sowet Respublikasynyň bolmagyna garşy däl, onuň saklanmagyna-da biz garşy däl, ýöne türkmenleri Horezm Respublikasynyň düzüminden aýyrmaly, sebäbi Türkmenistan Respublikasy döredilýär, olary şoňa goşmaly diýýär. Ýene dawa turýar: ol nähili bolar, türkmen oblastyny aýyrsaň, onda Horezm Respublikasy nähili ýaşar, içini böwsüp aldygyň bolýar diýýärler. Atabaýew bu dawada-da üstün çykýar, ýeňýär! 1924-nji ýylyň 2-nji iýunynda Staliniň ýolbaşçylygynda RKBP-niň syýasy býurosynyň ýörite maslahaty bolýar, Staliniň ýolbaşçylygynda. Şonda býuronyň karary ýazylýar: Horezm Respublikasynyň wekilleriniň respublikany saklamak hakyndaky teklibi bilen ylalaşmaly. Düzüminden Türkmen oblastyny çykarmak bilen Horezm Sowet Respublikasyny saklamaly.
Görüň, Atabaýew iki meseläni birden çözdi.
T.J. Juda inçe işleýär ekeni.
K.M. Akylyňy haýran edýär! Hem-ä olary goldaýar, hemem Stalini goldaýar, hemem öz etjegini edýär. Şu zatlary edip, Atabaýew özünden hoş bolup, bir zat diýenmiş. Elbetde, onuň bu sözi dokumentlerde ýok, gürrüňlerde aýdylýar. Aýtakowa aýdanmyş: “Bolandyr! Bolandyr, galanynam görübereris!” diýipdir. Etjegini etdi, Daşhowzam alyndy.
T.J. Indi Çärjew bar.
K.M. Entek howlukmaly, biraz şu ýerde duraly. Ata¬baýewiň bagtyna şu ýerde uly bir waka ýüze çykýar. Horezm Respublikasyna özbeklerden eýe ýok. Şol mahal Horezm kompartiýasynyň birinji sekretary gazak ýigidi, Galandar Odinaýew diýýärler. Onuň düýpli bir ylmy ýok, özem girrik, dargursak adam. Ol bir görseň-ä Horezmi saklajak, bir görseňem, milli duýgusyna eýerip, Gazagystana gitjek. Horezmi durşy bilen Gazagystana berip bilenok.
Şonda Odinaýewiň bitiren bir hyzmaty bar, Garagalpak Awtonom oblastyny döredýärler, ýöne ony Gazak Awtonom Respublikasyna degişli edip döredýärler. Ýogsa, Özbegistan SSR-i döredilipdi, şoňa goşaýmaly ýaly-da, edenoklar. Aral deňziniň boýlary, Gaplaňgyr diýen giň meýdan Garagalpagystanyň hasabyna geçýär. Soň Horezm Respublikasyny Özbegistana goşmaly diýlip karar çykarýarlar, respublikadan diňe birje oblast galypdyr. Giň bölegini öň Atabaýew aldy, soň Garagalpak oblasty gitdi. Men muny näme üçin aýdýan? Şu ýagdaý bölünişikde wezipedäki şahslaryň nähili uly rol oýnap bilýändiklerini görkezýän fakt. Şol mahal Horezmiň öz içinden taryhy rol oýnap biläýjek şahs çykmady. Bir tarapdan alanyňda, Horezm Respublikasy talaňa, alan-aldylyga düşdi. Şeýlelik bilen Türkmen oblasty TSSR-iň düzümine girdi, Atabaýewiň tagallasy bilen Daşhowuz şäheri oblast merkezi boldy. Ýogsa, Daşhowuz şäheriniň meselesi birnäçe gezek Orta Aziýa býurosynyň maslahatyna salynýar. Özbekler bermejek bolýarlar. Atabaýew meseläni şeýle goýýar: Daşhowzuň bir gapdalyna çyksaň Tagta, ilersine çyksaň Garaporsaň diýen türkmen obasy, beýlesine gitseň Ýylanly, ondan geçseň Akdepe, Akdepeden aňyrda Köneürgenç, bu gapdalyna süýşäýseň Boldumsaz, Gubadag... ol ýerlerem tutuş türkmenler. Olaryň ortasyndan bir şäheri özbeklere berip bolmaz-a!
Çärjew oblasty, häzirki Lebap atlandyrylýan welaýat, uly dawalara duçar bolandyr. Şol mahal Gabaklydan aňyrdaky territoriýa Horezm Respublikasyna girýärdi. Atabaýewiň tagallasy, gaýraty bilen Buhara Respublikasynyň düzüminde Türkmen Awtonom oblasty döredildi diýdik. Indiki mesele şol oblasty nädip Türkmenistana geçirmelidigi hakda barýar…
Atabaýew kelle döwýär. Ol 1924-nji ýylda territoriýa bölünişigi boýunça döredilen komissiýanyň başlygynyň orun¬basary. Şol mahal Çärjew şäherini özbeklere bermeli diýen mesele çykýar. Öň Daşhowuz şäheri babatda getirilen delili bu ýerde-de öňe sürýärler. Çärjew şäheriniň esasy ilaty özbekler. Çärjew belli ýer, uly ýollaryň çatrygynda oturan şäher. Indi bu şäheri nädip almaly? Şu meselede Atabaýewiň görkezen paýhasyna haýran galyp ýörün. Atabaýew garaşylmadyk teklibi orta atýar: Çärjew şäheri täze döreýän Türkmenistan Respublikasynyň merkezi bolmaly! Hökman ol paýtagt bolaýmaly, sebäbi paýtagt suwsuz ýerde bolup bilmez, Çärjew derýanyň kenarynda otyr. Aşgabat bolup bilmez, suw ýok.
Muňa Sähetmyradow garşy çykýar. Territoriýa boýunça komissiýanyň agzalygyna Sähetmyradowam girýär. Mille¬ti rus hem bolsa, Paskuskiý hem girýär. Aýtakow wezipesine görä hökman giräýmeli, Türk SIK-iň başlygy. Türküstan Awtonom Sowet Sosialistik Respublikasynyň Merkezi Ýerine Ýetiriji Komitetiniň başlygy Nedirbaý Aýtakowdy. Aýtakowyň şular ýaly belent wezipelere bellenmeginde Atabaýewiň tagallasy örän uly bolan. Nedirbaý bilen Gaýgysyz pikirdeş. Aýtakow Atabaýewiň diýenine gulak asar, Sähetmyradow Atabaýewe garşy. Türkmeni türkmen bilen çaknyşdyrýarlar, bir gapdalda-da Paskutskiý dur. 1923-nji ýylda Orta Aziýa Ykdysady Soweti döredilýär, başlygy Paskutskiý, özem aşgabatly. Halmyrat Sähetmyradowyň Paskutskiý bilen gepi alyşýar. Ikisi Atabaýewiň garşysyna çykýarlar.
T.J. Diýmek, türkmeniň bähbidi orta atylanda türkmen türkmene garşy?
K.M. Meseläniň gyzykly ýerem şunda. Atabaýew Çärjew hakynda mesele goýandan soň, onuň ady üýtgedilýär. Leniniň öleniniň yz ýanynda. Oňa Leninsk-Türkmensk diýip, at berilýär, Atabaýewiň teklibi boýunça edilýär. Türkmençe aýtsaň, Lenin-Türkmen şäheri bolýar dälmi?
T.J. Syýasat üçin edilen oýun bolmaly.
K.M. Atabaýewiň ýörite edip ýören oýny. Sähetmyradow bilen Paskutskiý Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat bolmaly diýýärler. Şeýlelik bilen türkmene dahylly adamlar komissiýada ikä bölünýärler. Faýzylla Hojaýewiň, Abdykadyr Muhiddinowyň, Ykramowyň garşy bolýandyklarynyň üstesine iki sany türkmenistanlam garşy. Aşgabady, şol mahal oňa Poltaratskiý diýýärdiler, paýtagt etmek Atabaýewiň öz göwnünde-de bar, ýöne onuň maksady bahana bilen Çärjewi almak, özbeklere bermezlik. Mesele örän ula gidýär. Daşhowuzly meselede getirilen delili bu ýerde getirip bolanok, Çärjewiň golaý-goltumynda türkmen juda az. Köne Çärjew, Kaganowiç diýildi, özbekler. Beýlekisinde Boýnuzyn, aňry geçseň Dänew, ondan aňyrda Gabakly, hemmesinde özbekler ýaşaýar. Ol mahal olaryň ady özbek däl, tat, “sart” sözüniň ýoýulyp aýdylyşy. Tat diýdirmän, Atabaýew bularyň köpüsine türkmen diýip ýazdyrýar. Bir maşgalada özbek diýip ýazdyrýanam, türkmen diýip ýazdyrýanam bar. Indi Çärjewiň Amyderýanyň gyrasynda ýerleşýändiginden nähili peýda gazanyp bolar. Edil derýanyň kenarynda duran şäher paýtagt boljak bolsa, aňry kenaram şonuňky bolmaly bolar diýip, Atabaýew ýene bir teklibi öňe sürýär. Şeýdip, Faraby goparyp alýar. Uly dawa-jenjelden soň Çärjewi goparyp alýar. Oblastyň adynam Çärjew şäheriniň täze ady – Leninsk-Turkmensk diýip özgertdirýär. Şeýdip, Türkmenistanyň döremegini, paýtagtynyň hem Çärjew bolmalydygyny karar etdirýär.
Emma, Türkmenistan respublikasy döredilenden soň, 1925-nji ýylyň fewralynda geçirilen ýygnakda, paýtagt Poltar¬atsk diýlende, Atabaýew sesinem çykaranok. Aljagyny aldy, mesele çözüldi, Çärjew, Farap Türkmenistanyň düzüminde! Indi siziňkem dogry diýýär-de, Atabaýew paýtagtyň Poltarask-Aşgabat bolmagy bilen ylalaşýar oturyberýär, özem respublikanyň başlygy bolýar.
Şu ýerde bir sorag ýüze çykýar, şol hakda heniz hiç ýerde ýazylmady. Menem aýtmadym, ýöne hakykatyň hatyrasyna aýtmaly. Näme üçin Atabaýew kompartiýanyň birinji sekretary bolmandyr? Lenin bolmandy. Lenin Halk Komissarlar Sowetiniň başlygydy. Hökümetiň hukugy kompartiýanyň Merkezi Komitetiniň hukugyndan has ýokarydy.
Şeýlelikde Atabaýew Türkmenistan Respublikasy döredilende birinji adam bolup orta çykýar, wezipesi boýunça. Soňam Stalin kem-kemden towlap alyp, Merkezi Komitetiň hukugyny köpeldende, Sähetmyradow dagy baş göteripdirler, Atabaýewe gysyş başlanýar. Bu meselede aýratynam Mežlauk, Sähetmyradow işeňňirlik görkezýärler.
4. Prezident Nyýazowyň ýanynda
K.M. Tirkiş, ikimiz örän peýdaly zadyň başyny başladyk, nesip bolsa, muny soňlarys, ýazarys, aýdarys.
Men özüm hakynda iki agyz söz aýtmakçy. Ondanam ozal, meniň bilen şu söhbedi seniň ýazýandygyň gowy zat. Eger men Kakajan Muhammetberdiýew diýlip il arasynda azda-kände tanalýan bolsam, dogrymy aýdaýyn, men Ata¬baýewe meňzejek boldum, şony özüme nusga edip aldym. Atabaýewiň öz eli bilen ýazan hatlaryny, ol hakda ýazylanlary okamak maňa miýesser etdi. Arhiw materiallaryny açmaga, tertibe salmaga, nomerlemäge arhiwçiler bilen bile menem gatnaşdym. Bu bir bagt! Muny şeýle nygtap aýdýanymyň sebäbi bar, soňra şol arhiwleri ýene ýapdylar, golaýyna hiç kimi eltmediler. Eltmediler diýenim bilen bagly soňky bolan fakty aýdaýyn.
1993-nji ýylyň ýanwarynda bizi Türkmenistanyň prezidenti Saparmyrat Ataýewiç Nyýazow kabul etdi. Taryhçy hökmünde dört adam bolup bardyk. Şol mahal magaryf ministri bolup işleýän Nursähet Baýramsähedow, Ylymlar Akademiýasynyň wise-prezidenti Myrat Annanepe¬sow. Olaryň wezipelerine görä çagyrylan bolmaklary-da ähtimal. Ýöne men soňra baran ýoldaşlarymyň käbiri ýaly: prezident bizi çagyrdy diýen ýaly magtanmak äheňinde gürlejegem bolmadym, telewideniýede çykyş etmäge çagyrsalar-da, şony agzamadym, menden başga-da gürrüň berýänler bar diýdim. Meni çagyranlarynyň sebäbini bir zatdan görýän. Ýigriminji asyryň taryhyny ýazýanlaryň arasynda meniň ornum bolaýmaly, oduň içinde boldum, gözli şaýat diýdim. Ylymda uly bir takyklama bar: iň uly, iň ygtybarly taryhy çeşme taryhyň öz içinde bolmak. Özüň taryh bolmaly. Bir sebäp bilen men taryhyň içinde boldum. Şu zerarlam 10-njy klaslar üçin taryhdan okuw kitabyny ýazmakçy boldum, ýöne maňa bir kömekçi gerekdi, orsça aýtsak, “çýornoraboçiý” gerek, onuň güýçli taryhçy bolmagy hökmanam däl. Özüm oňa görkezme berjek, meseläni täzeçe goýjak, buýurjak, döwürleri özümçe kesgitle¬jek. Maňa oturyp ýazyp bilýän kömekçi zerurdy, üstesine-de tiz ýazmaly diýip, Magaryf ministrligi gyssady. Men Ýazgylyç Orazgylyjow diýen adamy ýanyma aldym. Ol maňa kömekçi boldy, dogrusy, garalama ýazyjy boldy, şu sözüň aşagyny çyzyp, nygtap aýdýan, ýogsa olam soň käýerde gaýşarylyp, biz ýazdyk diýip başlapdyr. Men şular ýaly zady hiç halamadym, kükregine urany halamadym. Seniň kimdigiňi il görüp dur-a! Käbir zady gizläp bolýanam bolsa, bir zady ildenem, dostuňdanam, duşmanyňdanam gizläp bolanok: kim sen? Sen kim? Kimdigiňi hemişe ýüzüňe aýdanoklar, bu başga mesele. Şundan peýdalanyp ”men” diýýänlerem bar.
Duşuşyga dolanaly. Gürrüň başlananda Saparmyrat Ataýewiç ministr Nursähet Baýramsähedowa: men seni tanaýan diýdi, ikimiz bile işleşdik diýdi, ol hakda aýtjak sözüni aýtdy. Bir ýerinde menem goşulaýdym, öz häsiýetimiň hemme ýerini unabam duramok. Nury gowy ministr, işleşmek aňsat, ylyma düşünýän adam diýdim welin, Saparmyrat Ataýewiçem: menem oňa garşy däl, ýöne menem ony tanaýan diýdi. Şu hakda gürrüňiň geregi ýok diýen äheňi berdi dälmi? Ýagşy-ýaman başga zat diýmedi.
Soňra Myrat Annanepesowa ýüzlendi-de: ”Myrat, – diýdi, – hol-ha, seniň ýazan zadyň ýatyr, hol-ha, üýşmek bolup ýatyr, onuň ýazylyşy metodologiýa taýdan nädogry. Sen türkmeni nirelerden getirýäň? Türkmeniň dörän ýeri şu taýy, şu toprak! Biz türkmeni şu taýdan gözläris” diýdi.
Şu sözleri diýdi-de, kürsüsini maňa tarap öwürdi: ”Kaka¬jan, – diýdi, – men seni çagyrdym, men seniň bilen gepleşjek, maňa Türkmenistanyň taryhy hakynda takyk gürrüň gerek” diýdi.
Men: ”Saparmyrat Ataýewiç, siz biziň başymyza iňňän jogapkärli wezipäni atýarsyzyň, bize indi siziň goldawyňyz gerek” diýdim.
”Goldaw bolar – diýdi, – hakykaty ýazyň, bolşy ýaly ýazyň, şu döwri bolşy ýaly ýazyň” diýdi.
Onuň elinde meniň düzen programmam bardy, şoňa salgylanyp aýtdy. Şol programmada bir bap bar: Türkmenistan Respublikasynyň döreýşi. Gaýgysyz Atabaýew. Nyýa¬zow: ”Meniň şuňa düşünesim gelýär – diýdi. Men Atabaýew hakynda kän eşitdim, men şuny bilmekçi, öwrenmekçi – diýdi. Yzyndanam edil şunuň ýaly zat aýtdy... Häzir men şaýadym bolmasa, ömür aýdybilmejek zadymy aýtjak. Şeý diýdi: – Men Atabaýew hakynda gyzyklanýan materiallarymy aljak bolýan welin, alyp bilemok, biziň arhiwlerimizde-de ýok. Bir sebäp bilen Daşkende, Daşkentdenem Moskwa düşüpdir, haýsy arhiwlere gidenini bilemok. Men ahyry ýol tapman, Boris Nikolaýewiç Ýelsiniň özüne ýüz tutdum, maňa şonuň materialyny beriň diýdim, berip bilmedi” diýdi.
Şoňa-da berilmeýän bolmaga çemeli. ”Bir ýoly bardyr-da, ýöne saglyk bolsa, alaryn – diýdi. – Ynha, Atabaýew hakynda bizde ýekeje bir papka bar, şahsy arhiwi hakynda papka” diýdi.
Papkany okap başlady. Menem birden: ol dokumente belet diýdim, öteräk geçen bolmagymam ähtimal, ýöne Nyýazow syr bildirmedi. Ol papka şu ýerde ýeke-täk saklanýan dokument, 1927-nji ýylda düzülen, düzenem Atabaýewiň özi diýdim. Şonda Nyýazow ýüzüme seretdi-de, soň şol gürrüňi goýdy. Türkmenistanyň döremegine sebäp bolan sowet hökümeti, serhedini guran sowet hökümeti, dünýä kartasyna salan sowet hökümeti, konstitusiýa-da sowet hökümeti döwründe kabul edildi diýdim. Soňundan Saparmyrat Ataýewiçiň özem şu sözleri gaýtalady: Türkmenistan Respublikasy sowetler döwründe döredi, döwür hakynda näme diýsegem, biz bolan zady boýun almalydyrys, serhedem şol döwürde kesgitlenipdi diýdi.
Onuň şeý diýenine begendim. Meniňem taryhçy hökmünde azda-kände goşandymyň barlygyna begendim. Şu hakyky bolan gürrüň, men şaýatly gürleýän.
Soňra ýene bir zat goşdum. Hukuksyz döwlet boldy, ady boldy-da, özi bolmady, onuňam sebäpleri bar, Staliniň maksady başgady, alyp baran syýasaty başgady. Türkmenistany döredip, at berip, yzyndanam çäkli edip goýmalydy, obrazlaşdyryp aýtsak, derýa balyk goýberip, yzyndanam çeňňek atmalydy. Saňa döwlet berdik diýip, ol döwleti beýläk itmekdi, towlamakdy. Şolam edildi. Onuň başynda duran Ata-baýewmi, başga birimi, tapawudy ýok, onuň elinden geljek uly bir zat ýokdy diýdim.
Ýene bir aýdan zadym: Türkmenistan Respublikasynyň dörändigi örän amatly bolandyr, Saparmyrat Ataýewiç, siz Türkmenistanyň özbaşdaklygyny yglan etdiňiz, eger Türkmenistan öň Soýuz Respublika hökmünde döremedik bolsady, size kyn düşerdi. Birnäçe awtonom respublikalar alyp bilmediler, biziň utan ýerimiz Soýuz Respublika bolandygymyzda diýdim.
Şonda meniň ýeňsämde oturan, ýaňky kömekçim diýenim, Orazgylyç söz goşdy: “Tatarystan alyp bilmed-ä” diýdi.
Menem: “Ynha, meň belet ýerim, Garagalpagystan alyp bilmedi” diýemde, Nyýazow güldi.
Onsoň Nyýazow: Gaýgysyz Atabaýewi orta çykaryp, adynam ýokardan ýazypsyňyz diýdi. Ol elindäki meniň düzen programmama bellik hökmünde aýtdy.
Menem: her bir zat dörände başynda biri bolýar-a. Ynha, özbaşdak Türkmenistan döwleti döredi diýlen ýerde, nokatdan soň Saparmyrat Nyýazow diýip ýazdym ahyry diýdim. Ol-a dogry diýdi. Ýene Atabaýewe dolanyp: Atabaýew basmaçy diýip, türkmenleri kän gyrypdyr-a, maňa görkezdiler diýdi. Saparmyrat Ataýewiç, sizden haýyş edýän, siz bize arkadag bolmaly, kömek etmeli, şuny dogry ýazmaga ýol açmaly diýdim. Gaýgysyz Serdarowiç Atabaýewiň özi duşmany gyranok, syýasat gyrdy, sistema gyrdy diýdim. Şunuň bilen Atabaýew hakyndaky gürrüňem, Türkmenistanyň soňky özgerişi baradaky gürrüňem şu ýerde goýaly, häzir saglyk ýagdaýym dowam etmäge mümkinçilik berenok, uzak gürlemäge mejalym ýok...
Tirkiş Jumageldiýew we Kakajan Muhammetberdiýew
Çeşme: kitapçy.com

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.